HABAR.turkmen
121 subscribers
13 photos
340 links
Iň täze we möhüm habarlar! Самые актуальные новости! +420 773 797 383
Download Telegram
Mary. Giň ýaýran pagta ogurlygy täze 'belentliklere' çykýar

Türkmenistanda gurak gelen ýylda kynçylyk bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýygnalmaga başlanmagy bilen, sowet ýyllaryndan bäri adat bolan we soňky ýyllarda has güýçlenen pagta ogurlygy hem başlandy. Ýöne ozal pagta diňe döwlet harmanyna tabşyrylýan wagty, terezide ogurlanan bolsa, indi meýdandan hem ogurlanyp başlady. Maryda gowaça eken kärendeçiler kyn şertlerde ýetişdiren pagta hasyllarynyň potrat ýerlerinden ogurlanýandygyny aýdýarlar. Mundan öň MHM, ykdysady çökgünlik ýyllarynda güýçlenen ogurlyk zerarly, däneli ekinleri garawullamaly bolýardy.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe potratçynyň tassyklamagyna görä, daýhanlaryň ýygan pagtalary meýdandan ogurlanýar we häkimiýetler bu ogurlygy käte kärendeçileriň özlerinden görýärler.

Bu ýyl suw gaty gyt boldy, gowaça ekelimiz bäri, potrat ýerlerimizi ine-gana suwaryp bilmän kösendik, ýogsa bizden suw nasoslary üçin 50 manatdan pul hem aldylar. Dogry, döwüldi diýilýän nasoslar şondan soň işledi, ýöne olar gowaça eken daýhanlaryň potrat ýerlerine däl-de, hususy telekeçilik bilen meşgullanýan adamlaryň ekin meýdanlaryna suw çykardy diýip, daýhanlar aýdýar.

Aýdylmagyna görä, hususy telekeçiler başlyklar bilen gürleşip, öz ýerlerine ýorunja, mekgejöwen ekipdirler. Netijede, olar öz gerek suwlaryny alypdyrlar. Emma şu ýyla geçip, biziň potrat ýerlerimiz bir gezegem süýji suw içmedi, zeýkeşlerden, şor kanaldan alnan suw bilen suwarylan gowaçalar igli boldy, ýeterlik boý almady diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran maryly kärendeçi Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Bu ýagdaýy aýry-aýrylykda gürleşilen beýleki kärendeçiler hem tassyk etdi.

Nasos bilen sorduryp, zeýkeş suwuny berdiler, ýöne onam potrat ýerlerimiziň aňry başyna çenli suw çykýança bermediler, 'suw berdikmi-berdik' etdiler, gowaçamyz göýdük boldy, bir goza düwmedik ýerleri hem bar, gowaçanyň asla gögermedik ýeri hem kän, hasyl gaty az boldy diýip, habarçy bilen gürleşen kärendeçi aýtdy.

Bolanja pagtany adam tutup, her kilogramyna jübimizden 30 teňňe nagt pul töläp ýygdyrýarys, ýygylan pagtalary gowaça meýdanlaryndan daşaryk daşar ýaly hem adam tutýarys, soň ol pagtalary ulag tutup, öýümize daşaýarys, sebäbi her gün pagta bazasyna äkider ýaly pagta çykanok diýip, kärendeçi gürrüňini dowam etdirdi.

Öňki ýyllarda 3 gektar pagta meýdanyndan bir günde 2 tonna pagta ýygan bolsam, bu ýyl 4 gektar ýerimden bir günde 1 tonna hem däl, bolubilse 700-800 kilogram pagta alýaryn; pagta bazasy 3-4 tonna pagta bolmasa, ulag ibermegi kyn görýär ýa-da gelse, ýyl aýagynda uly möçberde pul tutýar.

"Teleşgeli traktory çagyrmasaňam pul tutýarlar, emma edil çagyraňdaky ýaly kän tutmaýarlar; pagta bazasyna eltip çekdireňde, terezide oýun baryny edip, elten pagtaň kilogramyny kemeldýärler, ondan daşary bolsa, her 1 tonna pagtadan, hapalygy, çyglygy üçin diýip, 300 kilogram kemeldýärler" diýip, kärendeçiler terezide edilýän adalatsyzlykdan ýylyň-ýylyna nägilelik bildirýärler, emma bu mesele ne hökümet mejlislerinde, ne-de döwlet eýeçiligindäki metbugatda agzalýar.

Bir hepde ýygylan pagtany işigime getirdip, soň pulum bolman, dört gün ýygylan pagtany meýdanda goýup, gijelerine üstünde ýatdym; emma bir gün ýuwunmaga gaýdyp, ertesi irden ýygymçylar bilen potrat ýerime barsam, dört gün ýygan pagtam ýok eken, ogurlanypdyr diýip, Baýramaly etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň ýaşaýjysy aýdýar.

Ýöne ol başlykdan kömek soramaga baranda bu ogurlygyň giň ýaýrandygyny, üstesine özüniň hem aýyplanyp biljegini bilipdir.

Baýramalynyň Çandybil, Azat geňeşliklerinde, Murgap etrabynyň Nurana (öňki Kirow), Ylham daýhan birleşiklerinde, Mary etrabynyň Gres, Azalow, Babadaýhan (öňki Kalinin) hojalyklarynda, Watan daýhan birleşiginiň Adalat geňeşliginde, Wekilbazar etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginde, Akgoňur daýhan birleşiginde... pagta ogurlandy, umuman, ähli etrapda bar, diňe seniň pagtaň ogurlanmady diýip, başlyk kärendeçä aýdýar we, bellisi ýok, pagtaňy özüň ogurlap, birine satan bolmagyň ýa gyşda mala bermek üçin bukan bolmagyň hem mümkin, ony entäk bileris diýýär.
Maglumat üçin aýdylsa, pagta ýygym möwsümlerinde terezide edilýän emeller we pagtaçynyň hasabyna toplanýan ummasyz uly serişdeler sowet döwründen bäri açyk syr bolup galýar. Sowet döwründe bu mesele çalarak derňelip başlan hem bolsa, garaşsyzlyk ýyllarynda doly başyna goýberildi ýa-da häkimiýetleriň öz gözegçiliginde çuňlaşdyryldy diýip, synçylar aýdýar.

Pagtanyň diňe pagta bazasynda däl, meýdanda, kärende ýerlerinde hem ogurlanyp başlanmagy bu ýyldaky pagta ýygymynyň esasy aýratynlygy boljaga meňzeýär.
Ahal nomerli awtoulaglar Aşgabatdan çykarylýar

Aşgabatda, paýtagta degişli bolmadyk belgili awtoulaglar üçin hereket çäklendirmeleri ýene-de güýçlendirildi. Bu gezek paýtagtyň polisiýasy Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili ulaglary tutýar. Polisiýa işgärleri gadagançylygyň sebäbini düşündirmeýär.

Döwlet ýol gözegçilik polisiýasy, Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili awtoulaglary köp saklaýar, ähli ýolagçylary düşürýär we sürüjileri şäherden çykmaga mejbur edýär.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Ahal nomerli ulagy saklan polisiýa işgärleri ulagda oturan ähli ýolagçylary geçip barýan taksileri saklap, olara mündürýär, saklanan ahally awtoulagy bolsa şäheri terk etmäge mejbur edýär. Şeýlelikde, şäher taksisine mündürlen adamlaryň ählisi bir ulagyň içinde şäheri aýlanyp, şol barmaly ýerine aşmaly bolýarlar we muny öz hasabyna töleýärler.

"Awtoulagda näçe adamyň bardygy we nirä barýandyklary hiç kim üçin möhüm däl, olaryň hemmesini bir takside ugradýarlar, soň bolsa olar şäheri aýlanýarlar we syýahaty üçin goşmaça töleg töleýärler" -diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Ahal nomerli awtoulaglaryň sürüjilerine bolsa, paýtagtda gatnamagyň olar üçin gadagan edilendigi barada aýdylýar we şäheri terk etmek talap edilýär. Şeýle-de, olara indiki gezek tutulan ýagdaýynda uly jerime salynjagy we awtoulag duralgasyna eltiljegi duýdurylýar.

