HABAR.turkmen
122 subscribers
13 photos
340 links
Iň täze we möhüm habarlar! Самые актуальные новости! +420 773 797 383
Download Telegram
Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri awtoulag eýelerine degişli dürli talaplaryň, çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň ençemesini güýje girizdi. Ulaglaryň ak ýa-da açyk reňkde bolmagy, olaryň daşky detallarynyň ähli bölekleriniň, şol sanda öndüriji tarapyndan başga reňkde göz öňünde tutulan şaýlarynyň ak reňkde bolmagy ýaly talaplar olaryň diňe käbiridir.

Türkmenistanda häkimiýetler öz girizýän talaplaryny, gadagançylyklaryny ýa-da çäklendirmelerini köplenç dilden görkezme esasynda amal edýärler.
Çeşme: Türkmenistanyň ÝOJ-larynda okuwlar onlaýn görnüşinde geçiriler

Türkmenistanda COVID-19 bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okuwlary onlaýn görnüşinde geçmek barada karar kabul edildi. Bu barada dilden habarly edilen talyplar onlaýn okuwlaryň 70 gün dowam etjekdigini aýdýarlar. Türkmen hökümeti wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini günsaýyn güýçlendirse-de, ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýar.

Ýatlatsak, 26-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçylary wirusyň giňden ýaýramagy bilen, ýurduň dürli künjeginde okaýan talyplaryň özleriniň ÝOJ-larynyň ýerleşýän sebitlerine goýberilmändigini habar berdiler. Munuň bilen bagly, talyplary Daşoguzdan we Marydan Aşgabada hem-de Lebaba alyp giden ýörite otly gatnawlary yzyna dolandy.

Lebap welaýatyndaky ýagdaýdan habarly çeşmämiziň aýtmagyna görä, 26-njy awgustdan başlap ähli talyplary Aşgabada alyp gitmek çäresi togtadyldy. Şeýle-de, talyplara sentýabryň 1-ne başlamaly okuwlaryň wagtlaýynça onlaýn geçiriljekdigi duýduryldy.

"Onlaýn okuwyň häzirlikçe 70 gün dowam etjekdigini aýtdylar. Ýöne şondan soň okuwlaryň nähili boljakdygy, onlaýn okuwyň möhletiniň uzaldyljakdygy ýa-da uzaldylmajakdygy belli däl" diýip, çeşmämiz 27-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, orta mekdeplerde hem okuwçylary bir hepde okadyp, soňra dynç alşa çykarmak barada welaýatyň bilim müdirligi derejesinde maslahat edilýär. Bellesek, ýurduň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda okuwlar adatça 1-nji sentýabrda başlanýar.

"Mekdeplerde sapaklar iki smena bolup, her sapak 20-25 minut dowam eder" diýip, çeşmämiz bir mugallymyň sözlerini sitirledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Bilim ministrliginden, şeýle-de welaýat bilim müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, çeşmämiz Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda koronawirusyň täze ojagynyň tapylandygyny, bu ýerde ölüm howply wirusyň "güýçli depginde" ýaýraýandygyny hem habar berdi.

"Bu ýerde wirusyň çaltlyk bilen ýaýraýandygy sebäpli Sakar etrabynyň raýatlaryna urulmaly waksina Köýtendaga iberildi. Netijede, Sakar etrabynda-da waksina ýetmezçiligi emele geldi" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, ol 26-njy awgustdan başlap Farap etrabynyň karantin çäklendirmeleriniň gowşadylandygyny aýdyp, etraba girip-çykmaga rugsat berilýändigini hem belledi. Ýatlatsak, etrapda wirusyň ojagy tapylandan soň, ol 12-nji iýulda karantina ýapylypdy.

Şol bir wagtda, çeşmämiz 26-nji awgustdan başlap Türkmenabat şäherinde täze çäklendirmeleriň güýje girizilendigini, şol sanda 4-nji we 5-nji belgili bazarlaryň we metjitleriň ýapylandygyny belleýär.

"Bazarlaryň ýapylmagy köp ene-atalarda kynçylyk döretdi. Sebäbi ene-atalaryň köpüsi heniz çagalaryna mekdep egin-eşiklerini satyn almandy" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz hem koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň günsaýyn köpelýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, hatda "Sputnik" we hytaý waksinalaryny etdiren raýatlaryň arasynda-da wirusdan ölýänler kän.

"59 ýaşly bir aýal tanşym hytaý sanjymynyň iki dozasyny alandan soň, wirus bilen keselledi. Ol 10 günläp Niýazow adyndaky keselhanada ýatdy. Ol dogan-garyndaşlary bilen telefon arkaly habarlaşýardy. Ýöne onuň saglyk ýagdaýy duýdansyz ýaramazlaşdy we ony keselhananyň reanimasiýa bölümine ýerleşdirdiler. Ol şol ýerde aradan çykdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 27-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri merhum aýalyň jesedini selofan gaba orap, öýüne getirdiler. Ýöne polisiýa, hossarlary merhum bilen hoşlaşyp, molla jynaza dogasyny doly okap gutarmanka, jesedi gonamçylyga alyp gitdi.

"Bu aýalyň hossarlaryna merhumyň ýanyndaky goş-golamlary bir selofan gaba salyp berdiler we ony açman, zibile taşlamagy tabşyrdylar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu aralykda, garaşsyz tukmen.news neşiri Daşoguz welaýatynda bir obanyň karantine ýapylandygyny, şeýle-de sebitdäki
talyplaryň Aşgabada goýberilmeýändigini habar berýär.

"Akdepe etrabyndaky Orazgeldi Ärsaryýew obasyna girmek we çykmak gadagan edildi. Çeşmelerimiz bu obada azyndan 26 adamyň koronawirusdan ölendigini habar berýärler. Sebitde wirus ýokuşmadyk ýeke maşgala hem galmandyr. Akdepe etrap hassahanasy näsaglardan doly" diýlip, neşiriň 27-nji awgustda çap eden habarynda bellenilýär.

Soňky iki aýyň dowamynda Türkmenistanda koronawirusyň barha ýaýraýandygy, şol sanda "Delta" ştamynyň tapylýandygy, hassahanalaryň hassalardan doludygy we ölenleriň sanynyň görnetin artýandygy barada Azatlyk we beýleki garaşsyz neşirler yzygiderli habar berýär.

Ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýan türkmen häkimiýetleri bu habarlary kommentirlemeýärler.

Ýöne 25-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň başlygy A.Gylyjowy "işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýlen kesgitleme esasynda eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu wezipä M.Mämmedow bellenildi.

Synçylar bu wezipe çalşygyny ýurtda koronawirusyň ýaýramagy bilen agyrlaşýan ýagdaýyň başga bir gytaklaýyn ykrar edilmegi hökmünde kabul etdiler.
Aşgabatda COVID-19 wirusynyň köpelen wagty Russiýanyň ilçihanasy distansion iş tertibine geçýär

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ähli konsullyk hyzmatlary üçin deslapky hasaba almagyny çäklendirdi we distansion iş tertibine geçdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda 25-nji awgustda çap edilen habarda aýdylýar. Bu aralykda türkmen raýatlarynyň kynçylyklara garamazdan, ýurtdan çykmaga synanyşýan wagty daşary ýurtlarda bikanun immigrantlaryň sany köpelýär.

