HABAR.turkmen
122 subscribers
13 photos
340 links
Iň täze we möhüm habarlar! Самые актуальные новости! +420 773 797 383
Download Telegram
Sürüji ýol hadysasynda heläk bolan düýeleriň öwezini dolmaly edildi

Awgustyň ahyrynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän bir magistralyň ugrunda bolan ýol hadysasynyň jikme-jiklikleri aýan bolýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, geçen aýyň ahyrynda bir hususy kärhananyň adyna bellige alnan “DAF” kysymly ýük ulagy ýol hadysasyna uçrapdyr.

Ýol hadysasyna garaşylmadyk ýagdaýda ýük ulagynyň öňünden çykan bir topar düýe sebäp bolupdyr.

Ýol üstünde bir topar düýe gören sürüji ulagy saklap ýetişmeýär we düýe sürüsine baryp urýar. Netijede, birnäçe düýe ölüpdir we ýük ulagy agyr zyýan çekipdir. Bu hadysada başga ejir çeken ýok, ýöne, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, ulag sürüjisi heläk bolan düýeleriň öwezini dolmaly edildi.

Habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, “DAF” kysymly ýük maşyny halkara ulag we logistika hyzmatlaryny hödürleýän we düýbi Aşgabatda ýerleşýän bir hojalyk jemgyýetiniň inwentarynda hasaba alnan ekeni. Ulag Mary welaýatynyň administratiw merkezine şireli içimlik alyp barýan ekeni.

Azatlyk Radiosy ýol hadysasyna uçran sürüjiniň, onuň işleýän kärhanasynyň hem-de kärhananyň eýesiniň şahsy maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar. Ulag hadysasy boýunça derňew işleriniň geçirilip-geçirilmändigi mälim edilmeýär.

Ýöne heläk bolan düýeleriň öwezini dolmaklyk hem-de zyýan çeken ýük ulagyny bejermeklik sürüjiniň boýnuna ýüklenipdir.

Radio bu hadysa boýunça Mary welaýatynyň polisiýa bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Habarçymyz ýük ulagyna müňlerçe manat möçberinde zyýan ýetendigini habar berýär.

Heläk bolan düýeleriň anyk sany mälim däl, ýöne wakanyň şaýatlary ölen düýeleriň sanynyň birnäçedigini aýdýar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, sürüji heläk bolan her bir düýe üçin 13 müň manat möçberinde kompensasiýa tölemeli edilipdir.

Üstesine, habarçymyz zyýan çeken ýük ulagyny abatlamak işleriniň sürüjiniň üstüne ýüklenendigini, munuň üçin onuň ep-esli mukdarda çykdajy etmeli boljakdygyny habar berýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň çäginde bolup geçýän ýol-ulag hadysalary boýunça statistiki maglumatlary çap etmeýär.

Bu aralykda, Türkmenistanda köçe-ýol howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär. Hökümet her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygyny yglan edýär. Resmi metbugat bu çäreleriň ýol howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendigini aýdýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan sürüjiler sentýabr aýyny ýol polisiýasynyň “para möwsümi” atlandyrýarlar.

Habarçylarymyza görä, biraýlygyň dowamynda köçelerde polisiýa işgärleri gürelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýol hereketiniň biraýlygyna badalga berilmegi bilen, sentýabryň başlarynda Lebap welaýatynda ýol-ulag hadysalarynyň artandygyny habar berdi.

Sebitde habarçylarymyza mälim bolan maglumatlara görä, 1-nji sentýabrda Türkmenabadyň eteginde bolan bir ýol hadysasynda iki adam aradan çykdy. Munuň yz ýany, Türkmenabat – Sakar ýolunyň ugrunda iki ýeňil awtoulagyň gatnaşmagynda bolan ýol hadysasynda alty adama şikes ýetdi.

Sentýabryň ortalarynda Aşgabatda bolan bir ýol hadysasynda motosiklde barýan bir PÝGG işgäriniň ulagy agdaryldy. Azatlygyň habarçylary ýol hadysasynda huşuny ýitiren polisiýa işgärine ötegçileriň bada-bat kömek bermändigini habar berdi.
Söwdagärler dollar ‘kadaly saklansa’, harytlaryny arzanlatjakdyklaryny aýdýarlar

Türkmenistanda gara bazarda dollaryň bahasynyň 25 manat derejesinde saklanýandygyna garamazdan, azyk we senagat harytlarynyň, şol sanda dermanlaryň hem bahalary dollaryň 30 manatdan hem aşa bahalanan döwründe kesgitlenen nyrhlarda bolmagynda galýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan söwdagärler, dollaryň bahasynyň bu ýagdaýda iň azyndan bir aý çemesi wagt saklanmagyny dowam etdiren ýagdaýynda, harytlarynyň bahalaryny peseldip başlamagy göz öňünde tutýandyklaryny aýdýarlar. Bu aralykda, ýurtda kartlardaky pullary nagtlaşdyrmakdaky dowam edýän kynçylyklaryň fonunda, Lebapda nagt däl görnüşdäki hasaplaşyk üçin raýatlaryň aýlyk girdejileri we pasport nusgalary talap edilip başlandy.

“Aşgabatda dollaryň satyn alyş nyrhy 25 manat 50 teňňe derejesinde saklanýar. Ýöne muňa garamazdan, hiç bir harydyň bahasyny peseltmeýärler. Diňe [Garaşsyzlyk] baýramynyň öňýany etiň bahasyny aşakladyp, 1 kilogramyny 35 manatdan satdylar. Emma çekilýän etiň ýarpysyndan gowragyny süňk we iýmite ýaramaýan bölekleri düzýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 29-njy sentýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň ýurduň beýleki sebitlerindäki habarçylary hem dollaryň bahasynyň ozalkysyna görä pese gaçmagynyň yzy bilen, azyk önümleriniň, durmuş enjamlarynyň we awtoulag üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň bahalarynyň arzanlamaýandygyny tassyklaýarlar. Şol bir wagtda, söwdagärler harytlaryny dollaryň ozalky, has ýokary bolan döwründe satyn alandyklaryny, şol sebäpli häzir olaryň bahasyny arzanladyp, zyýana galyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Eger-de dollaryň nyrhy iň azyndan ýene bir aý çemesi häzirki derejesinde saklansa, diňe şondan soňra dollaryň häzirki kursyna laýyklykda alan harytlarymyza baha keseris. Eger-de häzir ozaldan satyn alyp goýan harytlarymyzyň bahasyny peseltsek, onda girdejiden beter zyýana galýarys” diýip, lebaply hususy söwdagärleriň biri habarçymyza aýtdy.

Habarçymyz gündogar welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda 29-njy sentýabrda dollaryň gara bazardaky satyn alyş bahasynyň bir manat gymmatlap, 26 manada çenli ýetendigini belledi, şeýle-de sebitiň bazarlary bilen birlikde, dermanhanalarynda hem bahalaryň ozalkysy ýaly ýokary bolmagynda galýandygyny nygtady.

Galyberse-de, Azatlygyň bank ulgamyndaky çeşmeleri dollaryň nyrhynyň birden pese gaçyp başlamagyny, ýakynda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary toplumyna ýolbaşçy hökmünde bellenmegi bilen gönümel baglanyşdyrýarlar. Olaryň sözlerine görä, häkimiýetler munuň bilen kiçi Berdimuhamedowyň wezipä bellenmeginden soň ýurtdaky çöken ykdysady ýagdaýy gowulaşýan ýaly edip görkezmegi we onuň abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.