Paýtagtyň ýol gözegçilik polisiýasynyň müdirliginde bu gadagançylygyň sebäplerini anyklap bolmady.

Azatlygyň anonim çeşmeleri bolsa, sebit belgileri bolan awtoulaglaryň paýtagtda gatnamagynyň gadagan edilmegini ýurduň 27-nji sentýabrda belleýän Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk bilen baglanyşdyrýar.

Geçen ýyllaryň tejribesinden, häkimiýetler döwlet baýramçylyklarynyň, uly sport ýaryşlarynyň ýa-da häkimiýetler üçin möhüm bolan beýleki çäreleriň öňüsyrasynda Aşgabada girmegi gadagan edýärler ýa-da çäklendirýärler. Çäklendirmeler hususy awtoulaglar we paýtagta degişli bolmadyk taksiler babatynda girizilýär. Her gezek täze çäklendirme girizilende taksileriň bahasy ýokarlanýar.

Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda sebit belgili awtoulaglaryň hereketine girizilen çäklendirme koronawirus keseliniň öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegine gabat geldi.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, Aşgabatda COVID-19 ýokaşan adamlaryň sanynyň ep-esli artmagy bilen birlikde gündelik ölüm derejesi 70 adamdan geçýär. Paýtagtyň keselhanalary hassalardan hyryn-dykyn.

Keseliň ýaýramagy sebitlerde-de möwjeýär. Birnäçe ýaşaýyş zolagy girip-çykmak üçin tutuş ýapyldy.

Soňky günlerde koronawirus keseliniň we ölüm derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagy baradaky habarlaryň arasynda tutuş ýurt boýunça keselhanalar, bazarlar, söwda merkezleri we hyzmat pudagy karantine ýapyldy.

Türkmenabat şäherinde karantin çäreleri güýçlendirilýär, ähli söwda merkezleri we hyzmat kärhanalary ýapylýar, diňe dermanhanalar we bir bazar açyklygyna galýar. Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen häkimiýetleri pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýekeje-de hadysasynyň tapylmandygyny öňe sürýärler.

Döwlet habar beriş serişdeleri ýurt boýunça girizilýän çäklendirmeler barada hiç bir habar bermediler. Ilat nobatdaky çäklendirmeler barada diňe ýüzbe-ýüz bolan halatynda bilip galýar.
COVID-19 hadysalary gürelýän mahaly, ýurduň ýokary synp okuwçylarynyň dynç alyşlary uzaldyldy

Türkmenistanda COVID-19 hadysalary ozal görlüp-eşidilmedik derejede gürelýän, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda sapaklar bölekleýin onlaýn tertibe geçirilen mahaly, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň dynç alyş möhleti uzaldyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabatdan, Mary, Lebap we Balkan welaýatlaryndan habar berýärler.

"Aşgabatda wirus bilen baglanyşykly ýagdaý gaty erbet. Hassahanalara wirus ýokuşan adamlar yzygiderli getirilýär. Her iki adamdan biri kesel diýsek hem bolar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly saglyk işgäri 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Paýtagtdaky beýleki bir habarçymyz wirusdan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň müdiriniň hem koronawirusdan ýogalandygyny habar berýär.

Çagalary bu mekdepde okaýan aşgabatly ene-atalaryň habarçymyza aýtmagyna görä, mundan birnäçe gün öň mekdebiň bilim resmileri müdir Systsowa Natalýa Konstantinownanyň we onuň ejesiniň koronawirus bilen keselläp, hassahana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

"Şu gün irden geçirilen lineýkada Natalýa Systsowanyň ölendigini yglan etdiler. Onuň şol bir mekdepde işleýän ejesi hassahananyň intensiw bejergi bölüminde bejergi alýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ene-atalaryň biri 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada agzalýan mekdepden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, Mary welaýatynda hem giňden ýaýraýan wirusdan 31-nji awgustda azyndan 60 adam öldi. Bu barada welaýatyň saglyk müdirligindäki çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

"Bu diňe resmi san bolup, olaryň saglyk depderçelerine pnewmaniýadan ýogalandygy ýazylýar. Wirusdan näçe adamyň ölýändigi anyk belli däl, sebäbi syrkawlaryň köpüsi öýlerinde bejergi alýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Beýleki bir maryly habarçymyz hassahanalarda özleriniň saglygyny barlatmak üçin nobata duran adamlaryň sanynyň örän köpdügini, keselhanalaryň koridorlaryndan geçer ýaly däldigini habar berýär.

"Adamlaryň iki metr aralygy saklamagyna mümkinçilik ýok. Adamlar şeýle kän welin, olar biri-birine örän ýakyn dur" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz wirus bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen, dermanhanalaryň öňünde uly nobatlaryň emele gelendigini, ýöne nobata duran adamlaryň köpüsinde dermanlary satyn almaga puluň ýokdugyny hem aýdýar.

"Adamlaryň köpüsi dermanhanalaryň eýelerine öz pasportlaryny goýup gitjekdiklerini aýdyp, olardan dermanlary karzyna bermegi soraýarlar. Dermanlar gymmat we tapdyrmaýar. Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän adamlar pulsuzlykdan we alaçsyzlykdan näme etjeklerini bilmeýärler. Käbir adamlar özlerine derman ýazylyp berlen kagyza seredip, göz ýaşlaryny saklap bilmeýärler" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz häkimiýetleriň indi hususy eýeçilikdäki azyk dükanlaryny we söwda nokatlaryny hem ýapyp başlandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, indi diňe döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlary işlemeli. Polisiýa işgärleri hususyýetçilere aýlanyp, olaryň ählisiniň dükanlaryny ýapdyrýar.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz hem, sebitde karantin çäreleriniň güýçlendirilendigini, polisiýa işgärleriniň köçelerde maskasyz raýatlary "awlaýandygyny" habar berýär. Maska geýmedik raýatlara 101 manat jerime salynýar.

Mundan başga-da, ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde azyk harytlaryny satýan dükanlardan başga, ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi, şol sanda barlar, kafeler we restoranlar ýapyldy.

Lebapdaky habarçymyz welaýatyň Farap etrabynda karantin çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlendirilendigini aýdýar. Ýatlatsak, 12-nji iýulda karantine alnan etrapda 26-njy awgustdan başlap çäklendirmeler gowşadylypdy.
"30-njy awgustda Farap-Türkmenabat köprüsini ýene ýapdylar. Farap şäherçesine geçmek üçin soňky 72 sagadyň dowamynda edilen testiň negatiw netijesini görkezmeli" diýip, ýagdaýdan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, sebitdäki ynamdar çeşmämiz Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Lebap welaýatdaky bölüminiň baş lukmanynyň tussag edilendigini habar berýär.

"Ol 27-nji awgustda derňew üçin Aşgabada alnyp gidildi. Onuň wirusyň ýaýramagyna garşy ýeterlik çäre görmändigi aýdylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 1-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan we onuň Lebapdaky edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçylarymyzyň tas ählisi ýurtda ilata döwlet tarapyndan urulýan waksina sanjymlarynyň hem ýetmezçilik edýändigini aýdýar. Ýöne olar käbir tölegli waksinalary bolsa, urduryp bolýandygyny belleýärler. Tölegli waksinalaryň her biri 600 manada barabar. Bu dollaryň resmi kursunda $170, gara bazaryň nyrhynda $17 deňdir.

Türkmenistanda wirus hadysalary görnetin gürelýän mahaly, 1-nji sentýabrda ýurtda täze okuw ýyly başlandy. Ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýan häkimiýetler şu ýyl ÝOJ-larda, orta hünär okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerde okuwlaryň nähili tertipde boljakdygyny resmi derejede yglan etmeýärler.

Ýöne Azatlygyň ýurduň dürli künjegindäki habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, ÝOJ-larda okuwlar onlaýn tertipde geçmeli edildi.