Rus ilçihanasynyň habarynda şahsy kabul edişligiň wagtlaýyn togtadylmagy we raýatlaryň resminamalary bilen işlemegiň distansion tertibe geçirilmeginiň sebäpleri "möwsümleýin dem alyş keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak" bilen düşündirilýär. Koronawirus keseli Russiýanyň ilçihanasynyň habarynda agzalmaýar.

Türkmen häkimiýetleriniň COVID-19 ýurtda "ýok" diýip resmi derejede aýtmagyna görä, koronawirusyň çalt ýaýramagy paýtagtda we sebitlerde hassahanalaryň näsaglardan dolmagyna, käbir keselhanalaryň hassalary kabul etmegini togtatmagyna getirdi. Saglygy saklaýyş işgärleriniň bellemegine görä, koronawirus näsaglarda testler arkaly anyklanýar, şol sanda "Delta" görnüşi gitdigiçe has köp tapylýar.

Azatlyk Radiosy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan raýatlaryň kabul edilmeginiň togtadylmagy barada düşündiriş alyp bilmedi. Ilçihananyň web sahypasyndaky maglumata görä, ähli konsullyk hyzmatlary üçin deslapky hasaba alynmak çäklendirmeleri wagtlaýyn girizilýär, öňki režimdäki işiň başlanmagy barada maglumatlar resmi sahypada soň çap ediler.

Ilçihananyň habaryna görä, eýýäm hasaba alnan raýatlaryň hemmesine ilçihananyň işgärleri tarapyndan aýratyn habar beriler we olar amatly wagtda kabul ediler.

Koronawirusyň ýaýramagy daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmen raýatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklaryny hasam güýçlendirdi.

Soňky ýyllarda ýurtdan çykmak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany çalt artýar. Türkmenistany terk etmegiň ýollaryndan biri Russiýa göçüp gitmek statusyny almakdyr.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda ähli halkara uçuşlary ýatyryp, serhetleri ýapandan soň, raýatlaryň akymy haýallapdy. Emma koronawirus çäklendirmeleri ýeňilleşdirilip başlansoň, Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynyň öňünde ýene-de nobatlar artdy.

Iýul aýynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen raýatlarynyň sanawlaryny düzmegi we Russiýa göçmek isleýänler üçin ýörite uçuşlaryny guramagy togtatdy.

Awgustyň birinji ýarymynda Aşgabatdaky habarçylarymyz Russiýa Federasiýasynda migrant statusy bolan türkmen raýatlarynyň Türkmenistany terk etmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, hususan-da, Türkmenistanda galan çagalaryny alyp bilmeýändiklerini habar berdiler.

Türkmen raýatlarynyň kynçylyklara garamazdan, ýurtdan çykmaga synanyşýan wagty daşary ýurtlarda bikanun galýan türkmen immigrantlaryň sany köpelýär.

"Türkmen Helsinki fondunyň" (THF) hasabatyna görä, bikanun immigrantlaryň sanynyň köpelmegi bilen birlikde dünýäde öýsüz-öwzarsyz galýan türkmenistanlylaryň sany artýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň belleýşi ýaly, daşary ýurtly türkmen raýatlary pasportlaryny täzelemäge we daşary ýurtlarda galmak hukugyny resmileşdirmäge kanuny mümkinçilikleri bolmazdan, ýerli kanunlary bozmaga mejbur bolýarlar.

THF-iň habaryna görä, ýokary okuw mekdeplerini gutaran müňlerçe türkmen talyplary ýokary bilim hakynda diplom alansoň, watanyna gaýdyp bilmeýändikleri sebäpli ýurduň daşynda bikanun ýagdaýda galýarlar.

"Ýüzlerçe müň ýaşlar Türkmenistana gaýdyp bilmeýärler. Bu diňe bir pandemiýanyň günäsi däl, eýsem türkmen diplomatlary, hatda karantinden ozal pasportlary täzelemegi/uzaltmagy bes edip, türkmenleri bikanun immigrantlara öwürdi "-diýlip, THF-nyň 26-njy awgustda çap eden habarynda aýdylýar.

Güýçli ykdysady krizis sebäpli yzygiderli ýaramazlaşýan durmuş derejesi köpleri işe tapmak üçin ýurtdan çykmaga mejbur edýär. Azatlygyň çeşmelerine görä, ýurt demografiki krizisiň bosagasynda durýar. Ýurduň häkimiýetleri köpçülige mälim etmedik hem bolsa, ilatyň
sanynyň 2,7-2,8 milliona çenli azalandygyny anyklapdyr. Diňe 2019-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli 10 ýylyň içinde tas 2 million raýat Türkmenistandan çykyp gidipdir.

Bu aralykda, ilatyň gitmegi meselesini aç-açan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda raýatlaryň ýurtdan çykmagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri gördi, şol sanda pasport bermekden ýüz öwürdi, býujet işgärleriniň daşary ýurt pasportlaryny elinden aldy we goşa raýatlykly adamlara daşary ýurt döwletiniň pasportlaryndan ýüz öwürmegi üçin basyş görkezdi.
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady

Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi derejede girişilmese-de, bu kampaniýa eýýäm näresmi derejede badalga berildi. Häkimiýetler, ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly, ýygym işlerinde mejbury zähmetden peýdalanmagyny dowam etdirýärler. Bu işlere býujetçiler, okuwçylar we esgerler mejbury çekilýär. Bu habarlaryň arasynda, türkmen pagtasyndan öndürilen dokma önümlerini alyjylara ýetiren telekeçiniň ABŞ-dan Türkmenistanyň pagtasyny çaga zähmeti ýa-da mejbury zähmet bilen öndürilen önümleriň sanawyndan çykarmagy sorandygy belli boldy.

Lebapdaky habarçymyz welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň mejbury pagta ýygymyna çekilýändigini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, bu okuwçylar Amyderýa etrabynyň Nowruz, Altyn ýol, Berkararlyk, Sardaba we Watan daýhan birleşikleriniň pagta meýdanlaryna alnyp gidilýär.

Şeýle-de, welaýatyň tas ähli etrabynyň býujetçileri pagta meýdanlaryna özlerine derek hakyna tutma işçi ugratmaga borçly edildi. Köýtendag etrabynyň Akgumalan, Garahowuz we Çanakly daýhan birleşiklerindäki pagta meýdanlarynda ýygymçylar ýatymlaýyn işleýärler.

"Bu daýhan birleşiklerde ýygymçylara 1 kilogram ýygan pagtasy üçin 20 teňňe hak tölenýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 26-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Marydaky habarçymyzyň maglumatyna görä, şu günler pagta ýygym kampaniýasy bu welaýatda-da güýçli depginde dowam edýär. Býujet işgärleri pagta ýygmak üçin ekin meýdanlaryna özlerine derek hakyna tutma işçi ugratmaga mejbur edilýärler.

"Işçileriň tölegi bir gün üçin 20-30 manat aralygynda üýtgeýär. Býujetçiler aýlyklary bank kartlaryna geçmese-de, işçileriň töleglerini nagt görnüşinde edara ýolbaşçylaryna tölemeli bolýarlar. Býujetçiler hem özlerine derek işçi ugratmaly, hem-de öz iş ýerlerinde işlemeli bolýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly býujet işgäri 26-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Häzirki wagtda bu işçiler esasan Garagum etrabyndaky pagta meýdanlaryna alnyp gidilýär. Býujet işgärleri häzirlikçe pagta meýdanlaryna işçileriň diňe günin alnyp gidilýändigini, ýöne sentýabr aýyndan başlap her edaradan 10-15 adamyň ýatymlyk pagta ýygmaga iberiljekdigini hem aýdýarlar.