Bu aralykda, ýurduň raýatlarynyň bank kartlaryna geçirilýän zähmet haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyrmakdaky başdan geçirýän kynçylyklarynyň üstüne ýene-de goşmaça çäklendirmeler girizildi. Indi Lebap welaýatynyň dermanhanalarynda nagt däl hasaplaşyk üçin raýatlaryň pasport nusgalary we aýlyk girdejilerini görkezýän güwanama soralýar.

“Töleg terminallary ähli dermanhada ýok, barlarynyň aglabasynda-da işlemeýär. Indi kartyň bilen töleg etjek bolsaň aýlyk girdejini görkezýän güwanamany we pasportyňy soraýarlar” diýip, bu ýagdaýlary 28-nji sentýabrda başdan geçiren, şeýle-de adynyň efirde üýtgedilip Zafar diýlip tutulmagyny soran türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Zafar satyjyndan munuň sebäbini soranynda, ol käbir raýatlaryň başga birileriniň kartlaryndan töleg edip, soňra puluň belli bir bölegini tutup galyp, kartyň eýesine puly nagt görnüşinde berýändigini, soňky çäklendirmeleriň hem hut şu sebäpden girizilendigini aýdypdyr.

“‘Etse edipdir-dä, size näme?! Tölegi geçirse bolanydyr-da’ diýip, satyja ýüzlendim. Ol bolsa, soňundan käbir raýatlaryň, hatda bir maşgalanyň agzalarynyň hem kartyndan bidin ulanylandygyndan şikaýat edip gelýändiklerini öňe sürdi. Satyjy nobatda aýalanyň kartyny alyp gelen adamyň hem tölegini kabul etmekden ýüz öwürdi” diýip, 40 ýaşlaryndaky Zair sözüne goşdy.
Terminallar arkaly nagt däl görnüşde edilýän töleglere girizilen soňky çäklendirmeler barada, ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisi boýun almaýan türkmen hökümetiniň degişli edaralaryndan, şol sanda ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden we ýerli banklardan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary boýun almaýarlar we nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş hem bermeýärler. Muňa derek häkimiýetler bankomat nobatlaryny ýaşyryp, bu baradaky habarlara garşy göreşýärler.
Daşoguzda iki etrap karantine ýapyldy. Lebapda käbir çäklendirmeler gowşadylýar

Daşoguz welaýatynda koronawirusyň ýaýramagy has-da möwjeýär. Munuň bilen baglylykda, soňky iki hepdäniň dowamynda welaýatda iki etrap karantine ýapyldy. Aşgabat şäherinde koronawirusdan ölýänleriň köpdügine garamazdan, häkimiýetler Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, hassahanalardaky COVID-19 näsaglaryny öýlerine iberildi. Lebapda käbir karantin çäklendirmeleri gowşadylýan mahaly, mekdeplerde we çagalar baglarynda güýçli dezinfeksiýa işleri geçirildi. Global pandemiýanyň arasynda, türkmen hökümeti şu wagta çenli öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky hepdelerde Daşoguzda koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň aşa köpelmegi bilen, ençeme etrabyň we obanyň karantine ýapylandygyny aýdýar.

“Käbir obalar garymlar bilen beklendi. 10 gün çemesi ozal Nyýazow etrabyny karantine ýapdylar. Mundan ozal bolsa, Akdepe etraby karantine alyndy” diýip, ýerli ýaşaýjy 29-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtda hem koronawirusyň giňden ýaýramagynyň dowam edýändigini aýdyp, ölüm hadysalaryna her gün her etrapçada duş gelse bolýandygyny belleýär.

“Koronawirus bilen kesellänleriň köpüsi keselden soň trombyň üzülmegi netijesinde ölýär” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly saglyk işgäri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, ol ýurtda 27-nji sentýabrda bellenilen Garaşsyzlyk baýramyndan bäş-alty gün öň, şäheriň keselhanalaryndan, şol sanda Niýazow adyndaky hassahanadan koronawirus näsaglaryny boşatmak barada buýruk berilendigini hem belledi.

“Orta we ýeňil derejedäki näsaglary öýlerine iberdiler. Agyr hassalary Polimekse geçirdiler, ýöne baýramçylykdan birnäçe gün öň, bu ýerdäki näsaglary hem çykardylar” diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Habarçymyz koronawirus testleri pozitiw netije görkezýän raýatlaryň köpüsinde keseliň hiç hili alamatlarynyň ýokdugyny hem habar berýär.

“Köp adam başga sebäplere görä lukmana ýüzlenende, test tabşyrýar we şonda wirusa ýolugandygyny bilip galýar” diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatly bir ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan talyplaryň ençemesi Garaşsyzlyk baýramyna görülen taýýarlyklar döwründe özlerinden maskalary çykarmagyň talap edilendigini gürrüň berdi.

Ýöne olar taýýarlyklaryň geçirilen ýerinden öýlerine gaýdyp barýan pursady “maska düzgünini bozandyklary” aýdylyp, talyplaryň ençemesine pul jerimesiniň salnandygyny hem aýtdylar.

Bu habarlaryň arasynda, Lebap welaýatyndaky habarçymyz Türkmenabat şäherinde käbir karantin çäklendirmeleriniň gowşadylýandygyny habar berýär.

“Türkmenabatda ýerleşýän naharhanalaryň, kafeleriň we restoranlaryň bölekleýin işlemegine rugsat berildi. Olar öz gapylaryny müşderiler üçin açyp bilmese-de, taýýarlaýan naharlaryny müşderileriň öýlerine eltip bermek esasynda işlerini dowam etdirip bilýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde 29-njy sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz welaýatda pandemiýa bilen baglylykda girizilen berk karantin çäklendirmeleriniň 1-nji oktýabrdan başlap gowşadyljakdygy barada gürrüňleriň bardygyny, ýöne bu barada resmi maglumat berilmeýändigini hem habar berýär.

“Häzirki wagt hassahanalarda wirus näsaglarynyň azalandygy we 1-nji oktýabrdan başlap, olara beýleki hassalaryň hem kabul edilip başlanjakdygy aýdylýar. 1-nji sentýabrdan bäri Aşgabat-Türkmenabat aralygynda bir uçar gatnawy hereket edýär. 1-nji oktýabrdan munuň sanynyň ikä artdyryljakdygy barada gürrüňler bar” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz aýtdy.

Global pandemiýanyň arasynda, ýurtda koronawirusyň hasaba alnandygyny boýun almaýan türkmen häkimiýetleri soňky üç aýa golaý wagtyň dowamynda berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Ýurtda ençeme etrap, oba we hassahana karantine ýapyldy. Şeýle-de, bazarlar, dükanlar we ilata hyzmat ediş nokatlary wagtlaýyn işini bes etdi.
Bu aralykda, Lebabyň häkimiýetleri Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli okuwlar birnäçe gün ýatyrylan mahaly, Türkmenabadyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda güýçli dezinfeksiýa işlerini geçirdiler.

“Bu dezinfeksiýa işleri 26-njy sentýabrda şäheriň tas ähli mekdebinde we çagalar bagynda geçirildi. Ýerler hlorly suw bilen ýuwuldy we olary üç günläp goýmak tabşyryldy. 28-nji sentýabrda mugallymlar we terbiýeçiler hlorly ýerleri arassa suw bilen ýuwdylar. Dezinfeksiýa işleriniň nobatdaky tapgyrynyň 25-nji oktýabrda geçiriljekdigi duýduryldy” diýip, lebaply bilim işgäri anonimlik şertinde beren maglumatynda mekdeplerde sapaklaryň 29-njy sentýabrda gaýtadan başlanandygyny hem aýtdy.