Orta mekdepleriň 1-6-njy synp okuwçylary mekdeplerde sapak geçip başladylar. Şol bir wagtda, 7-11-nji synp okuwçylaryň dynç alyş möhleti 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Adatça mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlary iýun aýynyň başyndan 1-nji sentýabra çenli dowam edýär.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, ýurduň orta hünär okuw mekdeplerinde hem sapaklara 1-nji oktýabrda başlamaly edildi.

"Häzir 1-nji oktýabrdan başlap orta mekdeplerde sapaklary onlaýn tertipde geçmek barada maslahat edilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly bilim işgäri aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, Internetiň tizligi boýunça dünýäde iň soňky orunlary eýeleýän we köp ýyllyklaryň dowamynda Interneti berk çäklendirip gelýän Türkmenistanyň bilim pudagyny onlaýn usula geçirmek mümkinçilikleri nämälimliginde galýar.

Ýatlatsak, geçen ýyl pandemiýa sebäpli Türkmenistana dolanan türkmen talyplarynyň ençemesi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde ýurtda Internetiň hiliniň juda pesligi sebäpli daşary ýurtlardaky okuwlaryny onlaýn dowam etdirmekde kynçylyk çekýändiklerini gürrüň beripdiler.

Bu habarlaryň arasynda, Marydaky we Lebapdaky habarçylarymyz wirusyň ýokuşmagyndan alada edýän ene-atalaryň köpüsiniň öz çagalaryny mekdebe we çagalar bagyna ibermek islemeýändigini habar berdiler.

"Mekdepleriň girelgelerinde antisanitariýa düzgünleri berk berjaý edilýär. Ähli okuwçylar ellerini dezinfeksiýa bilen arassalamaly. Olaryň ýüzünde hökman maska bolmaly. Her okuwçy aýratyn bir partada oturmaly. Sapaklar gysgaldylan tertipde geçirildi. Muňa garamazdan, 1-nji sentýabrda mekdeplere we çagalar baglaryna baran çagalaryň sany juda az boldy" diýip, maryly bir bilim işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Aşgabatda azyk paýlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlik emele geldi

Aşgabat şäherinde subsidirlenen azyk harytlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlikler ýüze çykdy. Paýtagtyň ençeme etrapçasynyň ýaşaýjylaryna awgustyň soňky ongünlüginde paýlanmaly azyk önümleri heniz-de eltilip berilmeýär. Häkimiýetler munuň sebäplerini düşündirmän, indi subsidirlenen azyk önümleriniň aýda bir gezek paýlanjakdygyny duýdurýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary “gizlemek” tagallalarynyň çäginde, maý aýynyň başyndan Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini hojalyklara eltip bermek işlerini ýola goýdy. Bu tagallalaryň çäginde soňky aýlarda ilata azyk önümleri bir aýda üç gezek - her 10 günde bir sapar - paýlanýardy.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň Parahat, şeýle-de 11-nji we 30-njy etrapçalarynyň ýaşaýjylary subsidirlenen önümleriň nobatdaky tapgyrynyň 30-31-nji awgustda getirilmegine garaşýardylar.

Ýöne bu çäre öz wagtynda amala aşyrylmansoň, ýaşaýjylaryň ençemesi özlerine degişli dükanlara jaň edip, munuň sebäpleri bilen gyzyklandylar.

Dükan resmileri subsidirlenen azyk önümleriniň näme sebäpden awgustyň üçünji ongünlüginde paýlanmandygyny düşündirmezden, indi bu harytlaryň aýda bir gezek eltilip beriljekdigini duýdurdylar.

"Biz azyk önümleriniň soňky gezek awgustyň 20-21-ne paýlanandygyny aýdyp, munuň sebäplerini soranymyzda, dükan resmileri özlerine iberilýän azygyň mukdarynyň azaldylýandygyny aýtdylar. Şeýle-de, olar "indi gowy bolan ýagdaýynda, size aýda bir gezek azyk paýlanar" diýdiler. Ýöne awgustyň soňky ongünlügine degişli azygyň näme üçin berilmeýändigine hiç hili jogap bermediler" diýip, efirde adynyň Maýsa diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol ýakynda ýaşaýjylaryň ençemesiniň üýşüp, köpçülikleýin arza ýazandygyny we ýurduň Adalat ministrligine barandygyny hem aýtdy. "Ýöne ýaşaýjylary bu ýerde kabul etmän, ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine iberdiler" diýip, ol belledi.

Bu aralykda, habarçymyz 1-nji awgustda giçlik paýtagtyň Gaudan etrapçasynyň ýaşaýjylaryna subsidirlenen azyk önümleriniň hatarynda berilýän towuk buduna derek bir sany kiçi towugyň paýlanandygyny habar berdi.

"Towugyň reňki göm-gök bolup, ony iýer ýaly däl eken" diýip, sebitiň ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak başartmady.

Bellesek, Türkmenistanda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler - towuk budy, ösümlik ýagy, şeker we ýumurtga - subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümler hususyýetçilerde iki-üç esse gymmat nyrhdan bahalanýar.

Türkmenistanda soňky dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Bu kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, hususy söwda nokatlaryndaky aşa gymmat bahalar köp maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar.

Munuň bilen bagly, döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary, käte olaryň arasynda ýakalaşyklar hem emele gelýär. Türkmen häkimiýetleri bu nobatlary ýaşyryp, ýakalaşyklaryň öňüni almak maksady bilen, maýyň başlarynda Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini hojalyklara eltip bermek işlerini ýola goýdy.

Şondan bäri Azatlygyň habarçylary öýlere haryt paýlamakdaky bökdençlikler, şol sanda olaryň kadasyz ýygylygy barada habar berdiler.

Häkimiýetler ilkibaşda hepdede bir gezek iýmit paýlanylmagyny ýola goýmaga synanyşdylar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar azyk önümleriniň kadasyz paýlanýandygyny, maý we iýun aýlarynyň dowamynda paýtagtyň köp etrabynda bary-ýogy iki gezek azyk paýlanandygyny aýdypdylar.

Bu aralykda, Aşgabat şäherinde subsidirlenen azyk harytlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlikleriň emele gelendigi barada turkmen.news neşiri hem habar berýär.
"Meniň maşgalama ösümlik ýagy diňe bir hepdä ýetýär. Indi aýda bir gezek paýlansa, nädip ýaşamaly?" diýip, garaşsyz neşir özüniň 2-nji awgustda çap eden maglumatynda aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerini sitirleýär.

Bellesek, ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan nobatdaky azyk ýeter-ýetmezçiligi Türkmenistanyň daşary döwletlere ynsanperwer kömegini iberýän mahalyna gabat geldi.

"2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr" diýlip, ýurduň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Mundan ozal, has takygy 13-nji awgustda Berdimuhamedow Türkiýä ynsanperwer kömegini ibermek baradaky karara gol çekipdi.
COVID-19. Ýogalýanlara tabyt ýetişmeýär, mekdep sapaklary bir aý yza süýşürilýär

Türkmenistanda COVID-19 keseliniň görlüp-eşidilmedik derejede ýaýramagy dowam edýär. Hökümet koronawirusyň ýaýramagyny inkär etmegini dowam etdirse-de, Türkmenistandaky orta mekdeplerde sapaklar azyndan bir aý yza süýşürildi we jaýlanyş hyzmatlaryny üpjün edýän kärhanalar jaýlanyş çärelerini hem tabyt önümçiligini üpjün etmäge ýetişmeýärler.

Türkmenistanyň paýtagtynda ölüm derejesiniň ep-esli ýokarlanmagy zerarly merhumlary jaýlamak hyzmatlary üpjün edýän kärhanalar gyssagly ýagdaýda işleýärler we merhumlary jaýlamak boýunça gyssagly alyp barýan işlerinde ýetişiksiz güne galýarlar.