"Öňümizdäki aýdan her býujet işgäri 10 günlük ýatymlyk iberiljek işçi üçin öz aýlygyndan 400 manat bermeli bolýar. Bu ýurtdaky ortaça aýlygyň üçden bir bölegine deň" diýip, býujet işgäri belledi.

Bu habarlaryň arasynda, 2018-nji ýyla çenli Birleşen Ştatlaryň onlaýn söwda kompaniýalarynyň üsti bilen türkmen pagtasyndan öndürilen dokma önümlerini alyjylara ýetiren “Goza Towels” kompaniýasy ABŞ-nyň Halkara Iş gatnaşyklary boýunça býurosyna ýüz tutup, Türkmenistanyň pagtasyny çaga zähmeti ýa-da mejbury zähmet bilen öndürilen önümleriň sanawyndan çykarmagy sorandygy belli boldy.

Ýatlatsak, ABŞ-yň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi. Bu gadagançylyk häzirki güne çenli hem saklanyp galýar.

Düýbi Wirjiniýada ýerleşýän “Goza Towels” kompaniýasynyň eýesi Aman Gurdowyň arzasy 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda kabul edildi. Onda Türkmenistanyň mejbury zähmeti kanuny taýdan we iş ýüzünde gadagan edýändigi aýdylýar we ýurduň kanunçylygyna salgylanylýar.

Şeýle-de, arzada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýatlarda we şäherlerde, ýerli ýerine ýetiriji, şol sanda bilim edaralary bilen hem birlikde mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça işleri geçirýändikleri nygtalýar.

"Şunuň bilen baglylykda, daýhan birleşiklerine we kärende fermalaryna degişli oba hojalyk ýerlerinde wagtal-wagtal barlaglar geçirilýär. Oba hojalygy bilen meşgullanýan adamlar bilen zähmet şertnamalarynyň bardygy barlanylýar. Bu barlaglar mejbury zähmetiň, şol sanda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň öňüni almak üçin
öňüni alyş çäreleriň biridir" diýlip, arzada bellenilýär.

Şeýle-de, onda soňky ýyllarda Türkmenistanyň öz pagta önümçiligini mehanizasiýalaşdyrmak üçin köp maýa goýandygy, bu babatda amerikan "John Deere" kompaniýasynyň pagta ýygmak üçin tehnikalary üpjün etmekde möhüm rol oýnaýandygy hem nygtalýar.

Kompaniýa ABŞ-nyň Halkara Iş gatnaşyklary boýunça býurosyna iberen arzasynyň ýany bilen, soňky 25 ýylda Türkmenistanyň oba hojalygynyň mehanizasiýalaşdyrylmagyna goldaw berendigini tassyklaýandygy barada "John Deere-iň" resmi hatyny hem ýerleşdiripdir.

Mundan başga-da, arzanyň gapdalynda ýerleşdirilen beýleki bir resmi hatda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisi Meret Orazow ýurtda pagta ýygymynyň tehnika we el bilen ýygmak arkaly amal edilýändigini tassyklaýar.

Türkmen ilçisiniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda gol goýan hatynda ýurtda "pagta ýygymynyň 80%-niň tehnika we galan böleginiň meýletinçiler tarapyndan amala aşyrylýandygy" aýdylýar.

"Goza Towles" kompaniýasy "ýokarda agzalan maglumatlaryň hemmesiniň Türkmenistanyň mejbury zähmetiň öňüni almak we ýok etmek üçin yzygiderli we maksatly iş alyp barýandygyna şaýatlyk edýändigini" belleýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň bu barada 26-njy awgustda çap eden gysga habaryna reaksiýa bildiren kompaniýanyň eýesi Aman Gurdow "ýurtda mejbury we çaga zähmetinden peýdalanylýandygyny gytaklaýyn boýun aldy".

"Niýazow döwründäki ýaly sistemli çaga zähmeti ýokdugy hemmelere mälim... Elbetde bir gün mejbury zähmet düýbünden aýrylar diýip umyt edýärin" diýip, Gurdow özüniň Twitter sosial ulgamynda çap eden reaksiýasynda belledi.

Bellemeli ýeri, 2018-nji ýyldan soň Birleşen Ştatlaryň “eBay” we “Walmart” söwda kompaniýalarynda satuwa çykarylan “Goza” haryt nyşanly dokma önümleri soňy bilen “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satuwa çykarylypdy.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler.

Bu aralykda, 2021-nji ýylyň 10-njy awgustyna çenli 138 kompaniýa türkmen pagtasyny özleriniň üpjünçilik zynjyrlaryndan çykarmak barada wada berýän kampaniýa gol goýdy. Kompaniýalar bu wadalarynyň türkmen hökümeti ýurduň pagta pudagynda mejbury zähmeti bes edýänçä dowam etjekdigini belleýärler.

Bu kampaniýa adamlaryň her gün ulanýan önümlerindäki çig mal bilen baglanyşykly adam hukuklarynyň bozulmagyna we mejbury zähmetiň soňlanmagyna garşy göreşýän Responsible Sourcing Network (RSN) websaýtynda çap edildi.

Kampaniýa gol goýanlaryň arasynda "Adidas", "Alexander McQueen", "Balenciaga", "Bottega Veneta", "Boucheron", "Burberry", "Gap Inc.", "Gucci" we "Nike, Inc." ýaly global markalar bar.

Resmi maglumatlara görä, bu ýyl Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan dürli kysymdaky “Mercedes”, “BMW” we başga-da birnäçe awtoulagyň ýurda getirilmegini gadagan etdi

Türkmen häkimiýetleri Germaniýada öndürilýän “Mercedes” kysymly awtoulaglaryň ähli görnüşiniň ýurda getirilmegini gadagan etdi. Şol bir wagtyň özünde, 2017-2021-nji ýyllar aralygynda öndürilen dürli kysymdaky “BMW”, şeýle-de, “Volkswagen”, “GMC”, “Chrysler” we “Tesla” kysymly awtoulaglaryň käbir görnüşleriniň import edilmegi gadagan edildi. Bu barada turkmen.news neşiri habar berýär.

Täze düzgüne görä, iki ýyly dolan “Toyota” we “Lexus” kysymly ulaglaryň käbir görnüşleriniň importyna hem çäklendirme girizildi.

Türkmenistanyň çägine getirilmegi çäklendirilen awtoulaglaryň sanawy şeýle:

Ähli görnüşdäki ýeňil “Mercedes” ulaglary
2017-nji ýyldan soň öndürilen ähli “BMW” kysymly ýeňil awtoulaglar
2017-2021-nji ýyl aralygynda öndürilen, ýeňil:
“Volkswagen Caravelle”
“Volkswagen Touareg V6”
“Volkswagen Phaeton”
“GMC Yukon Denali, XL”
“Chrysler Pacifaca L”
“Club Car Precedent Villager 4 Electric”, elektrikli ýeňil awtoulag
“Tesla Model X”, elektrikli ýeňil awtoulag
Öndürilen senesinden iki ýyly dolmadyk, ýeňil
“Toyota Granvia V”
“Toyota Hiace” (kiçi awtobus)
“Toyota Sienna”
“Lexus ES”
Bu ulaglar Germaniýada, ABŞ-da we Ýaponiýada öndürilýän awtoulaglardyr. Türkmen metbugaty çäklendirmeleriň sebäpleri barada habar bermeýär.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň awtoulag edinmegi we olaryň reňki babatynda ýyllarboýy dürli çäklendirmeleri girizip gelýär.