Azatlyk bu aýdylan ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenabat Berdimuhamedowyň Özbegistana etjek saparyndan soň dolanmagyna taýýarlanýar

Türkmenistanyň esasy karantin zonasy Türkmenabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana etjek resmi saparyndan soň dolanmagyna güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Ýatlatsak, şu aýyň başynda türkmen hökümeti, anyk senesini aýdyňlaşdyrmazdan, Berdimuhamedowyň Özbegistana sapar etjekdigini mälim edipdi. 28-nji sentýabrda Regnum habar gullugy özbek hökümetindäki çeşmelerine salgylanyp, Berdimuhamedowy Daşkentde oktýabryň başky günlerinde garaşýandyklaryny habar berdi. Şol bir wagtda, Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportyndaky çeşmesi Berdimuhamedowyň saparynyň anyk senesiniň eýýäm belli edilendigini aýtdy.

“4-nji oktýabrda prezident Berdimuhamedowyň Daşkende ugramagyna garaşylýar. Ol soňy bilen dolananda, Türkmenabadyň aeroportynda COVID testini tabşyrmaly bolar. Bu sebäpli eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri şäheriň ähli býujet işgärlerini mejbury ýowarlara çekýärler, köçeleri abatlaýarlar” diýip, Azatlygyň bu ýagdaýlardan habarly çeşmeleriniň biri 30-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sentýabrda täjik paýtagty Duşenbede geçirilen sammitinden soň dolanmagyna hem güýçli taýýarlyk görülendigini, onuň ilki karantin zonasynda galjakdygy aýdylandygyny, emma soňy bilen bu planlaryň üýtgedilendigini hem ýatlatdy.

“18-nji sentýabrda hem Berdimuhamedowyň Täjigistandan gelmegine uly taýýarlyk görüldi, şäherde hususy awtoulaglaryň we kiçi awtobuslaryň hereketi çäklendirildi, prezidentiň rezidensiýasyna çenli aralykda ýollar petiklendi. Mundan başga-da, şähere beýleki welaýatlardan hem goşmaça polisiýa işgärleri getirilipdi. Emma Berdimuhamedowyň uçary gije 2-de Türkmenabada gondy, şol ýerde onuň testi alyndy we ol şähere hem girmän şol bada Aşgabada ugrady” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetiniň aýan edilmezligini soran çeşmämiz belledi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Berdimuhamedowyň Daşkentden soň Türkmenabada gonjakdygy anyk. Emma onuň şäherde karantine galjakdygy ýa-da ozalkysy ýaly test tabşyryp paýtagta ugrajakdygy aýan edilmeýär. Şonda-da ýerli resmiler şäherde uly taýýarlyk işlerini alyp barýarlar” diýip, nygtady.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda pandemiýa bilen bagly girizilen syýahat çäklendirmelerine laýyklykda, daşary ýurtdan dolanýan ähli ýolagçylardan koronawirus testi talap edilýär we ýurda dolanýan raýatlar 21 gün möhlet bilen karantinde saklanýar.

Ministrler kabinetiniň 6-njy sentýabrdaky mejlisinde Berdimuhamedowyň Daşkende etjek sapary bilen baglylykdaky berlen hasabatda saparyň çäginde gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara hem gol çekiljekdigi aýdylypdy.

Regnum habarlar gullugy bilen söhbetdeş bolan özbek resmileri saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky işewürler toparlarynyň arasynda hem forumyň geçiriljekdigini bellediler.

Ýatlatsak, 6-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň “Awazada” geçiren duşuşygyndan soň, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew özüniň türkmen kärdeşini Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrypdy.

Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň aprelinde Özbegistana döwlet saparyny, şeýle-de 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleriniň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrypdy.

Galyberse-de, 13-14-nji sentýabr aralygynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkende sapar edip, türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisine gatnaşypdy. Şonda taraplar söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmek we serhet söwda zolagyny döretmek barada ylalaşypdylar.

Şeýle-de, geçen hepde Lebap welaýatynyň wekiliýetçilik topary Özbegistanyň Buhara regionyna we Daşogzuň delegasiýasy demirgazykdaky goňşy döwletiň Horezm sebitine sapar edipdiler.
Trend habarlar gullugynyň maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar-iýul aralygynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 351,8 million dollara deň bolupdyr. 2021-nji ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça Türkmenistana özbek eksportynyň mukdary 100,9 million dollara deň bolupdyr. Bu wagt aralygynda Özbegistan hem 250,9 million dollarlyk türkmen harytlaryny import edipdir.
Balkanda ýene bir hassahana diňe koronawirus näsaglaryny kabul edip başlady

Balkanda koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelmegi bilen, welaýatyň ýene bir hassahanasy diňe wirus näsaglaryny kabul edip başlady. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada maglumat berýän habarçysy soňky bir hepdäniň dowamynda üç adamyň koronawirusdan ölendigini hem aýtdy. Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri karantin çäklendirmelerini öz güýjünde saklap, welaýatyň köçelerine hlor ergini garylan suwy sepmek işlerini güýçli depginde dowam etdirýärler.

"Balkanabatdaky welaýat keselhanasy koronawirus näsaglaryndan dolup, hassalaryň akymyna döz gelip bilmeýändigi sebäpli Türkmenbaşy şäheriniň ýokanç keseller hassahanasy hem wirus syrkawlaryny kabul edip başlady" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli saglyk işgäri 30-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu hassahanada Türkmenbaşynyň töweregindäki etraplardan, obalardan, şol sanda Gyýanlydan we Guwlymaýakdan gelen koronawirus näsaglaryna bejergi berilýär.

"Gynansakda, bu sebitiň lukmanlarynyň wirus näsaglary babatynda tejribesi pesligi sebäpli, koronawirusa ýoluganlaryň ölüm derejesi 25%-den ýokary bolmagynda galýar" diýip, saglyk işgäri sözüniň üstüne goşdy.

Habarçymyz saglyk işgärlerine salgylanyp, soňky bir hepdäniň dowamynda üç adamyň koronawirusdan ölendigini aýdyp, olaryň ikisiniň Türkmenbaşynyň jemagat hojalygy edarasynyň işgäridigini we biriniň Alina atly pensioner aýaldygyny hem belledi.

"Deňiz portunyň 10-a golaý işçisi-de Türkmenbaşynyň koronawirus näsaglary üçin niýetlenen hassahanasynda bejergi alýar. Bu hassahanada emeli howa ýetiriji enjamyna birikdirilen wirus näsaglarynyň 30-a golaýynyň saglyk ýagdaýy agyr dereje bolup, olaryň öýkenine ýiti zeper ýetipdir" diýip, habarçymyz saglyk işgäriniň sözlerini sitirledi.

Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň-da hasaba alnandygyny boýun almaýarlar. Şeýlelikde, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň resmi statistikasyny, ýurduň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, anyklamak başartmaýar.

Häzirki wagt Türkmenistan, habarçylarymyzyň we Azatlyk bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleriniň sözlerine görä, koronawirusyň üçünji - iň güýçli - tolkunyny başdan geçirýär. Olaryň birinjisi geçen ýylyň tomsunda, ikinjisi gyşynda bolan bolsa, soňky tolkun şu ýylyň iýulynda möwjäp başlady.

Türkmen häkimiýetleri soňky üç aýa golaý wagtyň dowamynda berk karantin çäklendirmelerini girizip, koronawirus howpunyň bardygyny gytaklaýyn bolsa-da tassyklaýarlar.