"Günortandan öň biz ýedi tabyt taýýarlamaly. Howdan etrapçasynda hristian däplerine görä jaýlanmaly kowidden ölen 7 adam bar" -diýip, tabyt ýasaýan kärhananyň işgäri 2-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Bu wagt, 2-nji sentýabrda, Çoganly gonamçylygynda, Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň müdiriniň jaýlanmagy üçin mazar taýýarlandy. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, jaýlanyş çäresi 3-nji sentýabrda geçiriler.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda A.S. Puşkin adandaky rus-türkmen mekdebini direktory Ýelena Konstantinowna Sistsowanyň 1-nji sentýabrda aradan çykandygyny habar berdi. Ilçihananyň resmi habarynda onuň ölüminiň sebäbi görkezilmedi.

Aşgabatdaky rus-türkmen mekdebiniň okuwçylarynyň ene-atalarynyň Azatlyga aýtmagyna görä, birnäçe gün ozal mekdep direktory Ýelena Sistsowanyň we onuň bu mekdepde işlän ejesiniň koronawirus bilen keselhana ýerleşdirilendigi habar berlipdir. 1-nji sentýabrda onuň ölümi mekdep ýygnagynda yglan edilipdir. Müdiriň ejesi reanimasiýada galýar.

Bu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmelerine görä, 2-nji sentýabrda Aşgabadyň etegindäki Çoganly gonamçylygynda jemi 60 sany gubur gazylypdyr.

Merhumlary jaýlamak hyzmatlaryny üpjün edýän kärhanalaryň işgärleriniň sözlerine görä, gyssagly ýasalýan tabytlar henizem hemmeler üçin ýeterlik däl. Tabyt ýetmezçiliginden başga-da, maddy serişdesi bolmadyk adamlar plastik paketlerde jaýlanýar.

Merhumlary jaýlamak hyzmatlaryny üpjün edýän kärhanalarda işgärler ýörite eşiklerde, ýüzi gorag bilen örtülen, elleri ellikli tabyt ýasaýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

"Jaýlanyş hyzmatlary gullugynyň başlygy çykyp, işçilere tarap öwrüldi: 'ýigitler, dowam ediň, günortanlyk naharyndan öň 7 sany tabyt taýýarlamaly, ondan soň mümkin boldugyça has köpüsini ýasamaly. Morgda jesetler köp bolansoň, bu tabytlar diňe garyndaşlary tabytlary ýasatmaga tanyşlygy bolanlar üçindir. Merhumlaryň garyndaşlary bolmasa, olar plastik paketlerde jaýlanarlar' diýdi" diýip, kärhananyň işgäri gürrüň berdi.

"Tükrmenistanyň Hronikasy" neşirine görä, soňky günlerde jaýlanyş we ýas çäreleriniň sanynyň ep-esli artmagy bu maksatlar üçin kärendesine alynýan çadyrlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bir günde kärende tölegi 1400-den 1600 manata çenli ýokarlandy.

Dabaralar, toýlar we ýubileýler bu günlerde gadagan. Şeýle-de bolsa, çadyrlaryň eýeleri, tersine, hyzmatlara islegleriň azalmaýandygyny öňe sürýärler, diýip neşir belleýär.

"Türkmen.news" onlaýn neşiri bolsa, ýurtda tabytlaryň bahasynyň ýylyň dowamynda 1200-den 1500 manata çenli ýokarlandygyny we käbir maşgalalarda hatda iň ýönekeý jaýlanyş dabarasy üçin-de ýeterlik puluň ýokdugyny habar berdi.

Ýurduň hemme ýerinde koronawirus keseliniň ýaýramagy we ondan ölüm hadysalary köpeldi. Paýtagtdaky we sebitdäki hassahanalaryň köpüsi täze hassalary kabul edip bilmeýär. Köp hassalar öýde bejergi almaly bolýarlar.

Ýurtda koronawirus keseliniň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bolsa, karantin çäklendirmelerini girizmegi we berkitmegi dowam etdirýärler.
Berk maska režimini saklamaga berk gözegçilik edilýär. Gurluşyk materiallary, egin-eşik we awtoulag bazarlary, guş bazarlary, sanitar-tehniki we elektronika dükanlary, tikinçilik dükanlary, dellekhanalar we gözellik salonlary ýurduň köp ýerinde ýapylýar. Şeýle hem, awtoulag ýuwulýan ýerler, kafeler, naharhanalar we banket zallary ýapyk.

Ýurduň uniwersitetleri bölekleýin onlaýn okuw tertibine geçirildi. Orta mekdeplerde bilim wagtlaýynça togtadyldy.

2-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysy birinji synpdan bäşinji synpa çenli başlangyç klas okuwçylarynyň birnäçe şäher mekdebine ýygnanandygyny we 1-nji oktýabra çenli başlangyç synplarda okuwyň bolmajakdygynyň habar berlendigini aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, oba ýerlerinde häkimiýetler adamlaryň üýşmeginiň öňüni almak üçin wagyz edýärler. Wagyz-nesihat işlerine çekilýän ýaşulular ilat bilen duşuşyk geçirýärler we köpçülik bolup ýygnanmazlyga, ýas ýerlerine barmazlyga ündeýärler we adamlara ýygnamagyň "gadagandygyny" düşündirýärler.

Bu aralykda, Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Resmi dabaralar mynasybetli häkimiýetler öňküsi ýaly köpçüligi ýygnamak we ýörişleri guramak däbinden el çekmeýärler. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy bilen Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby parad geçiriler.
Baýramaly. Bazar çäklendirmelerine polisiýa eşikli we harby eşikli adamlar gözegçilik edýär

Türkmenistanda gürelýän COVID-19 hadysalarynyň arasynda ýapylan Baýramaly bazaryndaky çäklendirmelere polisiýa eşikli we harby eşikli adamlar gözegçilik edýär. Onsuzam ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän ýerli ilat, hususan-da bazar söwdagärleri we alyjylar etrap bazarynyň ýapylmagyna garşy çykýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, 31-nji awgustda Baýramalynyň bazaryna welaýat we etrap polisiýa bölümlerinden köp sanly polisiýa işgärleri eltildi we häkimiýetler bazaryň ýapylandygyny yglan etdiler.

Ýöne bu duýdansyz çäklendirme satyjylarda we alyjylarda nägilelik döretdi. Munuň netijesinde, habarçynyň maglumatlaryna görä, asuda ilat bilen polisiýa işgärleriniň arasynda ýakalaşyk ýüze çykypdyr.

Bazar satyjylary we alyjylar polisiýa işgärleriniň üstüne sürünipdirler. Netijede, söwdagärler bazara girip, öz harytlaryny satmaga başlapdyr.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, emele gelen ýagdaý sebäpli Baýramalynyň etrap polisiýasy Marynyň welaýat polisiýa bölüminiň başlygyna arz edip, halky köşeşdirip bilmeýändigini aýdýar.

Munuň yz ýany, 1-nji sentýabr güni Baýramaly etrabyna Aşgabatdan jemgyýetçilik tertibini goramak boýunça polisiýa bölüminiň işgärleri ugradylypdyr. Olar Baýramalynyň Soltansanjar köçesini, Galkynyş köçesini we 1-nji jaý toplum köçesini bekläp, pyýadalaryň we awtoulaglaryň hereketini çäklendiripdirler. Köpçülikleýin çäklendirmelere garşy çykan ýerli ýaşaýjylaryň arasynda, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, onlarça adam tussag edilip, Baýramalynyň polisiýa edarasyna äkidildi.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasynyň bir işgäri paýtagtdan getirilen uniformaly adamlaryň Polisiýanyň ýörite gullugynyň işgärleridigini aýdýar.

Aşgabatdan baran polisiýa işgärleri ýokanç keseliň görülip-eşidilmedik derejede giň ýaýraýandygyny, oňa garşy goranmagyň wajypdygyny aýdyp, ýerli ilatyň arasynda bazara barmazlyk barada düşündiriş işlerini geçiripdirler.

Ýerli ýaşaýjylar keseliň öňüni almak çärelerini özleriniň goldaýandyklaryny, ýöne çäklendirmeleriň arasynda her hojalyga belli möçberlerde un, ýag, et, ýeralma, sogan we iň bolmanda her 10 günde bir gezek 100 manat berilmegini soradylar.