26-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň bahasy 200 müň manatdan ýokary bolan awtoulaglaryň eýelerinden özleriniň aýlyk girdejileri barada deklarasiýa talap edýändigini habar berdi.

Hususan-da, 2015-nji ýyllardan bäri häkimiýetler ýurtda hereket edýän awtoulaglaryň reňkiniň ak reňke boýalmagyny talap edip gelýär. Bu talap geçen aprelde awtoulaglaryň radiator gözenekleriniň ak reňke boýalmagynyň talap edilmegine çenli baryp ýetdi.

Geçen noýabrda häkimiýetler ulaglaryň zawoddan çykarylanda goýlan bölegine degişli ýene bir çäklendiriji düzgüni güýje girizdi. Muňa laýyklykda sürüjilerden ulagyň döwlet belgisi oturdylýan ýeriniň aşaky we ýokarky böleklerini ak reňke boýatmak talap edildi.

Şol ýylyň sentýabrynda häkimiýetler Özbegistanda öndürilen “Matiz”, “Nexia” we “Damas” ýaly ulaglaryň sürülmegine gadagançylyk girizildi.

Azatlygyň çeşmeleri 2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanda raýatlara “Mercedes” we “BMW” kysymly awtoulaglary sürmegiň döwlet resmileri derejesinde gadagan edilmegine garalýandygyny habar beripdi.

Soňky girizilen gadagançylyk geçen ýylyň maýynda ulag çäklendirmeleri boýunça döwlet resmileri derejesinde geçirilen maslahatyň durmuşa geçirilendigini aňladýar.

Bu aralykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan Russiýada öndürilýän “Aurus” kysymly awtoulaglary satyn almaga isleg bildirdi. Bu söwda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda 2019-njy ýylyň oktýabrynda maslahat edildi.

Türkmenistanda soňky gezek 2019-njy ýylyň awgustynda “Türkmen sährasy – 2019” atly halkara awtoulag sergisi geçirildi. Sergide beýleki daşary ýurt awtoulaglary bilen bir hatarda Germaniýada öndürilýän BMW we Mercedes markaly ulaglar myhmanlara görkezildi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy 27-nji awgustda Farapda we Türkmenabatda “Mercedes” kysymly ähli kiçi awtobuslaryň jerime duralgalaryna alnyp gidilýändigini, “BMW” we “Mercedes” kysymly ýeňil awtoulaglaryň hereketine çäklendirme girizilýändigini habar berdi.
Berdimuhamedow COVID-19-a salgylanyp, owgan bosgunlaryny kabul etmekden ýüz öwürdi

Owganystanda “Talybanyň” ýowuzlygyndan we ar almagyndan howatyr edip müňlerçe adamyň ýurdy terk etmäge dyrjaşýan döwri, türkmen prezidenti “häzirki wagtdaky çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlarynda bosgunlary kabul etmek baradaky çözgüde sagdyn çemeleşmelidigini” aýdyp, görnüşinden bosgunlary öz serhet çäklerine goýbermekden ýüz öwürene çalym edýär. Ýatlatsak, mundan ozalam türkmen hökümeti jeňçilerden gaçyp türkmen serhedine sygynan owgan harbylaryny, bosgunlary, şol sanda etniki türkmenleri hem öz çäklerine geçirmändi. Galyberse-de, Russiýa hem Merkezi Aziýa döwlelerinde owgan bosgunlarynyň ýerleşdirilmegine garşy çykýar.

29-njy awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Şarl Mişel bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlary hem maslahat etdi.

Şarl Mişeliň bu duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda: “Gumanitar we adam hukuklary boýunça krizisiň öňüni almak, şeýle-de giň sebit üçin zorlukly ekstremizmiň we neşe gaçakçylygynyň töwekgelçiliklerine garşy göreşmek möhümdir. Merkezi Aziýa döwletlerine ÝB-niň goldawy mälim edildi” diýip, belledi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow bosgunlar meselesi bilen baglylykda “örän howply koronawirus ýokanjynyň giň möçberde ýaýramak töwekgelçiligine çynlakaý baha bermegiň zerurdygyny” hem aýdypdyr. Ýogsa türkmen häkimiýetleri ýurduň özünde koronawirusyň delta görnüşi sebäpli wirusa ýolugýanlaryň, ondan heläk bolýanlaryň sanynyň günsaýyn artmagy, öz ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada açyk çykyş eteäýärler, umuman, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem hasaba alman gelýärler.

Ýewropaly ýokary derejeli resmi bilen söhbetdeşligiň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Owganystan babatyndaky üç garaýyşyny hem mälim etdi, ýagny Türkmenistan:

Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär;
Ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, TOPH gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle-de Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýär;
Parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesini göz öňünde tutýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň agyr maliýe çökgünligini başdan geçirýän döwri, owgan halkyna zerur ynsanperwerlik goldawyny bermek boýunça anyk çäreleriň görülýändigi hem belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan goňşy döwlete, birnäçe ugurlar boýunça, elektrik energiýasyny ibermegini dowam etdirýär.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işleýändigini, şeýle-de “Talybanyň” wekilleri bilen serhediň goralmagy, gümrük, sanitariýa we barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça “yzygiderli gatnaşyklaryň” amala aşyrylýandygyny aýtdy. Maglumat üçin aýtsak, “Talybanyň” paýtagt Kabuly eýelemeginden soň, türkmen diplomatlary jeňçi toparynyň wekilleri bilen hem açyk gepleşikleri geçiripdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň başlygy bilen söhbetiniň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklarynyň işlerini dowam etdirýändikleri barada hem maglumat berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we “Talyban” Kabuldaky türkmen ilçihanasynyň daşyndaky partlamanyň puja çykarylandygy baradaky maglumatlary ret etdiler. Mundan öň, hindustantimes.com neşiriniň 28-nji awgustdaky habarynda Kabuldan gelýän ynamdar maglumatlar “Talybanyň” 26-njy awgustda, Kabul howa menzilinde bolan hüjümden soň, Türkmenistanyň ilçihanasynyň golaýynda iki sany pakistanlyny tussag edendigini görkezýär diýip, aýdylypdy.
Emma “Talybanyň” metbugat wekili bu maglumaty ret etdi we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasyna hiç bir howpyň abanmaýandygyny aýtdy. Zabyhulla Mujahitiň bu sözlerini ýarym-resmi hökümetçi türkmen neşirleri hem öz saýtlarynda çap etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolsa, gürrüňi edilýän ilçihanada bu aýdylýan zatlar barada hiç bir maglumatyň ýokdugyny habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygmaga ugradýar

Pagta önümçiliginde ýyllarboýy mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri şu günler Lebap welaýatynda aliment üçin bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygymyna çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy awgustda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetler bu mejbury çäreleri welaýat kazyýetiniň bir karary bilen esaslandyrýarlar.

Azatlygyň habarçysy aliment tölemeli edilen onlarça müň adamyň aglabasynyň işsizdigini habar berýär.

Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan tankyt edilýär.

Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatynda aliment bergisi bolan adamlaryň Hojambaz, Kerki we Köýtendag etraplarynyň gowaça meýdanlaryna pagta ýygmaga iberilýändigini habar berýär. Bergili raýatlary pagta ýygymyna çekmek işlerine ýerli polisiýa edaralarynyň işgärleri gözegçilik edýär.

Diňe Farap etrabynyň özünde ýüzlerçe raýat aliment sebäpli pagta ýygmaga iberilipdir.