Häzirki wagtda ýurtda ençeme etrap, oba we hassahana karantine ýapyldy. Şeýle-de, bazarlar, dükanlar, ilata hyzmat ediş nokatlary we güýmenje desgalary ýapyk durýar. Sadakalary geçirmek gadagan edilip, jynaza çärelerine merhumyň diňe hossarlarynyň gatnaşmagyna rugsat berilýär.

Bu aralykda, ýurduň günbatar welaýatynaky habarçymyz köçelere hlor ergini garylan suwy sepmek işleriniň güýçli depginde dowam etdirilýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu işler ýangyn söndüriji gullygyň ýörite ulaglary bilen amala aşyrylýar.
Lebapda polisiýa bile oturan erkekleri gomoseksuallykda aýyplap, soraga çekýär

Ynsan hukuklaryny berk çäklendirmekde we kemsitmekde tankytlanýan Türkmenistan adamlary jynsy ugurlary boýunça yzarlamagyny, ýanamagyny dowam etdirýär. Azatlygyň Lebapdaky habarçylary bu günler sebitde polisiýanyň iki erkek kişiniň bile oturanyny görse, olary jynsy gatnaşygy saklamakda aýyplap, soraga çekýändigini belleýär. Ýatlatsak, Türkmenistan özara razyçylyk esasyndaky bir jynsly gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan az sanly ýurtlaryň hatarynda bolmagynda galýar.

“Lebabyň tas ähli iri etrabynda diýen ýaly iki erkek kişi ulagda ýa-da çaýhanada bilen oturan bolsa, polisiýa olary dessine saklap, soraga çekýär. Türkmenabadyň myhmanhanalarynda hem iki erkek kişiniň bir otagda galmagyna rugsat berilmeýär. Hatda golaýda baýramçylyk çäreleri üçin Daraganatadan gelen medeniýet işgärlerini hem aýratyn otaglarda bolmaga mejbur etdiler. Şeýle-de kimde-kim beýleki erkek kişiniň otagyna barsa, onda olaryň özara jynsy gatnaşyga geçendigi barada boýunça çekiljekdigini duýdurdylar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 1-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, habarçymyz häzir sebitdäki Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň polisiýanyň işgärleriniň arasynda hem özara jynsy gatnaşyklary saklamakda şübhelenýänleri ýüze çykarmak boýunça çäreleri alyp barýandygyny anyklamagy başardy.

Türkmen häkimiýetleriniň LGBT wekillerini “aýan etmek” boýunça alyp barýan bu soňky kampaniýasy, garaşsyz neşirde häzir Lebap sebitiniň merkezindäki polisiýa tussaghanasynda gomoseksual gatnaşyklarynda aýyplanýan 30 çemesi erkegiň saklanýandygy baradaky habarynyň yzýanyna gabat gelýär. “Turkmen.news” neşiriniň geçen hepde geren maglumatyna görä, ol adamlaryň 20-si bir iş boýunça tussag edilipdir.

Hukuk goraýjy edaralara ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, Türkmenabatda awgust aýynda gomoseksual gatnaşyklary saklamakda aýyplanyp saklanan tanymal dellek şindi hem goýberilmändir. Neşir bu erkegiň şahsy maglumatlaryndan habarlydygyny, ýöne olary etika düzgünleri sebäpli çap etmeýändigini belleýär.

Asly lebaply, ýöne soňky wagtlarda Aşgabatda işlän we türkmen şow-biznesiniň wekillerine saç bejermek hyzmatlaryny eden dellek häzir örän horlanypdyr, onuň kamerasynda şol iş boýunça aýyplanýan başga bir erkek hem otyr, ol özüniň masgaraçylyga çydamajakdygyny aýdyp gygyrýar we özüniň öldürilmegini talap edýär diýip, habarda bellenýär.

Çeşmäniň tassyklamagyna görä, “hemme zady özleriniň boýun almaklary we bir-birini satmaklary üçin, olary tussaghanada rehimsiz ýençýärler”.

Mundan başga, toparlaýyn jynsy gatnaşyk etmekde aýyplap, ýene 20-ä golaý adamy tussaglykda saklaýarlar. Olaryň köpüsi ýangyn söndüriji edaranyň işgärleri.

Bulardan başga, tussagda ýene birnäçe adam otyr, olary geý bolmakda güman edýärler we aýry kamerada saklaýarlar diýip, habarda aýdylýar.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndan ýokarky beýan edilen ýagdaýlar boýunça hiç hili kommentariýa ýa maglumat almak başartmady.

Türkmenistanda erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyk kanun esasynda ýazgarylýar we Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy arkaly jezalandyrylýar. Halkara hukuk toparlary resmi Aşgabadyň bu tejribäni bes etmegine çagyrýarlar.

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy jynsy gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli we bu gaýtalansa, 5 ýyldan 10 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryny bozýan we aç-açan kemsidiji kanun polisiýa geý we biseksual erkeklere azar bermäge, şol sanda olary talamaga, kemsitmäge, olaryň ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmaga mümkinçilik berýär" diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň geçen ýylyň maýynda çap edilen beýanatynda aýdylýar.

Galyberse-de, 2017-nji ýylda BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi bir jynslylaryň arasynda özara ylalaşykly hereketleriň jenaýatlaşdyrylmagyny "esassyz" diýip yglan etdi we türkmen hökümetini bu karary ýatyrmaga çagyrdy.
Durmuşyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda LGBT baradaky maglumat hem örän az. Türkmenistanda gomoseksuallykda şübhelenýänleriň hukuk goraýjy organlar tarapyndan basyşlara we gynamalara sezewar edilýändigi barada diňe garaşsyz habar serişdelerde, şol sanda Azatlyk Radiosynda habar berilýär.
Iýmäne çörek tapmaýandygyny aýdýan onlarça maryly prokuraturanyň öňüne üýşüp, prokurordan haraý gözleýär

Şu günler Marynyň ýaşaýjylary işsizlikden we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kyndygyndan şikaýat edip, Mary şäherindäki welaýat prokuraturasyndan haraý gözleýärler. Emma olaryň soraýan kömekleri we edýän arz-şikaýatlary netijesiz galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, soňky günlerde welaýat prokuraturasynyň binasynyň öňüne günde onlarça adam üýşüp, baş prokurora arzlaryny ýetirmäge synanyşýar. Ýöne prokuror häzirki güne çenli ilat bilen duşuşmaýar we olaryň isleýän haraýyna-da jogap bermeýär.

"Bu ýere üýşen adamlar çagalaryna bermäge çörekleriniň düýbünden ýokdugyny, eýýäm birnäçe gün bäri özleriniň-de çörek iýmändigini aýdýarlar. Köp adam prokuraturanyň gapysyndan kim çyksa, ylgap yzyndan barýar we öz hal-ýagdaýyny, güzeran eklenjiniň kyndygyny gürrüň berjek bolýar. Bir prokuratura işgäri adamlara "Siz salgyňyzy ýazyp, nobatça tabşyryp, öýüňize gidiň. Döwlet dükanlarynyň işgärleri un, ýag ýaly önümleri hökümet nyrhyndan öýleriňize eltip berer" diýdi. Adamlaryň köpüsi "Biziň şol harytlary satyn almaga-da pulumyz ýok" diýdi" diýip, waka şaýat bolan maryly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde 30-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, başga bir prokuratura işgäri bolsa, "bolýan zatlardan habarymyz bar. Biziň edip biljek zadymyz ýok" diýip, adamlary köşeşdirmäge synanyşdy.