Ýerli ýaşaýjylar hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine özleriniň üpjünçilik ýagdaýlarynyň ýaramazdygyny aýdyp, nägilelik bildirýärler.

Aşgabatdan baran polisiýa işgärleri we ýerli MHM işgärleri 1-nji sentýabr güni tussag edilen adamlary günüň ikinji ýarymynda öýlän tussaglykdan boşatdy.

“Indi bazara barmaň! Iň bolmanda gündiz barmaň!” diýip, polisiýa işgärleri tussaglykdan boşan adamlara tabşyrypdyr.

Biziň habarçymyz 2-nji sentýabr güni Baýramalynyň etrap bazarynda irden sagat 5:30-dan öýlän 5-e çenli polisiýa eşikli we harby eşikli adamlaryň nobatçylyk edendigini habar berýär.

“Olar köçäni bekläp, bazara barýan adamlary kowýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne habarçymyz gündizki çäklendirmelere garamazdan käbir bazar söwdagärleriniň agşam sagat 7-den soň bazara baryp, olaryň käbirleriniň gije sagat 2-ä çenli bazarda öz harytlaryny satmaga synanyşandygyny habar berýär.

31-nji awgustda Azatlygyň Marydaky habarçysy geçen hepdäniň dowamynda welaýatyň çäginde azyndan 10 bazaryň ýapylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda hiç hili COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygyny öňe sürýärler. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary lukmanlara we ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, hususan-da soňky günlerde Türkmenistanda koronawirus hadysalarynyň we koronawirus bilen bagly ölümleriň has-da ýokarlanýandygyny habar berýärler.
Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy bilen PÝGG-niň “para möwsümi” hem başlady

Türkmenistanda başlanan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň çäginde, geçen ýyllardaky ýaly polisiýa işgärleriniň ony ulag sürüjilerden para almagyň guralyna öwürmegi bilen birlikde, sebitlerde soňky günlerde heläkçilikli ýol hadysalarynyň has artandygy bellenilýär. Resmi maglumatda tutuş sentýabry öz içine alýan bu döwürde ýurtda “ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek”, şeýle-de “agyr ýol-ulag hadysalarynyň we olaryň netijesinde ýüze çykýan heläkçilikleriň öňüni almak” maksat edinilýändigi aýdylýar. Emma Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar bu möwsümde polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň esasan uly ýollara radar bilen ugradylýandygyny, gür ilatly sebitleriň köçe-ýol düzgünleriniň berjaý edilişiniň bolsa gözden düşürilýändigini aýdýarlar.

“1-nji sentýabrda [Lebabyň administratiw merkezi] Türkmenabadyň etegindäki Zerger etrapçasynyň golaýyndaky ýoluň ugrunda adam pidaly ýol hadysasy boldy. Bir ýeňil ulag beýleki ulagy ozup geçjek bolup, ýoluň garşy tarapyna çykanda, garşylykly gelýän awtoulagy görüp, şol bada ulagyny ýoldan gyra sowdy. Ol soňy bilen hereketini ýitirip, uly tizlik bilen ýoluň gyrasyndaky beýleki bir ulagy bejerip duran iki adamy kakdy. Olaryň ikisi hem ýogaldy. Merhumlaryň biri 31 ýaşyndady, onuň yzynda aýaly we bir ýaşly çagasy galdy” diýip, bu wakalara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 3-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz soňky günler Lebapda şular ýol hadysalarynyň has artandygyny belleýär.

“Penşenbe güni Türkmenabat-Sakar ýolunda garşylykly gelýän iki ulag birek-biregi bilen çakyşdy. 6 ýolagçy, şol sanda iki çaga şikes ýetdi. Olar häzir keselhanada agyr ýagdaýda” diýip, ýol hadysasyna uçranlaryň biriniň garyndaşy atlandyrylmasyzlyk şerti bilen habarçymyza gürrüň berdi.

Munuň bilen baglylykda, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar biraýlygyň dowamynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň aglaba çola ýollarda tizligi ýokarlandyran sürüjileri “awlamak” bilen meşguldygyny aýdýarlar.

“[Ýol polisiýasy] degişlilikde hereketi az bolan ýollaryň ugrundaky arçalaryň, diwarlaryň, beýleki ulaglaryň dagy arkasynda bukulyp, radar bilen tizligi ýokarlandyran raýatlary ele saljak bolýarlar. Saklanan raýatlardan ilki para soralýar, eger-de alyp bilmeseler, onda jerime ýazýarlar. Emma Türkmenabadyň köp gatnalýan köçelerinde bolsa, gözegçilik öňküsinden hem pese gaçdy. Pyýadalaryň ýollardan päsgelçiliksiz geçmegi üçin hiç alada edilmeýär. Esasy ýollaryň dowamly çyzyk bilen çäklendirilmegi sebäpli ulaglaryň wagtynda aýlawy amal edip bilmeýändigi üçin, köçelerde häli-şindi dykynlar hem döreýär” diýip, türkmenabatlylaryň biri 3-nji awgustda gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrligiň Lebap welaýaty boýunça bölüminden, şol sanda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi köçe-ýol hadysalary bilen bagly statistiki maglumatlary halk köpçüligine aýan etmeýärler. Ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde köçe-ýol heläkçilikleri barada wideo reportažlar goýberilmeýär.

Şol bir wagtda, türkmen hökümeti biraýlygyň dowamynda ýurduň ýollaryndaky ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilşine gözegçiligi ýola goýýandygyny aýtsa-da, köçeleriň, köprüleriň ýagdaýy, polisiýa işgärleriniň gatnaşmagyndaky alym-berim faktlary hakynda gürrüň etmeýär.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy soňky üç ýylyň dowamynda Serdar-Türkmenbaşy uly ýolunda hiç hili abatlaýyş işleriniň geçirilmeýändigini, ýollaryň ýaramaz hili sebäpli heläkçilikli ýol hadysalarynyň ýüze çykýandygyny belledi.
“Ýoluň 310-njy kilometrinden, ýagny Isgender obasynyň üstünden geçýän 10 km ugry boýunça hiç hili asfalt ýok. Uzynsuw obasynyň golaýynda hem häli-şindi ýol hadysalary bolýar. Ýoluň 400-nji km ýerleri durşuna çat açan we jaýryk. Sürüjiniň sähel ünsi sowulsa, ulagyň agdarylmak howpy hem bar. Bulary düzetmegiň deregine, biraýlygyň dowamynda dürli bahanalar bilen diňe sürüjilerden para almak, olara jerime ýazmak bilen çäklenýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Balkan: Ilata bäş aý bäri azyk paýlary paýlanmaýar, hususyýetçilerde bahalar ýokarlanýar

Balkan welaýatynyň ençeme etrabynyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiligi problemasy has-da ýitileşýär. Welaýatyň käbir etraplaryndaky döwlet dükanlaryna indi bäş aý bäri subsidirlenen azyk önümleri getirilmeýär. Döwlet dükanlaryndaky azyk ýetmezçiliginiň arasynda, hususyýetçilerde bahalar barha ýokarlanýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, welaýatyň Hazar, Gumdag şäherleriniň, Magtymguly etrabynyň we Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesiniň ýaşaýjylary indi bäş aý bäri towuk budy, üç aý bäri ýag we iki aý bäri un "paýoklaryny" alyp bilmeýärler.

"Hazaryň ençeme obasynyň, Magtymgulynyň Gyzyl, Akkel, Näre we Ýankel daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary un, ýag meselesini çözüp bermegi sorap, ençeme gezek etrap häkimligine arz etdiler. Ýöne ýaşaýjylaryň arzlary häzir çenli çözülmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran sebitiň ýaşaýjysy 3-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalan şäherleriň we etraplaryň häkimliklerinden, şeýle-de ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bellesek, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümleriň düzümine towuk budy, ösümlik ýagy, şeker, un we ýumurtga ýaly harytlar girýär. Bu önümler hususyýetçilerde iki-üç esse gymmat bahadan satylýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, agzalan etrapdyr şäherleriň döwlet dükanlaryna azyk önümleri indi ençeme aýlap getirilmeýän mahaly, olaryň hususyýetçilerdäki bahalary günsaýyn diýen ýaly ýokarlanýar.