Sebit resmileri bu çäreleri “ýygymy netijeli alyp barmak maksady bilen” diýip düşündirýärler. Ýerli ýaşaýjylar dowam edýän pagta ýygym möwsüminde “mejbury zähmetiň bar bolan ähli ýollarynyň ulanylýandygyny” aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy kazyýetdäki çeşmelerine salgylanyp, Lebap suduna soňky üç ýylda gowşan şikaýatlaryň aglabasynyň aliment we aýrylyşmak meseleleri bilen baglydygyny habar berýär.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri, hususan-da soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri, raýatlaryň aliment meseleleri bilen içgin gyzyklanýarlar.

Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda aliment töläp bilmedik raýatlaryň “kemsidiji” suratlaryny köpçülik ýerlerinde asdy. Şu ýylyň 31-nji martynda Azatlygyň ýerli habarçylary ýurduň gündogar sebitlerinde aliment töläp bilmeýän adamlaryň sanynyň görnetin köpelendigini habar berdi.

Ýurtda dowam edýän ykdysady we sosial krizisiň fonunda Türkmenistan, synçylara görä, öz ýakyn taryhynda maşgalasyny ekläp bilmeýän ýa-da aýalyndan aýrylyşan erkekleriň iň köpelen we köpelýän döwrüni başdan geçirýär.

Azatlygyň habarçysy dowam edýän pagta ýygym möwsüminiň fonunda Lebapda talyplardan hem öz orunlaryna ýygymçy tutmagyň talap edilýändigini habar berýär. Talyplar her gün harmana 80 kilogram pagta tabşyrmak bilen borçlandyrylýar.

Bu aralykda, şu günler Mary welaýatynda hem pagta ýygym möwsümi güýçli depginde “mejbury zähmet” bilen dowam edýär.

Biziň habarçymyz döwlet edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden öz ornuna ýygymçy tutmak üçin pul ýygnalýandygyny habar berýär.

Türkmen häkimiýetleri dürli maksatlar üçin, şol sanda “tebigaty goramak üçin”, “prezidentiň portretlerini satyn almak üçin”, “tigir satyn almak üçin” we beýleki maksatlar bilen ýyllarboýy býujet işgärlerinden pul ýygnap gelýär.

“Pagta ýygymyna hakyna tutma işgärleri alyp gidýärler. Býujet işgärlerinden hakyna tutma ýygymçylar üçin pul ýygnalýar. Her edara azyndan 10 adam ugratmaly edildi. Hakyna tutulýan işçilere 20-30 manat aralygynda pul bermeli” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Maglumata görä, hakyna tutulan ýygymçylar şu günler diňe gündizlerine pagta ýygmaga ugradylýar. Ýöne sentýabr aýyndan başlap, her edara-kärhanadan 10-15 töweregi adamyň ýygyma ýatymlyk iberilmegine garaşylýar.

Azatlygyň habarçysy ýygyma 10 gün möhlet bilen ugradylan bir hakyna tutma işçi üçin býujet işgäriniň 400 manat töweregi çykdajy etmeli boljakdygyny habar berýär.

“Pagta ýygymyna býujet işgärleriniň özleri ugradylmaýar, diňe hakyna tutulan ýygymçylar ugradylýar” diýip, býujet işgäri gaýtalady.

Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmagy onuň pagtasynyň ABŞ-nyň Gümrük gullugy tarapyndan Birleşen Ştatlaryň çäginde 2018-nji ýylda gadagan edilmegine alyp geldi.

Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitiň gowaça meýdanlarynda suwsuzlyk sebäpli hasylyň pesdigini habar berýär.
Muňa garamazdan, hökümetçi “Biznes Türkmenistan” neşiri bu ýyl kadaly howa şertleri sebäpli ýurduň dürli sebitlerinde pagtanyň ir ýetişendigini habar berdi.

Türkmenistanda bu ýyl pagta möwsümine ir girişilmegi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň pagta plan borçnamasyny Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna çenli ýerine ýetirmegi welaýat häkimlerine we oba hojalyk resmilerine tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Ýöne heniz ýurt boýunça ýygym möwsümine resmi derejede badalga berilmedi.

Resmi maglumatlara görä, bu ýyl Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda koronawirusdan ölýänleriň sany bir günde 70 adama ýetdi

Türkmenistanda COVID-19 ozal görlüp-eşidilmedik derejede giňden ýaýraýar. Paýtagt Aşgabatda koronawirus bilen keselleýänler göz-görtele köpelýän mahaly, ondan ölýänleriň sany günde 70 adama ýetýär. Şäheriň hassahanalary näsaglardan dolan mahaly, käbir syrkawlar Yzgant obasyndaky täze keselhana ýerleşdirilip başlandy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde karantin çäklendirmeleri has-da güýçlendirilip, diňe dermanhanalardan we bir bazardan başga, söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi ýapyldy. Şeýle-de, bu nokatlaryň gapylaryna olary açmagyň gadagandygy barada ýörite kagyzlar ýelmenildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylary maglumat berýärler.

Paýtagtyň saglyk müdirligindäki çeşmämiziň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, anna güni, has takygy 27-nji awgustda Aşgabat boýunça wirusdan ölenleriň sany 70 adama ýetdi.

"Wirusyň güýçli tolkuny Aşgabada gelip ýetdi. Şäheriň köp gatly jaýlarynyň tas her birinde 10-dan gowrak maşgala wirus ýokaşan. Näsaglaryň aglaba bölegi öýlerinde bejergi alýar. Ýaşaýjylara zerur bolmadyk ýagdaýynda öýlerinden çykmazlygy maslahat berýäris" diýip, çeşmämiz 30-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol şäheriň tas ähli hassahanasynyň wirus ýokuşan näsaglardan doludygyny aýdyp, indi käbir syrkawlaryň Yzgant obasyndaky täze keselhana ýerleşdirilip başlanylandygyny hem aýtdy.

Bellesek, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Ýokanç keseller hassahanasy ýurtda koronawirusyň ilkinji tolkunlaryndan soň, ýagny geçen ýylyň 13-nji noýabrynda açylypdy.

TDH Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň doglan obasynda açylan 200 orunlyk bu hassahanada ýiti respirator kesellerini bejermek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini habar beripdi. Şeýle-de, resmi habarda keselhananyň barlaghanasynda COVID-19 keselini döredýän wirusy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän enjamyň hem oturdylandygy aýdylypdy.

"Bu keselhanany uzak wagtlap kowid näsaglaryna bermek islemediler. Häzirki wagt oňa koronawirus näsaglary kabul edilip başlanan bolsa-da, onda diňe ýokary derejeli tanşyň bolsa bejergi alyp bolýar. Ýagny näsaglary diňe saglyk ministri ýa-da onuň orunbasary jaň etse kabul edýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şol bir wagtda, ol şäheriň ýokanç keseller we beýleki hassahanalarynda özüni "sähel gowy duýup başlan" koronawirus näsaglarynyň keselhanadan çykyp, öýlerine gitmäge mejbur edilýändigini hem belledi.

Bu habarlaryň arasynda, ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýan türkmen häkimiýetleri wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini has-da güýçlendirýärler.

Aşgabatda berk maska režimi güýje girizildi. Şäheriň bazarlaryndaky, dükanlaryndaky we dermanhanalaryndaky satyjylar hökmany maska geýmeli edildi.

