Azatlyk
550 subscribers
4.94K photos
183 videos
94 files
4.78K links
Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
+420 773 797 383
Download Telegram
Dört türkmenistanly Russiýada dükan urup tutuldy

Russiýanyň Leningrad sebitinde Türkmenistanyň dört raýaty dükan talamakda güman edilip tussag edildi diýip, “Turkmen.news” neşiri “47News” neşirine salgylanyp habar berdi.

Derňew netijesine görä, migrantlar 25-nji iýun güni, ir sagat bäşde, “Renault Logan” ulagynda baryp, Wolhow etrabynyň Kuti obasyndaky “Magnit” dükanynyň ýeňse ýüzündäki otagyň gapysynyň gulpuny döwdüler. Olar ýeňseki otagdan, “LenTV-24” neşiriniň maglumatyna görä, 119,000 rubl (2200 dollar) tapdylar.

Bu pullary alan migrantlar gaçyp, gizlenmäge synanyşdylar. Ýöne olar ýarym sagatdan soň goňşulykdaky Wsewoložsk etrabyndaky uly ýolda tussag edildi.

Derňewçiler häzirki wagtda bu toparyň ozal hem jenaýat edip-etmändigini barlaýarlar. Tutulanlar deslapky tussaghanada saklanylýar.
Awazada dynç alyş möwsümi başlady, bahalar 130%-e çenli ýokarlandy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çäginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän "Awaza" syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen, sebitde azyk harytlarynyň, transport hyzmatlarynyň, alkogol içgileriniň we temmäki önümleriniň bahasy 60%-den 130%-e çenli gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysy soňky birnäçe günüň dowamynda şäheriň bazarlarynda bir kilogram etiň bahasynyň 60 manatdan 100-120 manada ýokarlanandygyny aýdýar.

Mundan bir aý ozal 10 manatdan bahalanan tamdyr çöregi 20 manada gymmatlady. Üzümiň, kartoşkanyň we towuk etiniň bahasy hem tas iki esse ýokarlandy. Häzirki wagtda bir kilogram üzüm 50 manat, kartoşka 20 manat we towuk eti 60-80 manat aralygynda bahalanýar.
Aşa yssy howa: Mallar köpçülikleýin gyrylýar, oba-hojalyk tehnikasy sandan çykýar

Türkmenistanda howanyň gyzgynynyň ýene-de adatdan daşary derejelere ýetmegi sebäpli, Mary welaýatynda iri we ownuk şahly mallar köpçülikleýin haram ölýärler, şeýle-de bal arylary gyrylýarlar. Ýerli weterinarlar bu ‘pajygaly’ ýagdaýlara çykalga tapyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Galyberse-de, aşa yssy howa adamlaryň, jandarlaryň saglygyna ýaramaz täsir etmek bilen birlikde, meýdandaky oba-hojalyk tehnikalaryny hem sandan çykarýar.

Tomsuň gelmegi bilen soňky günler Türkmenistanyň tas ähli künjeklerinde diýen ýaly howanyň temperaturasy kölegede 50 gradusa çenli golaýlaýar.
Türkmenistana dolanýan raýatlarda maýmyn mamany anyklamak boýunça berk barlaglar geçirilýär

Şu günler daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän ýolagçylar koronawirus testinden başga-da, maýmyn mama keseli barlagyndan geçirilýär. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň aeroportunyň işgärleri ýolagçylarda bu keseliň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak üçin olaryň bedenini tutuşlygyna, jikme-jik barlaýarlar.

"Daşary ýurtlardan Türkmenabadyň aeroportuna gonan uçardaky ýolagçylar ilki migrasiýadan, soňra-da gümrük proseduralaryndan geçýärler. Ýolagçylardan COVID testi alynýar. Olar test üçin 120 manat töleýärler. Olaryň ýanynda aýlyk bank kartlary ýokdugy sebäpli, tölegler diňe nagt kabul edilýär. Mundan soňra ýolagçy bir otaga salynýar we şol ýerde onda maýmyn mama keseliniň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak üçin onuň bedeni jikme-jik barlanýar. Olardan hiç hili test alynmaýar" diýip, aeroportdaky çeşmämiz gürrüň berdi.
Rus baş diplomaty Aşgabatda

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow birinji gün Türkmenistana geldi diýip, TASS 27-nji iýunda habar berdi.

Ol Aşgabat şäherinde 29-njy iýunda geçiriljek Hazar sammitiniň öňüsyrasynda, Hazarýaka döwletleriniň ýokary derejeli diplomatlarynyň 28-nji iýunda geçiriljek ýygnagyna gatnaşar.

28-nji iýunda daşary işler ministrleri derejesinde geçirilýän duşuşyga S. Lawrow bilen bilelikde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri gatnaşýar.

Bu sapar Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşunyň arasynda geçirilýär.
Türkmenistanlylar ýurda dolanmak üçin $3000-e çenli 'para bermeli bolýar'

"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilip başlanýandygyny yglan edensoň, şu aýyň başynda Türkmenistan Dubaý we Kazan ugurlary boýunça dowamly uçarlary ýola goýdy. Ýöne türkmen raýatlarynyň ençemesi bu uçar gatnawlary boýunça Türkmenistana dolanmak üçin bir müňden üç müň amerikan dollaryna çenli para bermeli bolýandyklaryny aýdýar.

Bu barada Azatlyk Radiosyna gürrüň beren türkmenistanlylar para bermedik raýatlaryň uçar biletlerini satyn alyp bilmeýändigini, şeýlelikde, watana dolanmak umytlarynyň puja çykýandygyny aýdýarlar.
Jokrama yssyda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mejbury belledilýär

Türkmenistanyň öňki awtoritar prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky doglan gününe gabat, ýurduň dürli künjeklerinde mejbury aýdym-saz we medeni çäreleri geçirilýär. Mundan başga-da häkimiýetler, ýurduň agyr ykdysady çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolup duran mahaly, ozalky ýyllaryň tejribelerine eýerip, daşary ýurtly bagşy-sazandalaryň konsertlerini hem gurnaýar.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda, 15 ýyllyk häkimiýeti döwründe adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanan, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, kanun goraýjy gulluklaryň işgärlerine, şol sanda ýol polisiýasyna baýramçylyk lybaslarynda, ýagny ak köýnekde işlemek buýruldy.

Mundan başga-da, türkmenabatly býujetçilere iş sagatlaryndan soň, şäheriň seýilgählerinde gurnaljak aýdym-saz konsertlerine hökmany gatnaşmalydygy tabşyryldy.
Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda pasportlary täzelejek bolýanlaryň uly nobatlary saklanýar

Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde ullakan nobatlar saklanýar. Türkmenistanyň raýatlary binanyň öňünde köpçülikleýin ýygnanyp, möhleti geçen pasport problemasyny çözmek üçin birnäçe günläp nobata durmaly bolýarlar.

Türkmenistan Türkiýedäki raýatlarynyň möhleti geçen pasportlaryny uzaldýar. Şu sebäpden her gün ýüzlerçe adam irden konsullygyň binasyna ýygnanýarlar we edaranyň kabul ediş wagty gutarýança nobatyna garaşýar.

Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysynyň sözlerine görä, häzir pasportlaryň möhleti soňky ýyllarda möhleti geçen biometrik pasportlaryna eýe bolan raýatlar üçin uzaldylýar. Habarçysy Mansur Magomedowyň habaryna görä, raýatlaryň ellerindäki pasportlarynyň geçen möhleti 2024-nji ýyla çenli uzaldylýar. Paportynyň möhletini uzaldyp bilenleriň arasynda dokumentleri 2020-nji, 2022-nji we 2019-njy ýyllarda gutaran adamlar bar.
Yssy howa gowaça ekinlerine zarba urýar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Türkmengala, Baýramaly we Garagum etraplarynda gyzgyn howanyň gowaça meýdanlaryna ýaramaz täsir edýändigini habar berýär. Bu aralykda, kärende ýerleri ozal ellerinden alnyp telekeçilere berlen daýhanlar daýhan hojalyklaryň eýelerini iş başarmazlykda aýyplaýar. Ekerançylyk ýerlerini kärendesine alan telekeçiler bolsa, daýhanlaryň zeýrenişleriniň we resmileriň gysyşlarynyň arasynda ekin meýdanlaryna ideg etmäge çalyşýarlar.
Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, welaýatyň dürli sebitlerinde hem uly adamlaryň, hem-de çagalaryň arasynda güýçli içgeçme ýaýraýar.

“Howanyň gyzmagy bilen, welaýatyň Akdaş, Gyýanly ýaly ençeme sebitinde adamlarda wirusdan bolýan diareýa ýaýraýar. Muňa ýoluganlarda güýçli ysmazlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, aşgazandaky agry, täret bilen gan iriňiň gelmegi ýaly alamatlar bolýar” diýip, howpzulyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli maşgala lukmanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynda Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady.

“20 kilogram töweregi et berjek goýun-geçiler geçen hepdelerde 1300 manat bolan bolsa, häzir olaryň bahasy 3000 manada çenli ýokarlandy. 150 kilogram töweregi agramy bolan sygyrlaryň we öküzleriň bahasy geçen hepdelerde 10 müň manatdan bahalanan bolsa, häzir olar 15-17 müň manada ýokarlandy” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Hazar kenarlarynda gündizlerine suwa düşmek gadagan edilýär

Türkmenistanyň günbatar sebitindäki habarçylar we çeşmeler diňe Awaza syýahatçylyk zolagynda ýüzmäge rugsat berilýändigini, Hazar deňziniň beýleki kenar ýakalarynda ilatyň suwa düşmegine rugsat berilmeýändigini we bu gadagançylygyň gijelerine belli bir derejede bozulýandygyny habar berýärler.
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze halkara howa menzili gurulýar. Täze aeroportuň gurluşygy prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji iýulda gol çeken karary bilen “Gündogdy” hususy kärhanasyna ynanyldy. Azatlygyň çeşmeleri bu firmanyň Türkmenistanda ozal guran aeroportlarynyň yzyny çaldylar we Jebel howa menzilini gurmak baradaky tenderiň “Gündody” firmasyna berilmegini sorag astyna aldylar.
Balkanda we Maryda döwletiň gurbanlyk sadakalary býujetçileriň hasabyna berildi

11-nji iýulda Türkmenistanda türkmen halkynyň milli baýramlaryndan bolan Gurban baýramynyň üçünji güni bellenilýär. Munuň bilen bagly, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimiýetleri döwlet edara-kärhanalarynda gurbanlyk üçin mal soýup, sadaka berýärler. Ýöne resmiler sadakalar üçin býujet işgärlerinden pul ýygnap, bu haýyr-sahawat çäresini býujetçileriň hasabyna amala aşyrýarlar. Şol bir wagtda, habarçylarymyz ykdysady kynçylyklar sebäpli şu ýyl gurbanlyk üçin mal soýýan hojalyklaryň juda azdygyny habar berýärler.
'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy

Jazz sazynyň ýene bir konserti 8-nji iýulda Aşgabatdaky "Mukamlar köşgünde" geçirildi. "Jazz töwerekleri" atly aýdym-saz çäresi 1930-njy ýyllardan şu güne çenli wagt aralygyna degişli jazz eserlerini öz içine aldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Konsert 1976-1981-nji ýyllarda "Howa hasabaty" (Weather Report) fýuzn toparynyň kompozitory we solisti bolan "iň beýik bas-gitarist we diwana zehin" diýlip tanalýan Žako Pastoriusyň meşhur instrumental kompozisiýalary bilen hem başlandy, hem-de tamamlandy.
Aşgabatda hökümete garşy geçirilen köpçülikleýin protestler 27 ýaşady

1995-nji ýylyň 12-nji iýul güni Aşgabatda hökümete garşy parahatçylykly geçirilen köpçülikleýin protestler 27-nji ýyl dönüminde hormat bilen ýatlanýar.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda hökümete garşy geçirilen örän seýrek protestleriň biri hökmünde taryha giren 12-nji iýul ýörüşleriniň yz ýany, protestlere gatnaşyjy onlarça adam tussag edildi, ýene şonça adam uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Türkmen türmelerinde zorlukly ýitirim edilenleriň ykbalyna ünsi çekýän “Olara diri görkeziň!” halkara kampaniýasy 12-nji iýul protestleriniň guramaçylarynyň biri bolan Gulgeldi Annanyýazowy öz sanawyna goşdy. Halkara hukuk goraýjy toparlar ençeme ýyl bäri Annanyýazowyň türmeden boşadylmagyna çagyryp gelýär.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan dört ýyla golaý wagt soňra, türkmen döwleti ýaňy bir garaşsyzlyk alyp, ýurduň çäginde özge pikirler häkimiýetler tarapyndan heniz doly basylyp ýatyrylmanka guramalaşdyrylan 12-nji iýul köpçülik ýörüş
Türkmenistandan gitmek islegleriň köpdügine garamazdan, Russiýa uçarlar ýarym boş gaýdýar

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň habaryna görä, aýyň başyndan bäri Russiýa uçan azyndan iki uçar ýolagçylaryň göz öňünde tutulan möçberi dolman gidipdir. Bu ýagdaý pandemiýa wagtynda togtadylan howa gatnawyny ýaňy-ýakynda täzeden dikelden ýurtdan gaýtmak islegleriniň güýçlenen wagtynda ýüze çykdy.

Şu aýda Türkmenistandan Russiýa, ýagny Gazana we Moskwa birnäçe uçuş amala aşyryldy. 3-nji we 6-njy iýulda Gazana giden uçarlar ýolagçylar bilen doldurylmandyr.

Ýarym boş uçarlar baradaky habar daşary ýurt gatnawlaryna bolan içerki islegiň artýan wagtyna we awiakompaniýalaryň kassalarynda biletleriň elýeterliligi we bahalary bilen baglanyşykly kynçylyklaryň dowam edýän pursadyna gabat gelýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary 6-njy iýulda Aşgabatdan Gazana giden we 297 adama niýetlenen uçarda bary-ýogy 53 adamyň bolandygyny anykladylar. 3-nji iýulda Gazana giden uçarda hem boş ýerler köp bolupdyr.
Türkmen ÝOJ-lary dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady. Daşary ýurtlarda okamak isleýänler 'köpeldi'

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlandy. Munuň yz ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň saglyk öýüniň öňünde ÝOJ-lara dalaşgärleriň nobatlary emele geldi. Şol bir wagtda, iki ýyl arakesmeden soň, pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlarynyň bölekleýin dikeldilmegi bilen, şu ýyl daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda bilim almak isleýän ýaşlaryň hem has köpdügi habar berilýär.

Türkmenistanda 2022-nji ýylda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklandy. TDH-nyň 11-nji iýulda çap eden habaryna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga Ministrler kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 11-nji iýul — 26-njy awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny
Garagum kanalynyň suwy azalýar, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak kynlaşýar

Türkmenistanyň Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryny, paýtagt Aşgabady ekerançylyk suwlary bilen üpjün edýän we dünýäde ynsan eli bilen ýasalan iň uzyn derýalaryň biri bolan Garagum kanalynyň suwy azalýar. Munuň netijesinde, daýhanlar ekerançylyk ýerlerini suwarmagyň kynlaşýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan we Mary sebitlerinden habar berýärler.

Ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi Mary welaýatynda, Balkan welaýatynyň Bereket, Serdar we Magtymguly etraplarynda gowaçalaryň we gök-bakja ekinleriniň ösüşine ýaramaz täsir edýär.
Balkanda ýiti çörek gytçylygy Gurban baýramyna kölege saldy

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Gurban baýramynyň ikinji gününde, 10-njy iýulda ýiti çörek gytçylygy emele geldi. Bu gytçylyk döwlet dükanlary bilen bir hatarda, bazarlarda hem ýiti duýuldy. Türkmen halkynyň gündelik we toý saçaklarynyň esasy azyk önümleriniň biri hasaplanýan çöregiň Gurban baýramyndaky gytçylygynyň baýramçylyk şowhunyna ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, 10-njy iýulda şäheriň "Kenar" bazarynda we "Aşgabat" hem-de "Deňiz" marketlerinde çörek irden sagat 9 bolmanka satylyp gutardy.

"Iki gün bäri şäherde we şäher eteklerinde çörek uly problema öwrüldi. Döwlet dükanlarynda çörek öň hem çäkli möçberde satylýardy. Ýöne bu gezek, hatda bazarlarda gymmat bahadan çörekleri satýan çörekçileriň öňünde hem uly nobatlar peýda boldy" diýip, ýerli ýaşaýjy 11-nji iýulda gürrüň berdi.