Häzirki wagtda 1,5 litr arassalanmadyk pagta ýagynyň bahasy 100-120 manada ýetdi. Onuň döwlet dükanlaryndaky bahasy 19 manada barabar.

Şeýle-de, mundan birnäçe hepde ozal, hususyýetçilerde 1 kilogramy 16 manatdan satylan unuň bahasy 23 manada ýetdi. 1 kilogramy 75 manatdan bahalanan etiň nyrhy-da 100 manada ýokarlandy.

Deňiz ýakada ýerleşýän Balkan welaýatynda balyklaryň bahasy hem gymmatlady. Mundan birnäçe hepde ozal kilka balygynyň 1 kilogramy 20 manada barabar bolan bolsa, häzir 80 manatdan satylýar.

"1 kilogram gara balyk 110 manada, bekre balygy 350 manada ýokarlandy. Balyklaryň bahasy hem deňiz ýakada ýerleşýän sebit üçin gaty gymmat" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, balygyň gymmatlamagyna häkimiýetleriň balyk tutmaga garşy girizen çäklendirmeleri belli bir derejede sebäp bolýar.

"Diňe ýokary wezipelerde tanşy bar raýatlaryň balyk tutmagyna rugsat berilýär. Çem gelen adam deňizden balyk tutup bilmeýär" diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz welaýata gök-bakja önümleriniň aglaba böleginiň beýleki sebitlerden getirilýändigine ünsi çekip, bularyň bahalarynyň hem yzygiderli gymmatlaýandygyny adýar.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan telekeçiler bu gymmatlamanyň sebäplerini pandemiýa zerarly girizilen hereket çäklendirmeleri we munuň bilen bagly "ýitileşen para-peşgeş" meselesi bilen düşündirýärler.

"Welaýatlaryň arasyndaky howpsuzlyk işgärlerine uly para bermäge mejbur bolýarys. Maddy zyýan çekmejek bolup, bahalary ýokarlandyrmaly bolýarys" diýip, bir telekeçi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Ýurtda işsizlik giňden ýaýraýan mahaly, döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy yzygiderli ýaramazlaşýar, hususyýetçilerde bahalar günsaýyn diýen ýaly ýokarlanýar. Bu ýagdaýlar has köp maşgalany subsidirlenen azyk önümlerine garaşly goýýar.

Türkmenistanda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, ýurt raýatlary keselçilikden, azyk ýeter-ýetmezçiliginden we gymmat bahalardan başga-da, derman gytçylygyndan we gymmatçylygyndan hem kösenýärler.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalary boýun almaýarlar. Şeýle-de, olar pandemiýanyň ilata ýetirýän täsirleri barada hem mesele gozgamaýarlar. Muňa derek, ýurtdaky azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, häkimiýetler bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini ýylyň-ýylyna yglan edip, daşary döwletlere miweleriň we gök önümleriň eksportyny artdyrýar.
Fransiýadan Stambula gelen DWT lideri Myrat Gurbanow aeroportda saklandy

Türkmenistanyň Helsinki gaznasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň “Demokratik saýlawy hereketiniň” başlygy Myrat Gurbanow Fransiýadan Türkiýä uçup baranda Satmbuldaky halkara aeroportda saklandy, türk häkimiýetleri oňa ýurda goýebrilmejekdigini aýdypdyrlar.

Opposisioner Türkiýä “Türkhowaýollarynyň” uçary bilen, Fransiýanyň Tuluza şäherinden gelipdir we pasport barlagyndan geçjek bolanda saklanyp, deportasiýa ediljekleriň kamerasynda ýerleşdirilipdir.

Resmiler oppozisionere Daşary ýurtlular we halkara goragy hakyndaky 6458 beligili kanunyň 9(1) maddasy esasynda, 2026-njy ýylyň 20-nji awgustyna çenli Türkiýä girmegiň gadagan edilendigini aýtdypdyrlar.

Bu kanuna laýyklykda, IIM-niň ýanyndaky Baş migrasiýa edarasy, degişli döwlet guramalarynyň we edaralarynyň pikirlerini nazara almak zerurlygy bolanda, eger daşary ýurt raýatlary döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik howpsuzlygyna we ilatyň saglygyna wehim salsa, daşary ýurt raýatynyň Türkiýe respublikasyna girmegine bäş ýyla çenli gadaganlyk girizip bilýär.

Şeýle-de habarda 2021-nji ýylyň 1-nji awgustynda türkmen aktiwistlerine edilen hüjüm baradaky kazyýet işinde Gurbanowyň bähbitlerini goraýan aklawçy Mustafa Ýamanyň oppozisioneriň deportasiýa edilmeginiň öňüni almaga çalyşýandygy aýdylýar.

Ýatladýarys, türkmen migrantlary 1-nji awgustda Stambuldaky türkmen konsullygynyň ýanynda nägilelik ýörişini geçirmäge synanyşdy. Protest hereketiniň 10 aktiwisti polisiýa tarapyndan tussag edildi, ýöne gysga wagtda boşadyldy. Ýene bäş adam bolsa, Türkmenistanyň ýörite gullugy bilen baglanyşyklydygy aýdylýan näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjildi.

Ejir çekenler we piket ýeriniň golaýynda näbelli adamlar tarapyndan yzarlanjak bolan Myrat Gurbanow 9-njy awgustda, urlup-ýenjilemelerden, berlen azarlardan we haýbat atmalaryndan şikaýat edip, türk prokuraturasyna arza berdi.

Türkmenistanyň Stambuldaky baş konsuly Myratgeldi Seýitmammedow hem öz gezeginde, 1-nji awgustda polisiýa ýüz tutup, aksiýa gatnaşýanlaryň binalaryň we işgärleriň howpsuzlygyna wehim salýandygyny, Türkmenistanyň prezidentini kemsidýändigini we, “asudalygy we rahatlygy bozup”, raýatlary döwlete garşy öjükdirýändigini aýtdy. Şeýle-de, resminamada türk tarapynyň "şeýle bikanun hereketleriň gaýtalanmazlygy üçin ähli zerur çäreleri görmelidigi" aýdylýar.

Türkmen nägilelik hereketine gatnaşýanlaryň pikiriçe, Myrat Gurbanowyň Türkiýä girmegine garşy 20-nji awgustda kabul edilen karar türkmen häkimiýetleriniň şu we şuňa meňzeş ýüzlenmeleri bilen baglanyşykly bolup görünýär.

Maglumat: Myrat Gurbanow etnik türkmen, 1965-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda doguldy, 2005-nji ýyldan bäri Fransiýada hemişelik ýaşaýar we bu ýurduň raýaty bolup durýar.

Ol 2020-nji ýylda dürli ýurtlardaky pikirdeşler topary bilen bilelikde "Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy" atly milli demokratik hereketi döretdi we diňe bir daşary ýurtlarda däl, eýsem Türkmenistanyň içinde hem protest aksiýalaryny gurnamaga synanyşdy; Youtube kanalynda yzygiderli çykyş edip, Berdymuhamedowyň režimini tankytlaýar diýip, Türkmen Helsinki gaznasy gysgaça DWT diýip atlandyrylýan oppozisiýa hereketiniň 2020-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Fransiýada hasaba alandygyny hem habara berýär.
COVID-19: Lebapda sanitariýa gözegçilik bölüminiň başlygy tussag edildi, Maryda çagalar baglary ýapyldy

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýurtda çalt ýaýramagyna has berk çäklendirmeleri girizmek we ýerli resmileri jogapkärçilige çekmek bilen jogap berýärler. Şol bir wagtyň özünde, görlüp-eşidilmedik hassalyk we ölüm derejesiniň fonunda ýurduň ýolbaşçylary ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar henizem resmi taýdan ykrar edilmedi.