"Işsizligiň, açlygyň çäresini tapman, siz bu stoly boş eýeläp otyrsyňyz" diýip, habarçymyz bir ýaş gelniň prokuratura işgärine eden ýüzlenmesini sitirledi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, prokuratura işgärleri we gapyda duran nobatçy bu ýere üýşen adamlara häkimlige baryp, arz-şikaýat bilen ýüzlenmegi hem maslahat berýärler.

Ýöne adamlar özleriniň bialaç prokuratura gelýändiklerini, sebäbi häkimlige ençeme gezek baryp, hiç hili haraý tapyp bilmändiklerini aýdýarlar.

"Edaralaryň birinden biri halky diňlemeli bolar ahyryn. Halk alaçsyz aç galdy diýip, bir gartaşan gelneje gözlerine ýaş aýlap, gapyda duran nobatça ýüzlendi" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Mary welaýat prokuraturasyndan telefon arkaly habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistan indi bäş ýyla golaý wagt bäri agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurduň dürli künjeginde işsizlik giňden ýaýrap, bazarlarda bahalar yzygiderli ýokarlanýar. Işsizlik we gymmatçylyk has köp maşgalany subsidirlenen azyk önümlerine garaşly goýýan mahaly, döwlet ilaty bu harytlar bilen-de kadaly üpjün edip bilmeýär.

Türkmen hökümeti ýurtda möwç urýan COVID-19 keseliniň hem-de pandemiýanyň fonunda has-da ýaramazlaşan ykdysady krizisiň hakyky gerimini aýan etmän, yzygiderli ösüş sanlaryny getirýär.

Şeýle-de, häkimiýetler heläkçilikli wirusyň, munuň bilen bagly çäklendirmeleriň, şol sanda uçar, otly gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň iş orunlaryna we raýatlaryň gazanç mümkinçiligine ýetiren zyýanlaryny hem açyk aýtmaýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary pandemiýanyň arasynda, ilatyň öňden-de ýaramaz durmuş şertleriniň has-da agyrlaşandygyny, dilegçileriň, zibil dörýänleriň köpelendigini habar berip gelýärler.

Şeýle-de, ýurtdaky ykdysady krizis saglyk krizisi bilen utgaşyp, sosial problemalary hem barha ýitileşdirýär, soňky aýlarda ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar barha artýar.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz soňky aýlarda ençeme çaganyň ýetim galandygyny, olaryň ene-atalarynyň koronawirus bilen aradan çykandygyny hem habar berýär.

"Ejesiz, kakasyz galan çagalara döwlet kömek puluny almak üçin resminamalary düzetmäge kömek etmek beýlede dursun, gaýta ol çagalaryň hojalyklaryndan 5000-6000 manat para soralýar. Bu parany berip bilmeýän hojalyklar sanardan kän. Şol sebäpli ýetim çagalaryň köpüsi ençeme aýlap pulsuz, kömeksiz galýar" diýip, bu ýagdaýlardan habarly bir maryly ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Şeýle-de, habarçymyz soňky döwürde öz çagalaryny ekläp bilmän, ýetimler öýüne ýa-da kömekçi internatlara tabşyrýan ene-atalaryň görnetin köpelýändigini hem belleýär.

"Ene-atalar çagalaryň iýjek çöreklerini berýärler diýip, bu ýerlere tabşyrýarlar. Olar çagalarynyň özleri ýaly kösençlikde däl-de, azajyk bolsa-da gowy durmuşda ýaşamagyny, kadaly naharlanmagyny arzuw edýärler. Çagalaryny ýetimler öýüne tabşyryp, soňra öz janlaryna kast edýän ene-atalar hem bar. Bu ýeter-ýetmezçilik, çaga aýraçylygy adamlaryň psihikasyna uly zeper ýetirýär" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti ne ýurt ilatyny “açlyk” derejesine çenli baryp ýetiren ykdysady krizisi, ne-de saglyk we sosial krizisi boýun alýar.
Häkimiýetler VPN hyzmatlaryny hödürleýän adamlara ýene basyş edýär

Türkmenistanda erkin maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri şu günler ýurtda alternatiw maglumat çeşmelerini petiklemek synanyşyklaryny, hususan-da VPN hyzmatlarynyň öňüne geçmek tagallalaryny güýçlendirýärler. Häkimiýetler şeýle synanyşyklarynyň çäginde VPN hyzmatlaryny hödürleýän adamlary saklaýar.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, 30-njy sentýabrda Lebap welaýatynyň Farap etrabynda dört telefon ussasy VPN hyzmatlaryny hödürlemekde güman edilip saklandy; häkimiýetler basyş çärelerini Türkmenabat şäherinde hem alyp barýarlar.

Ýerli kanun goraýjy edaralardaky bir çeşmäniň gizlinlik şertlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatlaryna görä, telefon ussalaryna garşy göreşe ýerli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gatnaşýar.

Çeşmäniň sözlerine görä, tussag edilen telefon ussalaryna olaryň howpsuzlyk edarasynda soraga çekiljekdikleri we soňra boşadyljakdyklary aýdylýar.

Kanun goraýjy edaralara ýakyn çeşme VPN hyzmatlaryny hödürleýän ussalara uly möçberde jerime töledilmek hem-de 15 gije-gündiz tussag edilmek howpunyň abanýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda Internet torundan peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk VPN hyzmatlaryny gadagan etmeýär.

Muňa garamazdan, iş ýüzünde türkmen režimi raýatlaryň Internet mümkinçiliklerini berk çäklendirmekde tankyt edilýärler.

Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky setirlerde orun alýar.

Häkimiýetleriň VPN hyzmatlaryna garşy nobatdaky basyşlary daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň we migrantlaryň hökümete garşy protest aksiýalarynyň täze tolkunyna bat berýän wagtlaryna gabat gelýär.

28-30-njy sentýabr aralygynda türkmen aktiwistleri BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän baş binasynyň öňünde hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň öňünde yzly-yzyna piket geçirdiler. Şol bir wagtda, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwistler hem türkmen hökümetine garşy şygarlar ýazylan plakatlary götermek arkaly protest aksiýalaryny geçirdiler.

Oppozisiýa aktiwistleri öz çykyşlarynda türkmen hökümetiniň ýurtda COVID-19 keseliniň bardygyny inkär etmegini berk ýazgarýarlar. Şeýle-de, olar ýurtda eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýän ýurtdaky ykdysady we sosial problemalara hökümetiň çäre görüp bilmezligini berk tankyt edýärler.

Häkimiýetler VPN ussalaryna garşy basyşlary güýçlendirýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt içinde VPN hyzmatlarynyň tas gara bazar şertlerine geçip barýandygyny we bu hyzmatlaryň teýden, gizlin ýöredilýändigini habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, VPN hyzmatlaryny bir aý üçin bahasy 100-200 manat aralygynda üýtgeýär.

Türkmenistan Facebook, Twitter, YouTube ýaly sosial platformalary, WhatsApp, Telegram, Viber ýaly messenjerleri, galyberse-de, döwlet gözegçiligindäki saýtlardan daşary ençeme habar saýtlaryny petikli saklaýar. Bu saýtlardan peýdalanmaga isleg bildirýän raýatlar VPN ulanmaga mejbur bolýar. Ýurtda islendik maglumatyň resmi wersiýasyndan başga maglumatlar, alternatiw habarlar häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilik astynda saklaýar.

Häkimiýetler erkin maglumat akymyna göni we gytaklaýyn ýollar bilen basyş etmekde berk tankyt edilýärler.

Şol bir wagtda, häkimiýetleriň nobatdaky VPN basyşlary ýurtda durmuş-ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtyna we hökümetiň COVID-19 pandemiýasyny göz-görtele ýaşyrmakda berk tankyt edilýän wagtyna gabat gelýär.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy öýe internet çekdirmegiň barha kynlaşýandygyny habar berýär.

Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligindäki “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýeke-täk Internet üpjünçisidir.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir sebitlerinde VPN ulanmazlyk barada adamlary Gurhandan ant içmäge mejbur etmek ýaly tejribeleri synap gördi.
COVID çäklendirmeleri sebäpli “köp telekeçi batdy”, salgyt gullugy “onda-da töleg soraýar”

Türkmenistanda pandemiýa adalarynyň arasynda bazarlaryň, hususy dükanlaryň hem gapylary möhürlenenden soň, häkimiýetler tarapyndan hiç hili goldawyň berilmeýändigini aýdýan hususy söwdagärler uly zyýana galýandyklary sebäpli, telekeçilik işlerini doly togtatmak kararyna gelendiklerini belleýärler. Şol bir wagtda, ýerli salgyt gulluklary telekeçileriň arzalaryny kabul etmän, “islendik ýagdaýda” salgyt tölemeli boljakdyklaryny, bolmasa-da işleriniň suda geçiriljekdigini duýdurýarlar.

Ýatlatsak, ýurtda COVID-19 bilen bagly ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri, koronawirusyň delta ştammyna ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň köpelmegi bilen, ozal gowşadylan karantin çäklendirmeleriniň ençemesini gaýtadan güýje girizipdi. Onuň çäginde sebitleriň arasyndaky hereket ýene çäklendirildi, dükanlaryň we bazarlaryň ençemesi ýapyldy.

“Sentýabrda Lebap welaýat häkimliginde söwda toplumyna gözegçilik edýän bir resmi hususy telekeçiler bilen duşuşyp, söwda nokatlarynyň 1-nji oktýabrda gaýtadan açyljakdygyny aýdyp, arkaýynlaşdyrypdy. Geçen anna güni bu wadalara ynanyp söwdegärler uly ýükli ulaglary bilen Türkmenabadyň bazarlaryna gelenlerinde, karantin çäreleriniň ýene iki hepde uzaldylandygyny, oňa çenli hem söwda nokatlarynyň ýene möhürli saklanjakdygyny bilip galdylar” diýip, efirde adynyň üýtgedilip Ylham diýlip tutulmagyny soran türkmenabatly telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.

Ylham onsuz hem çäklendirmeler sebäpli uly ýitgilere uçran telekeçileriň harytlaryny uly ýollaryň ugruna çykaryp, satmaga synanyşýandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Telekeçiler häkimiýetleriň sözüne bil baglap bolmaýandygyna ymykly göz ýetirdiler. Olaryň bir bölegi tigir ýa-da çaga arabasy ýaly harytlaryny ýapylan bazarlaryň ýa-da uly ýollaryň golaýyndaky öýleriň öňünde hatarlap, satyp başladylar. Gurluşyk harytlaryny adatça awtoduralgalaryň ýa-da ulag bejerilýän ussahanalaryň golaýynda satýarlar” diýip, 40 ýaşlaryndaky lebaply telekeçi belledi.

Bu aralykda, ýurtda koronawirusyň esasy ojaklarynyň birine öwrülen Mary welaýatynda alaçsyzlyga düşendigini aýdýan telekeçiler işlerini resmi ýagdaýda togtatmak ugrunda tagalla edýärler.

“Hökümetiň [bazarlar, dükanlar] ‘indi açylýar, şimdi açylýar’ diýen dowamly boş wadalaryna indi ynanýan ýok. Dükanlarymyzyň gapylary heniz hem möhürli. Käbir tanyş söwdagärler, gadagançylyga garamazdan, dükanlarynyň arka gapysyndan söwdasyny dowam etdirdiler. Emma polisiýa işgärleri jenaýat işi bilen haýbat atyp, her gezekde 10 müň manat möçberinde para töletdirýärler. Hususy dükan eýeleri ymykly zyýana galdy” diýip, maryly telekeçileriň biri 4-nji oktýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Ol salgyt gullugyna baryp patentini ýapdyrmak isleýän telekeçilere, resmileriň muňa rugsat bermeýändigini, hatda dükanlaryň gapylary möhürli saklanan günleriniň hasabyna hem salgyt töletdirýändiklerini sözüne goşdy.

“Salgyt resmileri ilki ‘garaşyň, ynha rugsat berler, söwdaňyzy dowam etdirersiňiz’ diýip pikiriňden dändirmäge synanyşýarlar. Eger-de telekeçi öz diýeninde dursa, onda resmiler ‘...Bize patentleri ýapmaly däl diýen buýruk berildi. Salgydy islendik ýagdaýda tölärsiňiz. Bolmasa-da, suduň üsti bilen töletdireris we üstüne ýene temmi hem bereris’ diýip haýbat atýarlar. Telekeçileriň zyýana galýandyklary, bergileriniň köpdügi baradaky nalyşlaryna gulak gabartjak hem bolmaýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran maryly telekeçi belledi.

Ol bu ýagdaýlar boýunça ýerli prokuratura şikaýat edenlerinde, sülçüleriň bar bolan meselelerini Salgyt gullugynyň özi bilen ylalaşmaly boljakdyklaryny aýdyp, olaryň arzalaryny kabul etmekden ýüz öwürendiklerini hem nygtady.

Şol bir wagtda, geçen hepdäniň aýagynda Marynyň salgyt gullugynyň işgärleri sebitdäki telekeçileriň bir topary bilen duşuşyp, hususy dükanlaryň açylmagyna rugsat beriljekdigini, emma munuň üçin 10 müň manat möçberinde öňünden pul geçirmeli boljakdyklaryny aýdypdyrlar.
“Bu puly gönümel resmileriň özlerine bermeli, puluň alnandygy barada hiç hili garşylykly kwitansiýa berilmeýär. Garaz, gönümel para soraýarlar. Muňa razy bolan söwdagärlerden dükanlarynyň öň tarapynda plastik böwedini oturtmagy soraýarlar. Emma resmileriň wadalaryna ynanyp, ýene goşmaça harajat etmäge taýýar telekeçi juda az” diýip, hususy söwda nokadyny ýapmaga mejbur bolan maryly telekeçi belledi.

Azatlyk Radiosynyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça degişli sebitleriň häkimliklerinden, kanun goraýjy edaralaryndan we salgyt gulluklaryndan kommentariýa ýa düşündiriş almak başartmady.

Galyberse-de, ýurt resmileri koronawirus aladalary sebäpli girizilen çäklendirmeleriň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler. Şeýle-de, bu çäklendirmeleriň näçe adamyň işine täsir ýetirýändigi, olara döwlet tarapyndan maddy goldaw berilýändigi ýa-da berilmeýändigi barada hem mesele gozgalmaýar.
Baýramalyda wirus bilen keselleýän mekdep mugallymlary görnetin köpelýär

Türkmenistanda koronawirus hadysalary möwjeýän mahaly, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda wirus bilen keselleýän mekdep mugallymlary görnetin köpelýär. Bu ýagdaý orta mekdeplerde okuwçylaryň gündelik sapaklarynyň ýarysyny mugallymsyz synplarda, boş geçirmegine getirýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär.

"Şu günler etrabyň mekdeplerinde köp mugallym koronawirus bilen keselläp, işe çykmaýar. Şol sebäpli alty sapak geçmeli okuwçylaryň adatça üç sapagy mugallymlar tarapyndan okadylýar. Galan üç sapagy okuwçylar boş oturyp geçirýärler" diýip, 4-nji mekdebiň bir bilim işgäri anonimlik şertinde 1-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan mekdep okuwçylarynyň ene-atalary COVID-19 keseliniň möwjeýän wagtynda çagalaryny mekdebe ibermekden gorkýandyklaryny aýdýarlar.

"Çagalar 2 metr aralygy saklamaýarlar. Mugallym bolmasa, çagalar biri-birleri bilen ýakyn aralykda jem bolup oturýarlar. Bu olaryň biri-birine wirus ýokuşdyrmak ähtimallygyny güýçlendirýär. Galyberse-de, çagalar biri-biri bilen uruşsa-da, olaryň halyndan habar almana mugallym ýok" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly ene-atalaryň biri 1-nji oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ene-atalaryň ençemesi okuwçylaryň mugallymlar bilen geçýän sapaklary gutarandan soňra, olary dessine öýlerine goýbermegi haýyş edip, mekdep ýolbaşçylaryna ýüzlenýärler.

Ýöne mekdep ýolbaşçylary ene-atalaryň bu haýyşyny ret edýärler. Olar munuň sebäplerini "mekdeplerde mugallymlaryň ýokdugyny bildirmän, okuw güni tamamlanýança, okuwçylaryň synplarda oturmalydygy" barada özlerine ýörite görkezmäniň berilendigi bilen düşündirýärler.

Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň-da hasaba alnandygyny boýun almaýarlar. Şeýlelikde, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň resmi statistikasyny, ýurduň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, anyklamak hem başartmaýar.

Şeýle-de, degişli häkimiýetler Azatlygyň ýurtda COVID-19-yň giňden ýaýramagy, munuň raýatlaryň işine we okuwyna nähili täsir ýetirýändigi baradaky soraglaryna hem hiç bir düşündiriş bermeýärler.

Ýatlatsak, ýurt resmileri, wirus hadysalarynyň möwjemeginiň arasynda, orta mekdeplerde okuwlary ilkibada çäklendirdiler. Ýöne soňra, aradan birnäçe gün geçensoň, bu çäklendirmeleri goýbolsun etdiler.

1-nji sentýabrda ýurduň orta mekdeplerinde 1-5-nji synp okuwçylar üçin sapaklar başlan bolsa, 6-11-nji synplar üçin okuw prosesi bir aý yza süýşürilipdi. Ýöne soňra 6-njy sentýabrda 6-11-nji synp okuwçylar üçin sapaklar garaşylmadyk ýagdaýda täzeden başlandy.

Bu habarlaryň arasynda, paýtagtyň käbir mekdeplerinde bilim işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň koronawirusdan ýogalandygy barada Azatlyga maglumatlar hem gelip gowuşdy.
Ilat Pälwan Halmyradowyň azatlyga çykmagyny uly şatlyk bilen garşylady, häkimiýetler 'tisgindi'

Iki hepde töweregi mundan ozal türkmen türmesinden azatlyga çykan belli aýdymçy Pälwan Halmyradow geçen döwrüň dowamynda üç gezek Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekildi – häkimiýetler aýdymçyny iki gezek milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli edarasyna çagyrypdyrlar, bir gezek onuň ýaşaýan ýerinde gürrüňdeşlik geçiripdirler.

23-nji sentýabrda Azatlyk Radiosy Pälwan bagşynyň türmeden boşadylandygy barada habar berdi.

Azatlyk Radiosyna soňky gowşan maglumatlara görä, sebit ilatynyň aýdymçynyň azatlyga çykmagyna köpçülikleýin şatlanmagy we bu şatlygyň sosial media arkaly mälim edilmegi Milli howpsuzlyk edaralarynda howsala döredipdir.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, aýdymçynyň ýaşaýan ýeri bolan Mary sebitiniň ilaty onuň “türkmen türmesinden azatlyga çykmagy baradaky hoş habary” örän şatlykly garşylady; adamlar öz ýürek joşgunyny özara gürrüňdeşliklerde, galyberse-de sosial ulgamlar arkaly beýan etdi.

Habarçymyz bu wakanyň diňe bir Mary sebitinde däl, eýsem, beýleki etraplarda-da şatlykly kabul edilendigini habar berýär.

Ýöne köp sanly maryly, şol sanda murgaply ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ilatyň şatlyk duýgularyny aç-açan beýan etmegi häkimiýetlere ýaramady.

Murgap etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdymçynyň türmeden boşadylmagyny tutuş welaýat üçin “toý-baýram belläbermeli ýagdaý” hökmünde suratlandyrdy.

Ýene bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýdymçynyň köpçülik tarapyndan garşylanyşyny görkezýän wideony sosial mediada paýlaşan adamlaryň häkimiýetler tarapyndan soraga çekilendigini gürrüň berdi. Olardan wideony Internetden aýyrmaklyk hem-de şeýle wideolary mundan beýläk paýlaşmazlyk talap edilipdir.

Azatlygyň habarçysyna görä, aýdymçynyň öýüne “göz aýdyň” aýtmak üçin adamlaryň üýşüp barmagy häkimiýetlerde ynjalyksyzlyk döredýär.

Häkimiýetler Pälwandan öýe adam üýşürmezligi talap edipdirler. Olar bu talaplaryny ýurtda giň ýaýran keselçilik bilen delillendiripdirler.

Galyberse-de, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, belli bagşyny öýüne çagyrýan adamlar hem howpsuzlyk işgärleri tarapyndan soraga çekilýär.

Şol bir wagtda, habarçymyz häkimiýetleriň türkmen türmesinden azatlyga çykan sungat işgärinden döwlet syýasatyny wasp etmegi, ondan ýurduň prezidentine, şeýle-de, atlara we itlere bagyşlap aýdym ýerine ýetirmegi talap edýändiklerini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir howpsuzlyk işgäriniň sözlerine görä, belli aýdymçynyň mundan soňky döredijiligi häkimiýetler tarapyndan berk göz astyna alnar.

“Indi Pälwan bir aýdym düzüp, köpçülige ýetirmezden ozal, ol aýdymy we sazyny ilkibaşda milli howpsuzlyk edarasyna tabşyrmaly bolar. Soňra Aşgabatdan bu täze aýdyma rugsat berseler, ony halka ýetirmeli bolar...” diýip, howpsuzlyk işgäri atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Aýdymçynyň ýakyn tanşynyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, belli aýdymçy ýerli milli howpsuzlyk edarasyna çagyrylandan soňra, özüni erbet duýdy.

“Pälwan milli howpsuzlyk edarasyndan çykandan soňra, onuň ýüzi gaty salyk göründi. Ol aradan birnäçe sagat geçenden soň, zordan eline gitarasyny aldy” diýip, bir şaýat aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 2016-njy ýylyň noýabrynda Pälwan Halmyradowa iş kesilendigini habar berdiler. Ýöne kazyýet diňlenişiginiň detallary açylmaýar. Azatlygyň habarçylary 2017-nji ýylyň ýanwarynda onuň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdiler. Aýdymçynyň azatlykdan mahrum edilmeginiň aňyrsyndaky anyk sebäpler, kazyýetde oňa bildirilen aýyplamalar barada anyk maglumat ýok.

Ýöne köpler Pälwan Halmyradowyň häkimiýetler tarapyndan azatlykdan mahrum edilmegini onuň döredijiligi bilen baglanyşdyrýarlar.
2000-nji ýyllarda gitarada ýerine ýetiren aýdymlary bilen tanalan Pälwan Halmyradow dürli temalarda, şol sanda durmuşy temalarda, söýgi temasynda, galyberse-de, Türkmenistanda aýallaryň türmä basylmagy barada we başga-da birnäçe mowzuk boýunça aýdymlary ýerine ýetirdi.
Berdimuhamedow Daşkentde Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana amal edýän iki günlük resmi saparynyň çäginde 5-nji oktýabrda özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Berdimuhamedow Daşkende 4-nji oktýabrda geldi, ony aeroportda prezident Mirziýoýewiň özi garşy aldy.

Özbek prezidentiniň metbugat edarasynyň maglumatyna görä, Kuksaroý rezidensiýasyndaky resmi garşy alyş dabarasyndan soň, iki goňşy ýurduň liderleri ilki dar formatda, soňra-da giňişleýin görnüşde gepleşikleri geçiripdirler.

Mirziýoýew iki ýurduň arasynda gelnen ähli ylalaşyklaryň durmuşa geçirilendigini belläp, bularyň iki ýurduň halkynyň bähbitine hyzmat edýändigini hem aýtdy. Ol bu saparyň sebit we halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini hem sözüne goşdy.

Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda “ýokary derejede” gatnaşyklaryň bardygyny nygtap, soňky döwür özara hyzmatdaşlygyň dinamiki taýdan ösýändigini, şeýle-de munuň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklarynda öz öwüşginini tapýandygyny aýtdy.

Maslahatyň dowamynda iki ýurduň serhet ýakasyndaky sebitleriň özara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine hem üns berildi. Ýatlatsak, 22-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň wekiliýetçilik topary Özbegistanyň Buhara regionyna we Daşogzuň delegasiýasy demirgazykdaky goňşy döwletiň Horezm sebitine sapar edipdiler. Gepleşikleriň dowamynda prezidentler bular ýaly duşuşyklaryň dowamly geçirilmeginiň tarapynda çykyş etdiler.

Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky suw-hojalygyndaky hyzmatdaşlyga uly baha berildi. Bellesek, geçen aý BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy Türkmenistanda we Özbegistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurypdy.

Galyberse-de, taraplar sebit we halkara gün tertibindäki meseleler, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlar boýunça hem pikir alyşdylar.

Özbek tarapynyň maglumatyna görä, soňky dört ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy üç esse ýokarlanyp, 400 million dollardan hem aşypdyr. Şu ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy 25% ýokarlanypdyr.

Mirziýoýew Özbegistanda häzir 200 müňden hem aşa türkmen milletli adamyň ýaşaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekler barada maglumat berilmedi. Azatlyk Radiosy ýurduň Daşoguz we Lebap sebitlerinde ýaşaýan etniki özbekleriň pasport almakdaky kynçylyklary, işe ýerleşmekde duş bolýan meseleleri, şeýle-de özbek dilinde bilim berýän mekdepleriň we metbugatyň ýokdugy barada habar beripdi.

Mundan öň, Berdimuhamedow Özbegistana 2018-nji ýylyň aprelinde döwlet sapary bilen barypdy, şeýle-de 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleriniň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrypdy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň resmi diplomatiki gatnaşyklary 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.
Gomoseksual gatnaşykda güman edilýän onlarça raýat Türkmenabatda tussag astynda saklanýar

Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, gomoseksual gatnaşykda güman edilýän 25 töweregi adam, şol sanda ýol gözegçilik polisiýasynyň bir öňki işgäri, ýerli ýangyn söndüriji gullugyň birnäçe işgäri we asly Çärjew etrabyndan bolan bir dellek Türkmenabatda tussag astynda saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, bikanun jynsy gatnaşykda güman edilýän dellek awgustyň ahyrynda tussag edilip, Lebap welaýatyna getirilipdir.

24-nji sentýabrda turkmen.news neşiri asly Lebap welaýatyndan bolan, ýöne soňky wagtlarda Aşgabatda işläp, esasan şow-biznesiň wekillerine saç bejermek hyzmatlaryny hödürlän bir dellegiň häkimiýetler tarapyndan tussag edilendigini habar berdi.

Garaşsyz neşir Lebabyň merkezi polisiýa tussaghanasynda 30 töweregi erkegiň birmeňzeş aýyplamalar boýunça tussaglykda saklanýandyklaryny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi tussaglykda saklanýan bir erkek adamyň ýol gözegçilik polisiýasynyň öňki işgäridigini, ýöne soňra onuň näbelli sebäplere görä, Ýangyn howpsuzlygy gullugyna geçirilendigini aýdýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, öňki polisiýa işgäri heniz ýol gözegçiligi gullugynda wagty beýleki bir kärdeşi bilen bikanun gatnaşyk saklamakda güman edilýär. Olaryň ikisi hem birmeňzeş aýyplamalar bilen Türkmenabatda tussag astynda saklanýan raýatlaryň arasynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi şübhe bildirilýän sertaraşyň käbir müşderiler bilen ýakyn aragatnaşyk saklamakda güman edilýändigini aýdýar.

turkmen.news neşiri tussaglykda saklanýan tanymal dellegiň şahsy maglumatlaryndan özüniň habarlydygyny, ýöne olary etiki düzgünler sebäpli çap etmeýändigini belleýär.

Ýatlasak, 2020-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda bir şoumen ýigit hem gomoseksuallykda aýyplanyp tussag edilipdi.

Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralary, şol sanda Lebap welaýatynyň prokuraturasy ýa-da ýerli polisiýa edarasy bu iş boýunça hiç hili beýanat bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu iş boýunça bar bolan maglumatlaryň kanun goraýjy edaralar tarapyndan syr saklanýandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýar. Ýurduň Jenaýat kodeksiniň, halkara hukuk goraýjy toparlary tarapyndan tankytlanýan, 135-nji maddasy “Beçebazlyk” boýunça iki ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar. Eger-de, bu hereket gaýtalansa, kanunçylyk 5-10 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Mundan ozal, geçen ýylyň aprelinde belli şoumen bikanun gatnaşykda aýyplanyp, tussag edilenden soňra, Aşgabatda başga-da birnäçe adam boýunça derňew işleriniň geçirilendigi mälim boldy. Ýöne bu derňewiň netijeleri aýan edilmedi.

Türkmenabatda 25 töweregi raýatyň, ýol gözegçilik polisiýasynyň we ýangyn söndüriji gullugyň birnäçe işgäriniň, galyberse-de tanymal sertaraşyň tussaglygy baradaky habar soňky günlerde Lebap polisiýasynyň ikibir oturan erkek adamlary bikanun jynsy gatnaşykda güman edip, olary soraga çekýän wagtlaryna gabat gelýär.

1-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň tas ähli etraplarynda ulagda, çaýhanada ýa-da myhmanhanada ikibir oturan erkekleriň polisiýa tarapyndan soraga çekilýändiklerini we olardan özara jynsy gatnaşykda bolup-bolmandyklarynyň soralýandygyny habar berdi.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçysyna görä, soňky günlerde sebitde Milli Howpsuzlyk Ministrligi polisiýa işgärleriniň arasynda özara jynsy gatnaşyk saklamakda şübhe bildirilýän adamlary hem ýüze çykarmakda iş alyp barýar.

Türkmenistanda LGBT jemgyýetiniň wekilleri barada maglumat örän çäkli bolup, olaryň hukuk goraýjy organlar tarapyndan yzarlamalara, basyşlara we gynamalara sezewar edilýändikleri barada diňe garaşsyz neşirler, şol sanda Azatlyk Radiosy habar berýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylyň güýzünde özüniň jynsy ugry bilen baglylykda häkimiýetler tarapyndan ýanalýandygyny aýdan Kasymberdi Garaýew barada habar berdi. Azatlyk şol ýylyň dekabryndan soň, Garaýew bilen aragatnaşygy ýitirdi.