Lebabyň Türkmenabat şäherinde hem, karantin çäklendirmeleri günsaýyn güýçlendirilýär. Häzirki wagtda şäherde diňe dermanhanalar we bir bazar - "Gök bazary" - açyk bolup, galan söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi ýapyldy. Ýatlatsak, 26-nji awgustda Türkmenabadyň 4-nji we 5-nji belgili bazarlary we metjitleri hem ýapylypdy.

"Gök bazary çäklendirilen režimde işleýär. Bazaryň dört derwezesiniň üçüsi ýapylyp, häzirki wagt diňe bir derwezeden girip-çykmaly edildi. Adamlar bu derwezeden girende ellerini hökman dezinfeksiýa etmeli. Derwezäniň girelgesinde aýak astynda ýörite hlorly mata goýlupdyr. Adamlar şonuň üstünden basyp, köwüşlerini öllemeli" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, şäherde gurluşyk harytlaryny, egin-eşikleri, awtoulag we mal satýan bazarlaryň, santehnika we mobil telefon satýan dükanlaryň, tikinçilik sehleriniň, dellekhanalaryň we gözellik salonlarynyň hemmesi bir bada ýapyldy. Awtoulag we haly ýuwýan nokatlaryň, kafeleriň, garbanyşhanalaryň we toý mekanlarynyň işi hem duruzyldy.
"Ozal görlüp-eşidilmedik karantin çäklendirmeleri has-da berkeýär. Häzir ýapylan söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň gapylaryna olary açmagyň gadagandygy barada ýörite kagyzlar ýelmenildi. Toý sähedi awgustyň soňky ongünlüginde diýlip kesgitlenen ýaşlar öz durmuş toýlaryny obalardaky uly jaýlarda we olaryň howlularynda geçirmeli boldular" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, welaýatyň käbir obalarynda ýaşulular ilat bilen ýörite ýygnaklary geçirip, olara köpçülikleýin ýerlerine barmagyň, jan saglygyna sadaka bermegiň we oturşyklary geçirmegiň "gadagandygyny" duýdurýarlar.

"Jynaza çärelerine baranyňyzda iki metr aralygy saklaň, ýüzüňizde hökman maska bolsun, ol ýerde gap-çanaklary köpçülikleýin ulanmaň hem diýýärler" diýip, bu ýygnaklaryň birine gatnaşan lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, agzalan hassahanalardan, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky hepdelerde ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň görnetin köpelmeginiň arasynda, dürli sebitlerde hassahanalar, etraplar we obalar yzygiderli karantine alyndy. Şeýle-de, bazarlaryň, söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň ençemesi ýapyldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Resmi metbugat hem, ýurduň dürli künjeginde güýje girizilýän ätiýaçlyk çäreleri barada hiç hili gürrüň gozgamaýar.
Bir hepdäniň dowamynda Aşgabatda ikinji ýaşaýyş jaýy ot aldy

Soňky birnäçe günüň dowamynda paýtagt Aşgabatda ikinji ýaşaýyş jaýy ot aldy. Bu ýagdaýlara garaşsyz turkmen.news neşiri üns çekýär.

Maglumata görä, 30-njy awgustda gije sagat 3-ler töweregi paýtagtyň 6-njy etrapçasyndaky – “Lälezar” bazarynyň we “Berkararlyk” etrap polisiýa bölüminiň golaýyndaky – 50-nji belgili jaýda ýangyn emele gelipdir. Neşiriň bu waka bilen bagly çap eden suratynda dört gatly ýaşaýyş jaýynyň üçeginiň dolulygyna oda bürelendigini synlasa bolýar.

Turkmen.news ýangyny söndürmek işlerine bäş ýangyn söndüriji ulagyň çekilendigini, şeýle-de polisiýanyň ýangynyň elektrik simlerindäki näsazlyk sebäpli ýüze çykandygyny çaklaýandygyny belleýär.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda jaýyň ýörite niýet bilen otlanan bolmagynyň mümkindigi barada gürrüňleriň edilýändigi hem bellenilýär. Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, geçen hepde gürrüňi gidýän jaýyň ýerzemini hem otlamak synanyşygy bolupdyr. Azatlyk bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere häzirlikçe ne tassyklatmagy, ne-de inkär etdirmegi başardy.

Ýangynyň netijesindäki heläkçilikli ýagdaýlar barada maglumat ýok. Paýtagtyň resmileri, şol sanda döwletiň eýeçiligindäki habar serişdeleri hem duşenbe güni ýüze çykan hadysa barada maglumat bermeýärler, şeýle-de häkimiýetler Azatlygyň bu baradaky soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Bu ýangyn soňky hepdäniň dowamyndaky Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda bolan ikinji betbagtçylykdyr. 24-nji awgustda paýtagtyň 11-nji etrapçasynda, “Hudaýberdýew” we “Azatlyk” köçeleriniň çatrygynda bir köp gatly jaýyň üçeginde turan ýangynyň gara tüssesi köp adamyň ünsüni çekipdi.

Bu barada habar beren turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, ýangyna ýaşaýyş jaýynyň üçeginde goýlan sowadyjy blogynyň otlanmagy sebäp bolupdyr.

Garaşsyz neşirleriň ozal habar berşi ýaly, türkmen häkimiýetleri ýyllar boýy sowadyjylara garşy göreşip, olaryň jaýlaryň görküni bozmagyna ýol bermezlige çalyşýarlar. Garaşsyz neşiriň habarynda üçekde oturdylan sowadyjynyň otlanmagy sebäpli tutan ýangyndan ejir çekeniň ýokdugy aýdylýar.

Soňky aýlaryň dowamynda paýtagt bilen birlikde, ýurduň beýleki administratiw merkezlerinde hem köp otagly ýaşaýyş jaýlary ot aldy.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, 26-njy iýulda Marynyň merkezindäki köp kwartiraly jaýda turan ýangyn netijesinde ýaralanan aýal soňy bilen hassahanada ýogalypdy. Şeýle-de 6-njy iýulda Türkmenabat şäheriniň Gagarin etrabynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýynda partlama bolup, dört gatly binanyň iki gaty ýumrulypdy. Bu partlama netijesinde bir çaga öldi we 11 adam keselhana ýerleşdirildi. Fewralda Daşogzuň Gurbansoltan eje etrabyndaky ýaşaýyş jaýynda dörän ýangynda ýedi çaga heläk bolupdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtdaky heläkçilikli hadysalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryndaky uly we adam pidaly ýangynlar barada ilata düýbünden habar bermeýärler.
Aşgabadyň obalarynda ölüm derejesi ýokarlanýar. Maryly söwdagärler bazarlaryň ýapylmagyna nägilelik bildirýär

Türkmenistanda COVID-19 ozal görlüp-eşidilmedik derejede giňden ýaýraýan mahaly, aşgabatly saglyk işgärleri wirusyň bu tolkunynyň geçen ýyldakydan has güýçlidigini aýdýarlar. Paýtagtda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, şäheriň etegindäki obalarda ölüm derejesi has-da ýokarlanýar. Mary welaýatynda wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çäreleriniň çäginde bazarlar ýapylýan mahaly, güzeran eklenji bazarlardaky söwda garaşly ilat bu çärelere garşylyk görkezip, azyk harytlaryny çem gelen ýerde satmaga synanyşýar. Bu aralykda, garaşsyz neşir Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň teswirnamasyndan tabşyryklaryň göçürmesidigi aýdylýan maglumatlary çap etdi.