27-nji awgustda Lebapdaky sebit sanitariýa gözegçilik gullugynyň baş lukmany tussag edildi. Ol derňew üçin Aşgabat şäherine ugradyldy. Bu barada Azatlygyň çeşmeleri gizlinlik şertlerinde 3-nji sentýabrda habar berdi. Azatlyk Radiosy tussag edilen resminiň adyny mälim etmenden saklanýar.

Lebabyň sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik gullugynyň baş lukmanynyň tussag edilmeginiň resmi sebäbini anyklamak mümkin däl. Resmiler bu ýagdaýa aç-açan düşündiriş bermeýärler. Bu aralykda, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürlän ygtybarly çeşmelere görä, onuň tussag edilmeginiň sebäplerinden biri korrupsiýa bilen bagly diýlip hasaplanýar. Bu işgär paýtagtyň uniwersitetlerinde okamaga gidýän talyplar üçin zerur resminamalary taýýarlap bermek üçin para almakda güman edilýär.

Şu ýyl koronawirus çäklendirmeleri sebäpli paýtagtyň uniwersitetlerine synaglar sebitlerde geçirildi. Okuwa kabul edilen ýaşlar paýtagtda okamaga gitmelidi, soň koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly çäklendirmeler güýçlendirildi we okuwçylaryň aglaba köplügi yzyna iberildi, okuwlar bölekleýin onlaýn düzgünine geçirildi.

Lebapda arassaçylyk edarasynyň resmisiniň tussag edilmegi, sebitde koronawirusyň çalt ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýa gabat geldi. Soňky hepdelerde Azatlygyň habarçylary we sebitdäki çeşmeler bu keseliň görlüp-eşidilmedik ýaýrandygyny, ölüm derejesiniň ýokarydygyny we ýerli ilatyň aglaba köplügi üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli däldigini habar berdiler.

Lebapdaky başga bir çeşmäniň habaryna görä, ýerli sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik gullugynyň ýolbaşçysynyň tussag edilmegi sebitde koronawirusyň ýaýramagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

"COVID-19-yň ýaýramagy we Lebapda ölüm derejesiniň ýokary bolmagy sebit SES-iň başlygynyň tussag edilmeginiň sebäplerinden birine öwrüldi. Ol koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmändigi üçin jogapkär hasaplanýar" - diýip, Azatlyga sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň bir işgäri aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, bir hepdäniň içinde Türkmenabatda we tutuş Lebap welýatynda berk çäklendirmeler girizildi. Söwda nokatlarynyň, hyzmat kärhanalarynyň, metjitleriň hemmesi diýen ýaly ýapyldy. Azatlygyň habarçylary açyk galan sanlyja obýektleriň biri bolan “Gök bazaryň” hem 2-nji sentýabrda ýapylandygyny habar berdiler.

Sebitde etraplardan administratiw merkeze barýan ýollar we ilatly punktlar ýene karantina ýapyldy, polisiýa gözegçiligini güýçlendirildi. Hususan-da, Farapdan Türkmenabat şäherine barmak üçin 72 sagatdan çöp bolmadyk wagt ozal geçirilen koronawirus testini görkezmeli.

Azatlygyň çeşmeleri Lebabyň sanitariýa gözegçilik gullugynyň baş lukmanynyň tussag edilmeginiň ýeke-täk ýagdaý däldigini, ýerli sanitariýa gözegçilik gullugynyň wekilleriniň tussag edilmeginiň beýleki sebitlerde-de bolandygyny öňe sürýärler. Azatlyk tussag edilmeler bilen bagly beýleki wakalary entek tassyklap bilmedi.

Häzirki wagtda Maryda ölüm derejesi ýokary bolup, çagalar baglary we mekdepler ýapylýar. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, çagalar baglary we mekdepler 1-nji oktýabra çenli karantine alyndy.

2-nji sentýabrda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň mekdeplerindäki başlangyç synp okuwçylaryna okuwyň 1-nji oktýabra çenli togtadyljakdygynyň yglan edilendigini aýtdy.

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, Mary welaýatdaky bilim edarasynyň buýrugy bilen ýerli mekdepleriň 6-njy oktýabra çenli ýapyk bolmagyna garaşylýar.

Marydaky bakçalar çagalary kabul etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, ene-atalaryň köpüsi çagalaryny bakçalara we mekdeplere özleri ibermeýär.
Karantin çäklendirmeleri ilatyň ähli gatlaklaryna täsir etdi. Döwlet edaralarynda işgärlere täze talaplar barada duýduryş berildi. Hususan-da, olara üýşmeleňlerden we myhmançylykdan saklanmak maslahat berildi.

Maryda güýçlendirilen gözegçilik maska geýmek talaplaryny ýerine ýetirmegine degişli. Bu talaba boýun bolmadyklary tutmak üçin polisiýa işgärleri ýýörite ulaglarda şäheri aýlanýarlar.

Köçe gözegçiligine şäherler mekdepleriniň mugallymlary hem gatnaşdyrylýarlar. Nobatçylyk gije-gündiziň dowamynda ýerine ýetirilýär, mugallymlar her dört sagatdan çalşyp nobat çekýär.

Maska dakynmk düzgünleri bozýanlar tutulan halatynda öz hasabyna koronawirus testine iberilýär we olara 300 manatlyk jerime salynýar.

Obalarda mekdep mugallymlary paýta ýygyma ugradylmagyna taýýarlaýar.

Türkmenistan henizem koronawirusyň ýaýramagyny ykrar etmeýär. Mundan başga-da, ýurtda ölüm derejesiniň ýokary bolmagy, öz ilaty üçin dermanlaryň we sanjymlaryň ýetmezçiligi şertlerinde häkimiýetler hem mätäç ýurtlara, hem-de ykdysady we epidemiologiki ýagdaýy taýdan has kadaly Türkiýe ýaly ýurtlara ynsanperwer kömegini iberýär.

1-nji sentýabrda TDH döwlet habar gullugy Türkmenistanyň Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen derman we medisina esbaplaryny ynsanperwer kömegi hökmünde iberendigi habar berdi. Owganystana berlen kömek Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda edilýär.
Lebap: Dabara bilen açylýan täze desgalar boş durýar

Lebapda geçen iýunda bir halkara aeroport we bir sany äpet ak öý ulanylmaga berildi. Ýöne aeroport henize çenli doly işlemeýär, "Ak öýüň" durmuş ähmiýeti ýerli ýaşaýjylarda sorag döredýär.

3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu desga soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly açylan üçünji iri desga boldy. Geçen tomus Kerkide täze aeroport açyldy we Türkmenabatda täze ak öý ulanylmaga berildi. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy aeroportyň işlemeýändigini habar berýär, "Ak öýüň" durmuş ähmiýeti ýerli ýaşaýjylarda sorag döredýär.

Ýatlasak, 23-nji iýunda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda täze halkara howa menzili we Türkmenabat şäherinde durmuş ähmiýeti sorag astynda galýan 3 müň orunlyk täze “Ak öý” açyldy. Olaryň açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy iki aý gowrak mundan ozal uly wadalar bilen açylan Kerkiniň halkara howa menzilinde heniz iş orunlarynyň hem tassyklanylmandygyny, ol ýerde Türkmenabadyň halkara aeroportynyň işgärleriniň 15 gün çalşyk esasynda işleýändigini habar berýär.

Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, Kerkiniň täze aeroportunda heniz uçuşlar amala aşyrylmaýar; galyberse-de, howa menzilinde uçarlary ýangyç bilen üpjün ediji ulgamlar hem heniz doly oturdylmandyr.

Ýöne aeroport halkara howa menzili hökmünde ykrar edildi. Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasy (IATA) Kerkiniň aeroportyna üç harply KEA gysgaltmasyny berdi. Galyberse-de, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy (ICAO) bu howa menziline dört harply UTAE koduny berdi.

Aeroportyň gurluşygyny “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Gündogdy” hususy firmasy ýerine ýetirdi.

Mundan ozal, bir topar iş orunlary wadasy bilen açylan täze aeroport we ak öý binasy ýerli ýaşaýjylaryň iş üpjünçilik umydyny puja çykardy.

“Şu iki desganyň açylyş dabarasynda olaryň bir topar iş orunlaryny hödürlejekdigi aýdyldy” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Dört gatdan ybarat we beýikligi 40 metre ýetýän ak öý binasyny döwlet metbugaty “abadançylygyň, gülläp ösüşiň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşany” häsiýetlendirdi. Ýöne onuň ýerine ýetirmeli funksiýasy we beýleki durmuş ähmiýeti jikme-jik aýdyňlaşdyrylmady. Türkmenistan döwlet serişdeleriniň hasabyna gurulýan äpet ak öýlerde köplenç dabara-şowhun geçirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar Türkmenabatda dabara bilen açylan ak öýüň heniz iş orunlaryny hödürlemeýändigini aýdýarlar.

“Hatda ak öýüň daş-töweregindäki baglara seretmek üçin hem işgär kabul etmäge mümkinçiligi ýok” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ak öýüň daş-töweregindäki baglara ideg etmek işleri 2022-nji ýyla çenli onuň gurluşygyny ýerine ýetiren firmanyň üstüne ýüklenipdir.

Azatlygyň sebitdäki habarçysy döwlet býujetiniň hasabyna täze gurulýan äpet desgalar boş durýan mahaly, welaýatda köne çagalar baglarynyň, mekdepleriň remonta mätäçdigini habar berýär.

Habarçy aeroportdan we ak öýden başga, sebitde ýene bir iri desganyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, welaýatyň täze Awotmenziliniň gurluşygyna Ak öýüň gurluşygyndan has ozal başlanypdyr, ýöne onuň gurluşygy şu wagta çenli 20 göterim töweregi tamamlanypdyr.

“Bu awtomenzil 2022-nji ýylyň sentýabryna-da ýetişmez. Ak öý we aeroport başdan sowma guruldy” diýip, bir ýerli gurluşyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Umuman aýdylanda, bu desgalaryň ile peýdasy ýok. Ak öý, hamala, diňe Gurbanguly Berdimuhamedow üçin salnan ýaly. Gapysy gije-gündiz ýapyk. Şol ak öýüň puluna welaýatdaky elektrik transformatorlaryny çalşyp bolardy. Şonda adamlaryň öýündäki elektrik bilen işleýän enjamlar päsgelçiliksiz işlärdi. Şonda adamlar minnetdar bolardy” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Orta mekdeplerde okuwlar duýdansyz gaýtadan başlady

Türkmenistanda COVID-19 hadysalary ozal görlüp-eşidilmedik derejede gürelýän mahaly, ýurduň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylar üçin yza süýşürilen sapaklar 6-njy sentýabrda, garaşylmadyk ýagdaýda, gaýtadan başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan we Marydan maglumat berýärler.

Ýatlatsak, geçen hepdäniň başynda orta mekdepleriň 1-6-njy synp okuwçylary mekdeplerde sapak geçip başlan mahaly, 7-11-nji synp okuwçylaryň dynç alyş möhleti 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Adatça mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlary iýun aýynyň başyndan 1-nji sentýabra çenli dowam edýär.

"Ýekşenbe güni, 5-nji sentýabrda agşam oglumyň synp ýolbaşçysy jaň edip, mekdeplerde dynç alşyň dowam edýändigini we mümkin boldugyndan öýden çykmaly däldigini aýtdy. Ýöne ol şu gün irden sagat 8-den soň ýene jaň edip, häkimiýetleriň ýokary synp okuwçylar üçin sapaklaryň 6-njy sentýabrda başlamalydygy barada karar çykarandygyny aýtdy. Şonuň üçin oglumyň gyssagly mekdebe barmalydygyny hem duýdurdy. Häzir oglum mekdepden geldi. Olar diňe iki sapak okapdyrlar" diýip, aşgabatly bir ene anonimlik şertinde 6-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Şular ýaly garaşylmadyk ýagdaý bilen maryly ene-atalar we okuwçylar hem ýüzbe-ýüz boldular. Sebitdäki habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 6-njy sentýabrda irden sagat 7:30 töweregi mekdep mugallymlary ene-atalara jaň edip, ýokary synp okuwçylaryň gyssagly okuwa gelmelidigini we sapaklaryna başlamalydygyny aýtdylar.

"Bu täzelige ene-atalaryň hiç biri taýyn däldi. Şol sebäpli bu gün köp ene-ata öz çagasyny mekdebe ugratmady. Synp ýolbaşçylar mekdebiň golaýynda ýaşaýan okuwçylaryň ene-atalaryndan çagalaryny mekdebe ugratmagy haýyş etdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ene 6-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan mugallymlar ýokary synp okuwçylaryň yza süýşürilen dynç alyşlarynyň goýbolsun edilip, olaryň dessine okuwa başlamalydygy barada 6-njy sentýabrda ir bilen Bilim ministrliginden ýörite buýrugyň gelendigini aýtdylar.

"Bu buýruga biz hem taýyn däldik. Ýöne şonda-da sapaklary talaba laýyk geçmek talap edildi. Her synpda näçe okuwçynyň sapak geçmelidigi we okuw tertibiniň nähili bolmalydygy barada heniz hiç hili buýruk ýa görkezme ýok" diýip, maryly mugallym anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, geçen ýyl Türkmenistanda koronawirusyň ilkinji tolkunyndan soň, mekdeplerde okuwlar iki smena tertibinde geçirilipdi. Sapaklar 15 okuwçynyň gatnaşmagynda okadylypdy.

"Şu hepdäniň dowamynda okuwçylaryň nähili tertipde okadyljagynyň belli bolmagyna garaşylýar. Mugallymlar sapaklaryň 1-nji oktýabrda başlajakdygyny nazara alyp, özleriniň taýýarlyklaryny yza süýşüripdiler" diýip, mugallym belledi.

Türkmen häkimiýetleri okuwlaryň başlaýan möhletiniň ilkibada bir aý yza süýşürilendigi, soňra-da 6-njy sentýabrda garaşylmadyk ýagdaýda gaýtadan başlamaly edilendigi barada resmi maglumat ýa-da düşündiriş bermediler.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bilim işgärleriniň we ene-atalaryň ençemesi ýokary synp okuwçylaryň gyssagly mekdebe çagyrylmagynyň sebäbini häkimiýetleriň olary Garaşsyzlyk gününe görülýän köpçülikleýin çärelere çekmek tagallasy diýip düşündirýärler. Türkmenistan şu ýyl 27-nji sentýabrda özüniň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Bilim ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Bilim pudagyndaky bu üýtgetmeler ýurtda koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň wirusyň birinji we ikinji tolkunlaryndakydan-da köpdügi barada habarçylarymyzyň yzygiderli maglumat berýän mahalyna gabat gelýär.

Ýurduň dürli sebitinde hassahanalar wirus näsaglaryndan dolup, olara kislorod haltalary ýetmeýär. Şeýle-de, ýurtda azyk harytlaryny satýan dükanlardan başga, ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi, şol sanda barlar, kafeler we restoranlar işini togtatdy, käbir sebitlerde çagalar baglary ýapyldy. Ýokary okuw jaýlarynda bölekleýin onlaýn okuw tertibine geçildi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýurtda çalt ýaýramagyna garşylyk hökmünde has berk çäklendirmeleri girizse-de, ýurtda bolup geçýän ýagdaýlary we COVID-10-yň hasaba alnandygyny henizem resmi taýdan ykrar etmeýärler.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleri şu günler welaýatda wirusyň ýaýramagynyň özüniň iň ýokary derejesine ýetendigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar ilata öýden çykmazlygy ündeýändiklerini, ýöne okuw möwsüminiň başlamagy bilen, wirus hadysalarynyň has-da köpeljekdigini duýdurýarlar.