Azatlyk
559 subscribers
4.94K photos
183 videos
94 files
4.78K links
Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
+420 773 797 383
Download Telegram
Mary: G.Berdimuhamedowyň garaşylan sapary amala aşmady

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara etmegine garaşylan sapary bilen baglylykda, 9-njy iýunda Mary we Baýramaly şäherlerinde irdenden agşama çenli, 24 sagatlap arassaçylyk işleri geçirildi. Ýöne bu giň gerimli taýynlyklara garamazdan, G.Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda etmegine garaşylan sapary amala aşmady. Mary şäher häkimliginiň işgärleri munuň sebäplerini sapara "ýeterlik taýýarlyk görülmändigi" düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysynyň sözlerine görä, G.Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Mara gelmegine garaşylýardy. Munuň bilen bagly, jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri irdenden agşama çenli, gijesi bilen köçelerde arassaçylyk işlerini geçirdiler.
Lebapda otly hadysasynda bir adam "öldi"

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden ugran otly, Bahar etrapçasynyň golaýynda, demir ýoldan pyýada geçip barýan bir ýaşaýjyny basyp geçdi. 30 ýaşly adam wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy.

"Wakanyň bolan pursady ýaşaýjy Bahar etrapçasynda ýerleşýän 66-njy bazardan azyk önümlerini satyn alyp, welosipedli Çärjew etrabynyň Iliç obasyna barýardy. Demir ýoluň birinji böleginden geçmegi başaran adam onuň ikinji şahasyndan geçjek bolanda, demir ýoldan wagtynda geçip bilmeýär. Ol demir ýol şahasynyň ortasynda galdy. Adamyň welosipediniň yzky bagažyndaky azyk önümlerini salar ýaly plasmassa gara guty uçup gidipdir" diýip, waka şaýat bolan lebaplylaryň biri anonimlik şertinde 13-nji iýunda gürrüň berdi.
Türkmen prezidenti Eýrana sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda iki günlük resmi sapar bilen Eýrana geler. Bu barada Eýranyň MEHR agentligi ýurduň hökümetiniň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

“Şu gün gije biz Türkmenistanyň prezidentini garşylaýarys” diýip, Bahadori Jahromi aýtdy.

Maglumata görä, sapar Eýranyň prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

Saparyň jemleri boýunça ençeme dokumente gol goýulmagyna garaşylýar.

Bu Serdar Berdimuhamedowyň prezident hökmünde Eýrana amala aşyrýan ilkinji sapary bolar.
Türkmenistan öz ilatyna COVID-19-a garşy dördünji sanjymy edýär

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinanyň dördünji dozasy bilen ilata sanjym edilýär. COVID-19 ýurtda hasaba alynmady diýýän türkmen hökümeti koronawirusa garşy waksinanyň ilatyň 90% -den gowragyna edilendigini aýdýar we çäklendirmeleri ýeňilleşdirýär.

Azatlygyň habarçysy Maryda waksinanyň dördünji dozasynyň edilip başlandygyny 14-nji iýunda habar berýär. Onuň sözlerine görä, häzir sanjym saglygy saklaýyş edaralarynyň we polisiýanyň işgärlerine edilýär. Soňra ilatyň galan bölegi dördünji dozany alyp bilerler. Ulanylýan waksinalar Hytaýyň we Russiýanyň önümleri.

Bu aralykda, lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň bellemegine görä, sanjymyň üçünji dozasynyň edilmegi entek tamamlanmandyr. Azatlygyň habarçylarynyň maglumataryna görä, Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinanyň üçünji dozasy şu ýylyň ýanwar aýynda edilip başlanypdy.
Serdar Berdimuhamedow daýzasyny Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Dölwetowa ýurduň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesine görä, bir wagtlar täsirli bolan Döwletowa ýegeniniň - ýurduň häzirki döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy bilen işden boşadylypdyr.

Çeşme bu çäräni, täze prezidentiň garyndaşlarynyň zäherli abraýyndan dynmak arkaly öz abraýyny ýokarlandyrmak synanyşygy hökmünde düşündirýär.
Türkmenistanda aýal-gyzlara gözegçilik içki geýime baryp ýetdi

Türkmenistanyň käbir döwlet edaralarynda zenan işgärlere göwsüni uly görkezýän içgi geýimleri geýmek gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şeýle gadagançylyga Türkmenbaşy şäherindäki birnäçe edaranyň işgärleri duçar boldular.

Şäher medeni öýi, ýerli bilim bölümleri we Türkmenbaşy şäherindäki aýallar geňeşi işgärlerine dar köýnekli işe gelmäge, şeýle hem göwsüni uly görkezýän içgi geýimleri ulanmagy gadagan edipdir. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu edaralaryň işgärlerine salgylanyp, 15-nji iýunda habar berdiler.

Azatlyk bilen anonim gürleşen zenanlaryň biriniň aýtmagyna görä, içgi geýime girizilen gadaganlykdan başga-da aýal-gyzlara dar köýnek geýmezlik barada hem ýene bir gezek ýatladylypdyr. Dar köýneklere gadaganlyk, nagyşly türkmen balagyny geýmek, şeýle hem durmuşa çykan aýallaryň başyna ýaglyk atynmak talaby bilen birlikde aprel aýynyň birinji ýarymyndan bäri dowam edýär.
Azatlygyň habaryndan soň, orta mekdebi tamamlaýan oglanlaryň harby gullugy wagtlaýyn yza süýşüriler

Azatlyk Radiosy 13-nji iýunda daşary ýurtlarda ýokary okuwy tamamlan ýigitleriň ýurda dolanandan soňra, karantinden dessine harby gullugya çagyrylmagy, şuňa meňzeş tejribäniň ýurduň orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda hem gaýtalanmagy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji iýunda Aşgabadyň Maslahatlar köşgünde ýaşlar bilen maslahat geçirdi we onuň dowamynda ýurduň ýaşlar syýasaty bilen bagly başga-da birnäçe teklip bilen bir hatarda orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhletiniň wagtlaýyn yza süýşürilmegini teklip etdi.
Türkmenistan korrupsionerleriň günäsini geçmezlik kararyny goýbolsun etdi

Türkmen kanun çykaryjylary Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri girizip, korrupsiýa we neşe serişdeleriniň dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnen adamlaryň günäsini geçmezlik kararyny ýatyrdy.

Türkmenistanyň üýtgetmelerden öňki Jenaýat kodeksindäki 80-nji maddanyň 4-nji bendi aýryldy.

Bu madda Türkmenistanyň jenaýat kodeksine 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda girizilipdi.

80-nji maddanyň 4-nji bendi şeýle diýýär: “Korrupsiýa we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlar babatda günä geçme we rehim etme ulanylmaýar”

Soňky üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda 80-nji madda 79-njy madda boldy we onuň degişli 4-nji bendi tutuşlygyna kodeksden aýryldy.
Türkiýe türkmen aktiwistini watanyna deportasiýa etmekden ýüz öwürdi

Türk häkimiýetleri Türkmenistanyň ýene bir raýatyny öz watanyna deportasiýa etmekden ýüz öwürdi. 16-njy iýunda adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Baýram Allalyýewi Türkiýeden deportasiýa etmek kararynyň sudy tarapyndan ýatyrylandygyny habar berdi.

"Türkmen Helsinki Fodnunyň" habaryna görä, 15-nji iýunda Stambulyň sudy 34 ýaşly türkmen raýaty Baýram Allalyýewi deportasiýa etmek kararyny ýatyrypdyr.

Allalyýewiň deportasiýa meselesine garamak işi 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edipdi.
Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda bir günden gowrak wagtlap suw bolmady

Aşgabatda ýene-de ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligi köpçülikleýin kesildi. Şäher merkezindäki köp adamly etraplaryň ýaşaýjylary, iki gün töweregi kwartiralar suw bilen yzygiderli üpjün edilmedi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu barada 16-njy iýundan bäri habar berýärler.

Paýtagtyň merkezindäki "Parahat" etrapçalarynda 15-nji iýundan 16-njy iýuna geçýän gije suw bolmady, soň irden 10-da iki sagada golaý wagtlap suw boldy we ýene kesildi. "Indi suw ýok. Düşnüksiz bir zat bolup geçýär. Zapaslar gutaryp barýar, çüýşelere gaplanan agyz suw bar, emma hojalyk zerurlyklary üçin suw ýok" - diýip, habarçymyz şol gün günortan habar berdi.
Marynyň häkimiýetleri ulaglary köçä goýbermän, penjireleri açdyrman, häzirki we öňki prezidentleriň saparyna garaşýar

Mary welaýatynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, gözegçilikler berkedi.

Mary şäheriniň esasy köçeleriniň ugrunda we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, iýunyň 16-dan 17-ne geçen gije giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi.

Bu başagaýlyklar, prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Gurbangulynyň sebite etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly.
Türkmen zyýaratçylary haja taýýarlanýar

Türkmenistanda haj zyýaratynyň töweregindäki para-peşgeş aladalarynyň arasynda türkmenistanly musulmanlar haja taýýarlyk görýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýyl ýurt boýunça haj zyýaratyna ugradyljak adamlaryň anyk sanynyň heniz takyk däldigini, ýöne her welaýatdan 150 töweregi adamyň Saud Arabystanyna ugradylmagyna garaşylýandygyny habar berýär. Ýöne habarçymyz haja dalaşgärlerden “$3000 - $3500 aralygynda” töleg talap edilýändigini aýdýar.

Ikinji habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan haj zyýaratyna dalaşgär bir türkmenistanly “şu ýyl haj zyýaratyna her welaýatdan sähelçe adamyň gitmegine rugsat berilýändigini”, ýöne zyýarata dalaşgärleriň sanawyna goşulmak üçin din resmileriniň, araçylaryň üsti bilen, özünden ilki “3 müň dollar, soňra 4-5 müň dollar möçberinde” “töleg” sorandygyny gürrüň berdi.
Türkmen prezidentiniň Moskwa saparyndan soň goşa raýatlygy bar adamlara pasport berlip başlandy

Türkmenistanyň raýaty bolmak bilen wagtda Russiýanyň hem raýatlygyny alan türkmenistanlylar ençeme ýyl bäri türkmen daşary ýurt pasportyny almakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary ýagdaýyň birden üýtgändigini we goşa raýatlykly adamlaryň indi daşary ýurt pasportlaryny alyp biljegini bilip galandygyny habar berýär. Bu mümkinçilik prezident Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa eden resmi saparyndan soň döräpdir.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy goşa raýatlykly adamlar üçin biometrik pasportyny almak üçin ýüz tutmak mümkinçiliginiň dörändigini 20-nji iýunda habar berdi. Bu mümkinçilik 2003-nji ýyldan soň Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan we ýurtlaryň arasynda goşa raýatlyk baradaky şertnamanyň ýatyrylmagyndan soň 19 ýyllap türkmen pasportyny alyp bilmedik Türkmenistanyň raýatlaryna degişli.
Mary: Ak reňk talaplary bilen bagly saklanan ulaglar prezidentiň saparyndan soň tölegsiz boşadyldy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Mary welaýatyna sapar edip, galla oragynyň barşy bilen tanyşdy, sebitiň Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.

Prezidentiň sebite amala aşyrýan sapary bilen baglylykda köçelerde polisiýa tarapyndan saklanan aň reňkden başga reňkdäki ulaglar, saparyň edil yz ýany, goşmaça tölegsiz boşadyldy.

“Birinji gezek bizden pul alman, goşmaça para soraman ulaglarymyzy yzyna gowşurdylar” diýip, sürüjiler özleriniň haýran galandyklaryny aýdýarlar.
Ýene 100-den gowrak adam Türkmenistany hemişelik terk etmek üçin uçar biledini satyn aldy

Türkmen häkimiýetleri "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Kazana (Russiýa) yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeldýändigini yglan edensoň, "Türkmenhowaýollary" agentliginiň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele gelip başlady. Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän 120 töweregi türkmenistanly, agentligiň öňünde birnäçe günläp nobata durandan soň, Kazana uçar biledini satyn almagy başardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan habar berdiler.

"Nobata duran adamlaryň aglabasy, rus ilçihanasynyň sanawy esasynda, ýurtdan doly göçüp gitmek kararyna gelen, ähli resminamalary taýyn bolan türkmenistanlylardyr. Olar S7 bilen uçuşlar ýatyrylandygy sebäpli ýurtdan gidip bilmändiler. Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň wekilleri olara Kazana uçar biledini satyn almagy maslahat berdiler.
Günbatar Türkmenistanda bolan ýer sarsgyny ilat arasynda howsala döretdi

20-nji iýunda irden sagat 8-9 töwereklerinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýer titredi

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa barlag merkezi 20-nji iýunda Türkmenistanyň günbatar sebitinde 4,6 bal derejesinde ýer titremäniň hasaba alnandygyny habar berdi. Maglumata görä, ýer titremäniň merkezi we ojagy Balkanyň Bereket sebitiniň 74 kilometr günortasynda, 12.1 kilometr çuňlukda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň ikinji sarsgynyň bolmagyndan gorkup, belli bir wagta çenli öýlerine girmäni, daşarda garaşandyklaryny habar berdi.
Türkmen deputaty aýallar üçin kosmetiki gadaganlygy 'sanitariýa' sebäbi bilen düşündirdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Serdar Arazowyň sözlerine görä, Türkmenistanda aýallara özüni çekijilik usullaryndan, kosmetologiýa hyzmatlaryndan peýdalanmagynyň gadagan edilmeginiň sebäbi "doly sanitariýa maksatlaryna esaslanýar".

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbine we özlerini alyp baryşyna berk gözegilige duçar bolmagyna iki aýdan köp wagt geçdi.

Emma häkimiýetleriň zenanlara garşy girizen gadagançylygynyň sebäpleri henizem nämälim galýar. Kimdir muny prezidentiň aşa konserwatiw garaýyşlary bilen düşündirse, beýlekiler muňa häkimiýetleriň ilata görkezýän nobatdaky eden-etdiligi hökmünde garady.

Bu aralykda ýene bir düşündiriş türkmen deputaty tarapyndan tötänden peýda boldy.
Marynyň ilatyna 2021-nji ýylyň dekabry üçin un 'paýogy' paýlanýar

Mary welaýatynyň käbir şäherlerinde, etraplarynda we obalarynda döwlet dükanlary ilata 2021-nji ýylyň dekabr aýy üçin un "paýogyny", aradan alty aý geçen soň, şu aýyň 20-lerine paýlap başladylar.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar subsidirlenen önümleriň elýeterli bolan dükanlarynda alyjylara hili pes, bitli, ajy unuň satylýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, welaýatyň käbir çetki obalarynyň ýaşaýjylaryna geçen ýylyň oktýabr we noýabr aýlary üçin un "paýogy" heniz hem berilmeýär.
Türkmenistanda howanyň gyzgyny rekord derejelere çykýar

Türkmenistanda howanyň gyzgyny ýene-de adatdan daşary derejelere ýetdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri “Meteožurnala” salgylanyp habar berýär.

Aşgabatda howanyň gyzgyny kölegede 45 derejä ýetdi, birnäçe sebitde rekord görkezijiler bellige alyndy: Saragtda - 45,9 dereje, Ýerbentde - 45.5, Serdar şäherinde (Gyzylarbat) - 44, Baýramalyde - 44.8.

Şeýle-de neşir howanyň gyzmagynyň 27-29-njy iýunda has ýokary derejelere çykjakdygyny, paýtagtda howanyň temperaturasynyň 47 gradusa, rekord derejä ýetip biljekdigini duýdurýar.

Habarda aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda ýyllaryň aşa yssy gelmegi ýygjamlaşýar we 100-135 ýyl aralygyndaky iň yssy ýyllaryň köpüsi soňky birnäçe ýyla düşýär.

2015, 2018, 2019 we 2021-nji ýyllaryň tomus aýlary Türkmenistan üçin iň yssy aýlar boldy. Mundan ozal ýyllaryň yssy gelmeginde beýle ýygylyk görülmändi diýip, habarda bellenýär.