"Şu günler Aşgabat şäherinde saglyk öýleriniň işgärleri, şepagat uýalary ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, wirus ýokuşan raýatlary anyklamaga synanyşýarlar. Hytaý sanjymyny etdiren raýatlaryň arasynda wirus bilen agyr keselleýänler we ondan ölýänler örän köp. Sanjym edilen dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda ölüm derejesiniň ýokarlanmagy ilaty aladalandyrýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran paýtagtly saglyk işgäri 31-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň etegindäki obalarda wirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň sany görnetin artýar. "Obalarda ilaty waksina etmek derejesi örän pesdi" diýip, saglyk işgäri wirusyň häzirki tolkunynyň geçen ýyldakydan has güýçlidigini hem belledi.

Şu aýyň başynda Germaniýa tarapyndan dünýäde COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli döwletleriň sanawyna goşulan Türkmenistan ýurtda bu wirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun alman gelýär.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň köpelýändigi barada Azatlykda we garaşsyz neşirlerde çykýan habarlaryň arasynda, wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini yzygiderli güýçlendirýärler. Bu çäreleriň çäginde beýleki karantin çäklendirmeleri bilen bir hatarda, ýurduň dürli künjeginde bazarlaryň we söwda merkezleriniň onlarçasy ýapyldy.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, geçen hepdäniň başyndan bäri bu welaýatda azyndan 10 bazar ýapyldy. Häzirki wagt sebitde azyk satylýan bazarlaryň we dükanlaryň diňe käbiri açyk bolmagyna galýar.

Habarçymyz bazarlaryň ýapylmagynyň güzeran eklenji bazarlardaky söwda garaşly ýüzlerçe telekeçä ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzir kiçi we orta söwdagärler maddy zyýan çekmejek bolup, harytlaryny çem gelen ýerde satmaga synanyşýarlar.

"Baýramalynyň bazaryny ýapyp, onuň daşyna demir haýat aýladylar, bazara awtoulag girmez ýaly etdiler. Ýöne satyjylar bazaryň ýapylandygyna garamazdan, polisiýa tarapyndan kowulsalar-da, ýene aýlanyp gelip, bazarda ýa-da onuň töwereginde öz harytlaryny satmaklaryny dowam etdirdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly söwdagär habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, geçen hepdäniň ahyrynda bazaryň töweregine gözegçilik edýän ýol polisiýasynyň sany köpeldildi. Olar bazaryň töwereginde ulaglaryň goýulmagyna rugsat bermediler.

Şondan soň söwdagärler awtoulaglaryny bazaryň golaýyndaky köçelerde goýup, harytlaryny ulaglarynyň içinde satyp başladylar. Bu söwdagärler beýleki azyk we senagat harytlary bilen bir hatarda, esasan okuw egin-eşiklerini we esbaplaryny satýarlar.

"Bu ýerde başagaýlyk... Okuwçy çagalar, hususan-da gyz çagalar köçäniň ugrunda eşikleri deňäp, geýip görmeli bolýarlar. Bir ene "hökümetiň başynda oturan prezident türkmenleri halys masgara etdi" diýip, nägileligini beýan etdi" diýip, söwdagär şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, polisiýa işgärleri bazaryň töweregindäki söwdany hem togtatmaga synanyşýarlar. Olar söwdagärlere "şu günler keselçiligiň juda köpdügini" aýdyp, olardan bu ýerden gitmegi talap edýärler.
"Polisiýa işgärleri "keselçiligiň juda köpdügini hemmämiz bilýäris. Şonuň üçin, gaýrat edip, bu ýere üýşmäň" diýip haýyş edýärler. Ýöne satyjylar "Biziňem hojalygymyzda şol kesel bar. Ýöne biz çöregimizi şu bazardan iýýäris. Çagalarymyzy eklemeli. Dermanlaryň, azyk önümleriniň nyrhyndan habaryňyz ýokmy? Hökümet wirus diýip, bazary ýapsa-da, bize hiç hili maddy goldaw bermeýär" diýip, polisiýa jogap berýärler" diýip, söwdagär şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, habarçymyz welaýatda wirusdan ýogalýanlaryň görnetin artmagy bilen, köp obalarda ölen adamlary jaýlamak üçin öwülýäde mazar gazýan raýatlaryň irdenden tä agşama çenli işleýändigini aýdýar.

"Bir obada her gün azyndan 3-4, käte ondan hem köp adama mazar gazýaryn. Ölýän adamlar örän köp. Men we men ýaly mazar gazýan beýleki ildeşlerim indi her gün öwlüýä gatnap ýörmän, şol ýerde bolubereli diýýäris" diýip, mazar gazýan maryly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň teswirnamasyndan tabşyryklaryň göçürmesidigi aýdylýan maglumatlary çap etdi.

türkmen.news neşiriniň 30-njy awgustdaky habaryna görä, tabşyryklar toparyň şu ýylyň 29-njy awgustynda geçirilen mejlisinde kabul edidi.

Olaryň arasynda şu aşakdakylar bar:

Sentýabr aýynda "Türkmenhowaýollary" agentliginiň hasabyna koronawirusa garşy sanjymy getirmek üçin Hytaýa uçar iberiler. Uçaryň ugry: Türkmenabat-Pekin-Aşgabat.
Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda, ýörite orta bilim berýän edaralarda we orta mekdeplerde (7-11 synp okuwçylary üçin) 1-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda okuwlar distansion tertipde amala aşyrylar. 1,2,3 kurs talyplar sapaklaryna distansion görnüşinde umumy ýaşaýyş jaýlaryndan gatnaşarlar. Paýtagta gelmegi başaran gumanitar we lukmançylyk hünärleriniň 4-nji, 5-nji we 6-njy kurs talyplary (jemi 8852 adam) ýörite otlylar bilen tapgyrlaýyn yzyna iberilmeli.
Möwsümleýin keseliň epidemiýasy ýüze çykan halatynda işgärleri dynç alşa ibermeli. Bu, ilkinji nobatda töwekgelçilikli toparlara girýän işgärlere degişlidir.
Aşgabatdan Türkmenbaşa we ýurduň beýleki şäherlerine uçar gatnawlary günde diňe bir gezek amala aşyrylar.
Daşary ýurtlarda alnan diplomlary ykrar etmek boýunça döwlet synaglarynyň 1-nji noýabra çenli yza süýşürilmegi teklip edilýär.

Azatlyga bu maglumatlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatnak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyndan hem kommentariýa alyp bolmady.

Ýöne bu habar ýurtda 1-nji sentýabrdan başlap giň gerimli karantin çäreleriniň güýje girizilmegine garaşylýandygy barada habarçylarymyzyň beren maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi.
Halkara pul gaznasy Türkmenistana $325 million möçberinde pul serişdesini bölüp berdi

COVID-19 pandemiýasynyň arasynda Halkara pul gaznasynyň dünýä ýurtlary üçin bölüp bermegine garaşylan maliýe serişdeleriniň möçberi mälim boldy. Gurama her döwletiň paýyna düşýän maliýe serişdeleriniň möçberini özüniň resmi web-saýtynda çap etdi. Muňa laýyklykda, Halkara pul gaznasyndan Türkmenistanyň paýyna düşýän maliýe serişdesi 228 million 700 müň SDR-a barabar bolar. Bu möçber dollar hasaby bilen takmynan $325 million dollara barabardyr.

Hasabata görä, Halkara pul gaznasy 190 ýurda jemi $650 millard töweregi pul serişdesini bölüp berýär. Maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi şu ýylyň 23-nji awgustynda öz güýjüne giripdir.

“Bölünip berlen serişdeler ähli agzalaryň ätiýaç gorlaryna bolan uzak möhletli global zerurlygyny çözmek, ynam döretmek we dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça peýdaly bolar” diýip, HPG aýdýar.

Şeýle-de, gurama bu maliýe serişdeleriniň pandemiýa garşy göreşmekde täsirli boljakdygyny aýdýar.

“Bu hususan-da iň gowşak ýurtlaryň COVID-19 pandemiýasynyň täsirine garşy göreşmeklerine ýardam berer” diýip, Halkara pul gaznasy aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurda iberilýän halkara maliýe ýardamlarynyň haýsy pudaklara gönükdirilýändigi barada aç-açan hasabatlar bilen çykyş etmeýär.

Has ozal, iýulyň başlarynda Bütindünýä banky Türkmenistana COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin 20 million dollar möçberinde pul serişdesini karz berdi. Bu barada Bütindünýä bankynyň resmi web-saýty habar berdi.

Maglumata görä, Bütindünýä banky hususan-da Ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygyny üpjün edýän Meýilnamanyň çägindäki ileri tutulýan çäreleri goldar. Bu ýurt derejesindäki koordinasiýany güýçlendirer, howplar baradaky maglumatlar elýeterliligini we ilat bilen aragatnaşygy gowulandyrar, şeýle-de test, garşy göreş, ýokanç kesilleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek mümkinçiliklerini güýçlendirer diýip, beýanatda bellenilýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti şu wagta çenli ýurtda hiç hili COVID-19 hadysasyny resmi taýdan hasaba almady. Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli lukmanlara salgylanyp, şu wagta çenli ýurt boýunça ençeme COVID-19 hadysalarynyň ýüze çykarylandygyny habar berýärler.

Media maglumatlaryna görä, Halkara pul gaznasynyň işgärleri agza ýurtlara 650 millard dollar möçberinde pul serişdesiniň bölünip berilmegini guramanyň dolandyryjy geňeşine mart aýynda teklip etdi.

Halkara pul gaznasy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystana takmynan $1 millard 600 millon, Özbegistana $750 million, Gyrgyzystana $242 million, Täjigistana $236 million dollar möçberinde pul serişdesini bölüp berdi.

Russiýa halkara gaznadan $17 milliard, Türkmenistanyň goňşusy Eýran $4 millard 800 million alar.

Walýuta fondy mundan ozal, 2009-njy ýylda bolan global ykdysady krizisiň dowamynda agza ýurtlara 250 millard dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp beripdi.

SDR Halkara pul gaznasynyň pul birligi bolup, gaznanyň bölüp beren maliýe serişdeleri agza ýurtlaryň merkezi banklaryna ätiýaç gor hökmünde geçirilýär we ýurtlaryň merkezi banklary öz aralarynda bu serişdeleriň üsti bilen hasaplaşyk geçirip bilýär.
"Awaza" syýahatçylara ýapylan mahaly, prezident zolagyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu waka "Awazada" dynç alýan raýatlaryň hiç bir düşündiriş berilmezden, milli syýahatçylyk zolagyndan çykarylmagynyň we sebitiň syýahatçylara ýapylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 30-njy awgustda geçirilen iş maslahatynda Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedowy Awaza etrabynyň häkimi we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşatdy.

Döwlet baştutany munuň sebäplerini düşündirmezden, bu wezipelere Döwlet Rozymyradowiç Jumaýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Berdimuhamedow Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykowy Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Gurbanmyrat Arazgulyýewiç Nyýazowy belledi.

TDH-nyň habarynda bu wezipe çalşygynyň sebäpleri düşündirilmeýär. Ýöne bellesek, bu waka "Awazada" dynç alýan raýatlaryň hiç bir düşündiriş berilmezden, milli syýahatçylyk zolagyndan çykarylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

"27-28-nji awgustda Awazada dynç alýan raýatlar hiç bir sebäp görkezilmezden, sebitden kowuldy. Diňe sebäpsiz däl, eýse syýahatçylaryň beýleki welaýatlardaky öýlerine aşmagyna hem ýardam berilmedi. Olaryň myhmanhanalara tölän pullary hem köýdi, sebäbi ony yzyna gaýtaryp bermediler" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz 31-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Çeşmämiziň sözlerine görä, muňa 25-nji awgustda Aşgabatdan Awaza gelen syýahatçylaryň 4 sanysynda koronawirusyň "delta" görnüşiniň anyklanmagy sebäp boldy.

"Häzir Awazanyň ähli ýerinde dezinfeksiýa işleri geçirilýär. Hatda Awaza şypahanasyny hem ýapdylar. Myhmanhanalarda işleýänleriň ählisini karantine ugratdylar" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Awaza etrap häkimliginden we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň baş müdirliginden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu waka ýurduň dürli künjeginde koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň sanynyň görnetin köpelýän, karantin çäklendirmeleriniň güýçlendirilýän mahalyna gabat geldi.

Habarçymyz myhmanhanalardan duýdansyz çykarylan syýahatçylaryň anyk sanyny anyklap bilmedi. Ýöne ol bu ýagdaýyň ýurduň dürli künjeginden dynç almaga gelen raýtalarda birgiden kynçylyklary döredendigini aýtdy.

Syýahatçylaryň aglabasy, sebitde ýerli uçar we otly gatnawlary kadaly hereket etmeýändigi sebäpli, "Awazadan" çykarylandan soň dessine öýlerine dolanyp bilmedi.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalarynyň arasynda, halkara uçar gatnawlary bilen birlikde, ozal gowşadylan ýerli transport hereketini, şol sanda uçar we otly gatnawlaryny hem çäklendirdiler. ​

Syýahatçylar Türkmenbaşydaky myhmanhanalara ýa-da şäherdäki kwartiralara ýerleşmeli boldular. Habarçymyzyň aýtmagyna görä, bu bolsa myhmanhanalarda otaglaryň "para bilen alynmagyna", kwartiralaryň bir günlük kireýiniň gymmatlamagyna getirdi.

"Bir adam bir gün "Türkmenbaşy" myhmanhanasynda galmak üçin 300 manat, "Çarlak" myhmanhanasynda galmak üçin 500 manat para bermeli boldy. Bu myhmanhanalaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhy 150-280 manada barabar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şäherde kwartiralaryň bir günlük kireýi 400 manada, Aşgabada gidýän taksileriň bir adam üçin kireýi 1000 manada ýetdi.

Bu aralykda, "Awaza" dynç almaga baran syýahatçylaryň myhmanhanalardan çykarylandygy barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem habar berdi.

Garaşsyz neşiriň 30-njy awgustda çap eden habarynda 26-njy awgustda sebitdäki polisiýa işgärleriniň Awaza syýahatçylyk zolagynyň girelgesini syýahatçylara ýapandygy habar berildi.
"27-nji awgustda myhmanhananyň işgärleri we polisiýa [işgärleri] adamlardan agşam sagat 6-a çenli otaglaryny boşatmagy soradylar. Şol günden başlap "Awaza" myhmanhanalaryň işgärleri hem goýberilmedi" diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Bellesek, şu aýyň dowamynda "Awaza" syýahatçylyk zolagy indi ikinji gezek syýahatçylara ýapyldy. Şu aýyň birinji ongünlüginde "Awazanyň" syýahatçylara ýapylmagyna sebitde prezident Berdimuhamedowyň we başga-da birnäçe ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda halkara çäreleriniň geçirilmegi sebäp bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri "Awaza" syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylara ýapylmagy barada ne şu aýyň başynda, ne-de häzirki pursatda habar berýärler.

Türkmenistan pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar.