HABAR.turkmen
117 subscribers
13 photos
340 links
Iň täze we möhüm habarlar! Самые актуальные новости! +420 773 797 383
Download Telegram
"Hemmeler alasarmyk ýagdaýda. Çagalaryň köpüsi syrkaw, mugallym ýeterlik däl. Ene-atalar hem çagalaryny okuwa goýbermek islemeýärler" -diýdi Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Şu wagt, Türkmenistanyň welaýatlarynda häkimiýetler COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri görýärler. Lebap welaýatynda sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň başlygy tussag edilenden soň, hemme ýere, şol sanda howadan dezinfeksiýa sepilýär.

Azatlyk bilen gürleşen ýerli dermatologlaryň pikiriçe, sepilýän dezinfeksiýa serişdeleri häzirki wagtda ilat arasynda giňden ýaýran deri keselerine sebäp bolýar.

Azatlygyň habarçylary soňky günlerde Özbegistan bilen serhetleşýän Farap we Darganata etraplarynda howadan dezinfeksiýa sepilenden soň azyndan ýüzlerçe malyň we öý haýwanlarynyň ölendigini habar berdiler.

Dezinfeksiýa sepmegiň şuňa meňzeş netijeleri ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatynda-da köp duş gelýär.
Balkanda mekdep mugallymlary we ýokary synp okuwçylary pagta ýygymyna mejbury çekilýär

Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi dowam edýän mahaly, Balkan welaýatynda häkimiýetler mekdep mugallymlaryny we ýokary synplaryň okuwçylaryny pagta ýygymyna mejbury çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji sentýabrda sebitden habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, orta mekdepleriň ähli işgärleri, şol sanda mugallymlar Bereket we Serdar (öňki Gyzylarbat) etraplarynyň gowaça meýdanlaryna ýatymlyk pagta ýygmaga äkidilýär. Habarçy ýokary synp mekdep okuwçylarynyň hem ýygyma mejbury çekilýändiklerini habar berdi.

“Bilimiň pes hili we häzirki wagtda ölüm sanlarynyň ýokary bolmagy ‘ýokardakylary’ alada goýmaýar. Diňe pagta ýygmaly” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýatlasak, soňky birnäçe hepde bäri Türkmenistanda COVID-19 hadysalary gürelýär.

Habarçy sişenbe güni günüň ikinji ýarymynda sebitde ähli içerki awtobus gatnawlarynyň ýatyrylandygyny hem-de awtobuslarda mugallymlaryň pagta ýygmaga äkidilendigini habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, bir günüň dowamynda her mugallymdan azyndan 60 kilogram pagta ýygmak talap edilýär.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde pagta ýygymyna bu ýyl adatdakysyndan sähel ir girişildi. Türkmen metbugaty ýurduň dürli künjeklerinde ýygyma ir girişilmegini beýleki faktorlar bilen bir hatarda amatly howa şertleri bilen düşündirýär.

Ýurduň gowaça meýdanlarynda bireýýäm girişilen pagta ýygym möwsümine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda resmi taýdan badalga bermek kararlaşdyryldy.

Has ozal, 18-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitde býujet işgärleriniň pagta ýygmaga mejbur edilýändiklerini habar berdi.

24-nji awgustda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde ýerleşýän Gorag polkunyň esgerleri ýygym üçin pagta meýdanlaryna çekildi.

27-nji awgustda ýerli habarçylarymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň hem pagta ýygymyna mejbury çekilýändiklerini habar berdi.

Bu aralykda, bir türkmen telekeçisiniň ABŞ-nyň türkmen pagtasyna girizen gadagançylygyny aýyrmak üçin ABŞ häkimiýetlerine bir ýyl mundan ozal haýyş bilen ýüz tutandygy mälim boldy.

Ýatlasak, 2018-nji ýylyň maýynda ABŞ-nyň Gümrük gullugy mejbury zähmet bilen baglylykda türkmen pagtasynyň ABŞ-nyň çägine girizilmegine gadagançylyk girizdi.

Türkmen häkimiýetleri mejbury ýygym işlerine bat berip, awgustyň aýagynda Lebapda aliment bergisi bolan adamlara jeza hökmünde pagta ýygdyryp başlady.

Şu aralykda ýurduň ozal pagtaçylykdan boşadylan sebitinde, Balkan welaýatynda hem okuwlaryň pagta ýygymy sebäpli ýatyrylýandygy barada 5-nji sentýabrda maglumat gelip gowuşdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetiniň pagta önümçiliginden mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmagyny berk tankyt edýärler.

Berk döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri ýurtda pagtanyň esasan tehnika bilen ýygnalýandygyny, ýygyma gatnaşýan pagtaçylaryň “ýokary ruhubelentlik bilen” zähmet çekýändigini öňe sürýär.

Balkanda häkimiýetler mugallymlary we mekdep okuwçylaryny Bereket hem-de Serdar etraplarynyň gowaça meýdanlaryna mejbury çekýän mahaly, 14-nji awgustda ýerli “Balkan” gazeti Bereket etrabynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň pagta möwsümine taýýarlanylýandygyny, Serdar şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärleriniň hem hasyly kabul etmäge taýýarlyk görýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň köpçülige äşgär eden seýrek maglumatlaryndan çen tutulsa, Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynda, esasan, bugdaý we azyklyk bakja ekilýär.
Hususy dükanlar ýapylandan soň, azyk gytçylygy hasam ýitileşdi

Türkmenistanda barha güýçlenýän koronawirus aladalary sebäpli bazarlaryň, dükanlaryň ýapylmagy bilen, sebitlerde onsuz hem gyt harytlar hasam selçeňledi, bahalary telim esse ýokarlandy. Çäklendirmeleriň arasynda türkmen häkimiýetleriniň hiç hili goldaw bermeýändigini aýdýan söwdagärler, harytlaryny wagtynda ýerläp bilmän uly zyýana galýandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda, ýerli ilat döwlet dükanlarynda has ýokarlandyrylan bahadan satylýan azyk, iýmit önümleriniň ýarawlylyk möhletiniň hem geçendigi belleýärler. Galyberse-de, bu ýagdaýlaryň fonunda adamlar gün-güzeran aladasy bilen öý goşlaryny hem “deger-degmeze” satyp başladylar.

“Maryda [pandemiýa sebäpli] şäherdir etraplaryň ähli bazarlary ýapyldy, hususy dükanlaryň gapylary möhürlendi. Bazarlarda gök-önüm satmaga hem rugsat bermeýärler. Diňe döwlet dükanlarynda we welaýatyň ‘Belent’, ‘Hoşal’ ýaly söwda merkezlerinden haryt satyn alyp bolýar” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 8-nji sentýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Ol döwletiň eýeçiligindäki söwda nokatlaryndaky harytlaryň bahalarynyň hususy dükanlardakylardan hem aşandygyny aýdyp, käbir günübirin harytlaryň bahalaryny öwrendi. Onuň maglumatyna görä, Marynyň döwlet dükanlarynda:

Towuk budunyň bir kilogramy 50 manatdan,
Bürünjiň 1 kilogramy 19-25 manatdan,
Greçkanyň 1 kilogramy 50 manatdan,
Günebakar ýagy 70 manatdan,
Unuň iň pes sortunyň bir haltasy 500 manatdan,
Göle etiniň 1 kilogramy 100 manatdan,
Käşiriň 1 kilogramy 11 manatdan,
Pomidoryň 1 kilogramy hem 8 manatdan satylýar.

Şol bir wagda, döwlet dükanlarynyň tekjelerindäki azyk harytlarynyň köpüsiniň eýýäm isrip, zaýa bolandygy hem nygtalýar.

“Döwlet dükanlaryndan alan islendik harydyň üstünde kiçi ak tegmiller bar, olary datsaň hloruň tagamy duýulýar. Satyjylar harytlaryň wagtynda alynman zaýalanýandygyny, şol sebäpli olary dermanlap tekjelere çykarýandyklaryny aýtdylar. Ýarawlylyk möhleti geçen harytlary iýip zäherlenenler hem bar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjylaryň biri belledi.

Bu aralykda, hususy dükan eýeleri häkimiýetleriň soňky çäklendirmeleriniň netijesinde uly zyýana galandyklaryny, söwda nokatlaryny gizlin ýagdaýda işletmäge synanyşýandyklaryny aýdýarlar.

“Dükanlarymyzy ýapmaly edenlerinden soň, girdeji çeşmämizden mahrum bolmak bilen birlikde, öňünden alyp goýan harytlarymyz hem zaýalanyp başlady. Başardygymyzdan gizlin söwda etmäge synanyşýarys. Polisiýa gelse, oňa para berip, meseläni şol ýerde çözjek bolýarys” diýip, maryly söwdagärleriň biri aýtdy.

Ol welaýatara hereketiň hem çäklendirilmegi netijesinde, telekeçileriň ýurduň beýleki künjeklerindäki bazarlara aşyp bilmeýändiklerini, şol sebäpli-de goşmaça uly maliýe ýitgilerini çekýändiklerini sözüne goşdy.

Galyberse-de, zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän pulsuzlykdan kösenýän ýerli ýaşaýjylar hususy dükanlaryň ýapylmagyndan soňra, gündelik çörek aladalarynyň has hem artandygyny aýdýarlar.

“Ozal hususy dükanlardan sähelçe bolsa-da, käbir harytlary ýazga, karzyna alyp bolýardy. Indi döwlet dükanlaryndan bir haryt aljak bolsaň hem, diňe nagt töleg etmeli, aýlyk kartlaryndan söwda edip bolmaýar. Häzirki wagt adamlar gyşa niýetläp ýapan bankalaryny açyp iýmitlenýärler. Köp hojalyklar öý goşlaryny deger-degmeze satyp, zordan gün-güzeran aýlajak bolýarlar” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, bazarlarda azyk gymmatçylygy köp maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, azyk ýeter-ýetmezçiligini boýun alman, daşary döwletlere ynsanperwer kömegini iberýär, şeýle-de ýurtdan eksport edýän azyk önümleriniň möçberini artdyrýar.
Garaşsyz neşir: ýol heläkçiliginde ölen käbir harbylaryň atlary belli boldy

Iýul aýynda Aşgabatda bolan ýol hadysasynda ölen iki esgeriň we bir ofiseriň atlary belli boldy. Bu barada garaşsyz neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 6-njy sentýabrda habar berdi.

Bellesek, Azatlyk Radiosy paýtagtyň Bekrewe şaýolunyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde onlarça harby gullukçynyň wepat bolandygy barada 21-nji iýulda ilkinji bolup habar beripdi. Şonda çeşmelerimiz 18-nji iýulda 10-dan gowrak KamAZ kysymly ulagdan ybarat harby kerweniň ýol hadysasyna uçrandygyny aýtdylar. Wakada ilki 18 töweregi harbynyň heläk bolandygy belli boldy. Soňra Azatlygyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ýakyn bir çeşmesi wepat bolan harbylaryň sanynyň 30-dan aşandygyny, 20 töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, ýol heläkçiliginde ölen esgerleriň ýene iki sanysynyň ady belli boldy. Olaryň biri Asyr Derýaýew, beýlekisi Ýusup Haýytowdyr.

"Çeşmelerimiz wakada ofiser Döwlet Aşyrowyň hem ölendigini habar berýärler" diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Mundan ozal neşir ýol heläkçiliginde ölen başga bir esgeriň adyny - Batyr Igdirowy - hem mälim edipdi.

"Uly leýtenant Döwlet Aşyrow oktýabrda öýlenmegi planlaşdyrýardy" diýip, neşir ýazýar.

Şeýle-de, maglumatda heläk bolanlaryň garyndaşlaryna azyk we nagt kömeginiň berilendigi, ýöne bularyň döwlet býujetinden bölünip berilmän, beýleki harby we döwlet işgärlerinden ýygnalandygy hem aýdylýar.

Neşir waka bilen bagly sud işi barada gapma-garşylykly maglumatlaryň bardygyny aýdyp, "çeşmeleriň biri heläkçilige KamAZ ulaglarynyň tehniki ýagdaýyny barlamaly adamlaryň jogapkär görkezilýändigini aýtdy" diýýär.

"Başga bir çeşme, diri galan sürüjiniň - daşoguzly esgeriň - kazyýet işiniň eýýäm geçirilendigini aýtdy. Ony türmä salmadyrlar, ýöne 20 müň manat jerime töletdiripdirler" diýip, neşir ýazýar.

Azatlyga bu aýdylanlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Goranmak ministrliginden hem maglumat alyp bolmady.

Ýatlatsak, heläkçiligiň bolan wagty harby ulag kerweni Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda bir çärä gatnaşyp, Bekrewe garnizonyna gaýdyp barýan ekeni.

Goranmak ministrligine ýakyn çeşmämiz heläkçilige ulag kerweniniň hataryndaky sekizinji ulagyň tormozynda dörän näsazlygyň sebäp bolandygyny habar beripdi. Çeşme heläk bolanlaryň aglabasynyň şol ulagda bolandygyny hem aýdypdy.

23-nji awgustda Azatlygyň beýleki bir çeşmesi ýol hadysasynda ölen birnäçe lebaply esgeriň hossarlaryna kompensasiýa tölegleriniň tölenýändigini habar berdi. Ol aradan çykan esgerleriň arasynda Seýdi şäherinden, Farap etrabynyň Hojakenepsi obasyndan we Çärjew etrabynyň Kölaryk obasyndan bolan esgerleriň hossarlaryna şu wagta çenli 10 müň manat möçberinde kömek berilendigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri, aradan tas iki aýa golaý wagtyň geçendigine garamazdan, bu ýol heläkçiligi barada hiç zat aýtman gelýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýol heläkçiliginden iki hepde töweregi soň, 3-nji awgustda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Şonda ol goranmak ministriniň orunbasaryna “berk käýinç” yglan edip, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň guramaçylygyndan nägile boldy.

Döwlet mediasy şol mejlisiň dowamynda-da heläkçilikli ýol hadysasynyň gozgalyp-gozgalmandygy barada habar bermedi.
Çeşmeler: Türkmenistanyň daşary işler ministri Meredow COVID-19 bilen keselledi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň koronawirusa ýolugan bolmagy mümkin. Azatlygyň çeşmeleri Meredowyň 20-nji awgustdan soň işe çykmandygyny tassyklaýarlar. Ministriň takmynan iki hepde öň Ahal welaýatynyň Yzgant obasynda ýerleşýän täze ýokanç keseller keselhanasyna kabul edilendigi aýdylýar. Daşary işler ministrliginiň işgäri Azatlyk bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bu habarlary ret etdi, ýöne Meredowyň Ministrler kabinetiniň soňky iki mejlisine näme üçin gatnaşmandygyny we Daşary işler ministrliginiň türkmen prezidentiniň Özbegistana etjek saparyny taýýarlamaga näme üçin gatnaşmaýandygyny düşündirip bilmedi.

Azatlyk radiosynyň bir-birinden habarsyz iki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 24-nji awgustda COVID-19 diagnozy bilen keselhana ýerleşdirildi. Aýdylmagyna görä, ministriň koronawirusyň delta görnüşi bilen keselländigi mälim bolupdyr.

Çeşmeleriň biri 61 ýaşly Meredowyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky täze ýokanç keselliler hassahanasynda bejergi alýandygyny tassyklaýar.

“Bu prezidentiň [Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedowyň] ata-baba obasynda 2020-nji ýylyň noýabr aýynda açylan we iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezi. Maňa (Meredowyň) gutulýandygyny we ýagdaýynyň durnuklydygyny gürrüň berdiler” diýip, hökümet töwereklerine ýakyn durýan çeşme aýtdy.

Çeşme Meredowyň hassahanada bolýandygy baradaky maglumaty 1-nji sentýabrda alandygyny aýtdy. Azatlyk bu habary çapa taýýarlaýan wagtynda ministriň nirededigi barada maglumat alyp bilmedi. Ýöne başga bir çeşme Meredowyň şindi öz iş ýerine dolanmandygyny, köpçülikde görünmändigini tassyklady.

Meredow öz iş ýerinde soňky gezek 20-nji awgustda göründi. Şol gün ol Ministrler kabinetiniň wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Şondan bäri Ministrler kabinetiniň iki mejlisi geçirildi, emma 27-nji awgustda we 3-nji sentýabrda geçirilen maslahatlara Daşary işler ministrliginiň başlygy gatnaşmady.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana boljak saparyna taýýarlyk işleriniň daşary işler ministri, daşary syýasat boýunça wise-premýer Meredowa däl-de, oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldýewe ynanylmagy bellärlikli bolup durýar.

Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri bolup, bu ýerde resmi edaralardan maglumat almak hakykatda mümkin däl. Mundan başga, türkmen häkimiýetleri COVID-19 hadysasynyň bardygyny ykrar etmeýärler we pandemiýa başlaly bäri ýurtda bir hadysanyň hem ýüze çykarylmandygyny öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk Daşary işler ministrliginiň bir resmisi bilen telefonda gürleşmegi başardy we ol Meredowyň näsaglandygy baradaky maglumaty inkär edip, onuň iş ýerindedigini aýtdy.

“Ministr öz ýerinde. Biz Azatlygyň onuň ýagdaýyndan alada galmagyna tolgundyk, ýöne ýok, ol koronawirus bilen kesellänok. Owganystandaky we umuman dünýädäki wakalar sebäpli, onuň iş-aladasy köp. Içerki syýasat meseleleri we bu meseleler bilen baglanyşykly geňeşmeler köp wagt talap edýär we belli bir derejede iş ýüküni agraldýar. A şeýle, ýok, ol koronawirus bilen kesellemedi. Arkaýyn bolup bilersiňiz” diýip, wezipesini we adyny aýtmakdan boýun gaçyran emeldar aýtdy.

Emma Meredow soňky birnäçe hepdede Owganystan meselesi boýunça geçirilen duşuşyklaryň hiç birinde türkmen tarapyna wekilçilik etmedi. Türkmen resmisi Azatlygyň bu we Berdimuhamedowyň Özbegistana boljak saparyny näme üçin daşary işler ministriniň däl-de, eýsem oba hojalygy boýunça wise-premýeriň taýýarlaýandygy barada beren soraglaryna jogap bermekden boýun gaçyrdy.

“Siz bilýärsiňizmi, men häzir ýygnaga howlugýaryn. Emma bir zady aýtmak isleýärin, gynansak-da, käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleri käte “jaň sesini eşitdim, ýöne nirededigini bilemok” ýörelgesine laýyk işleýär. Mundan aňryk, siz bilen gürleşmäge mümkinçiligim bolmansoň, ötünç soraýaryn. Size üstünlik arzuw edýärin” diýip, türkmen emeldary trubkany goýdy.
Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn bir çeşmesi prezident Berdimuhamedowyň Özbegistana boljak saparynyň takyk senesiniň entek kesgitlenmändigine, ýöne onuň "ýakyn wagtda" boljakdygynyň mälim edilendigine ünsi çekdi.

"Görnüşinden, her hili soraglaryň döremeginden gaçyp, prezidente ýoldaş bolar ýaly, Meredow sagalýança garaşýarlar" diýip, çeşme öz çak-çenini aýtdy.

Meredow Türkmenistanda koronawirusa ýolugan ilkinji ýokary derejeli resmi däl. 2020-nji ýylyň iýulynda COVID-19 türkmen syýasy elitasynyň ýene bir täsirli resmisiniň, Ýagşygeldy Kakaýewiň ölümine sebäp boldy. Emma hökümet-de, döwlet metbugaty hem 61 ýaşly Kakaýewiň keseli we ölümi barada habar bermedi. Ýöne ýedi aý soň, 2021-nji ýylyň fewralynda prezident onuň adyny Aşgabatdaky Halkara Nebitgaz uniwersitetine dakmagy, wagtynda ýogalandygy aýdylmadyk egindeşiniň adynyň ebedileşdirilmegini tabşyrdy.

Mundan başga, geçen ýylyň iýulynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 55 ýaşly häkimi Hasan Metkuliýew hem koronawirus sebäpli dörän öýken keselinden heläk boldy. Onuň ölümi barada hem ne hökümet, ne-de resmi metbugat habar berdi.
COVID-19: Rus-türkmen mekdebinde ikinji işgär aradan çykdy

Aşgabatda, Puşkiniň adyndaky rus-türkmen mekdebiniň ýene bir işgäri aradan çykdy. Çeşmeler onuň hem koronawirusdan ýogalandygyny habar berýär. Bu aralykda paýtagtyň mekdeplerinde okaýan okuwçylara mekdebe gitmezlik üçin doldurmaly anketalar paýlanýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerini Azatlygyň habarçylary Aşgabatdan habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 7-nji sentýabrda irden Aşgabatda Puşkin adyndaky mekdebiň mugallymy Tatýana Wýaçeslawowna Ýarowenko koronawirusyň netijeleri zerarly aradan çykypdyr. Ol biologiýadan sapak beripdir we 7 "A" klassyň ýolbaşçysy bolupdyr.

Turkmen.news” neşir hem mugallymyň ölümi barada habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, Tatýana Ýarowenkonyň okuwçylary häzirki wagtda aljyraňňy ýagdaýda galýarlar. Ene-atalar çagalaryny mekdebe goýbermekden gorkýarlar, mekdep mugallymlary bolsa işe gitmekden howatyrlanýarlar.

Mugallymyň ölümi bu oakum jaýynda hepdedäniň içinde ikinjidir.

1-nji sentýabrda mekdebiň müdiri Ýelena Sistsowa aradan çykdy. Azatlyk Radiosy mekdebiň müdiriniň keselländigi barada awgustyň aýagynda habar aldy. Mekdepde okuwçylara direktoryň we onuň bu mekdepde işleýän ejesiniň koronawirus bilen keselhana ýerleşdirilendigi we 1-nji sentýabrda ölendigi habar berildi. Şonda mekdep müdiriniň ejesiniň reanimasiýadadygy aýdyldy.

Turkmen.news” neşiri bu oakum jaýynda 20-ä golaý mugallymyň COVID-19 bilen keselidigini habar berdi. Neşir, mekdepde müdiriň ölendiginiň tassyklanandygyny, ýöne takyk sebäbiniň aýdylmandygyny habar berdi.

A.S. Puşkin adyndaky rus-türkmen bilelikdäki orta mekdebiniň müdiriniň ölüminiň sebäbi Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hem mälim edilmedi. 1-nji sentýabrda ilçihananyň web sahypasynda Ýelena Systsowanyň ölümi barada sebäbini aýtmazdan habar berildi.

Rus-türkmen mekdebiniň wekilleri we Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy, bilim edarasynyň başga bir mugallymy Tatýana Ýarowenkonyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýagdaý barada resmi düşündiriş bermedi.

Bu aralykda, ýurt boýunça orta mekdep okuwçylarynyň ene-atalary COVID-19 keseliniň möwjeýän wagtynda çagalaryny mekdebe ibermekden gorkýarlar.

Okuw prosesi bir aý yza süýşürilip, soň 6-njy sentýabrda garaşylmadyk ýagdaýda täzeden başlandan soň, okuwçylaryň üçden birine golaýynyň mekdebe gatnamaýandygy ýüze çykdy. Köpüsi kesel, mugallymlar ýeterlik däl. Sagdyn çagalaryň ene-atalary olary mekdebe goýbermek islemeýärler diýip habarçylar aýdýarlar.

Ýurduň häkimiýetleri henizem koronawirusyň ýaýramagyny ykrar etmeýärler, emma ýagdaýa käbir çäreler bilen reaksiýa bildirýärler.

Hususan-da, mekdeplere degişli täzelikleriň biri okuwçylaryň sapaklara gatnaşmazlygynyň resmileşdirilmegine degişli.

Aşgabatda okuwçyny okuwdan alyp galmak üçin mekdeplerde çagalara anketalar paýlandy. Ýňrye anketalar 7-nji sentýabrda paýtagtyň birnäçe mekdebinde, şol sanda 36-njy we 55-nji mepkdeplerde paýlandy.

Çaganyň sapaklara gatnaşmazlygy üçin mekdebiň müdiriniň adyna ýazylmaly arzanyň nusgasy
Çaganyň sapaklara gatnaşmazlygy üçin mekdebiň müdiriniň adyna ýazylmaly arzanyň nusgasy

Aşgabadyň we Türkmenistanyň welaýatlaryndaky saglygy saklaýyş edaralarynyň wekilleriniň adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyga aýtmagyna gora, ýurt koronawirusyň güýçli tolkuny başdan geçirýär, keselçilik hadysalarynyň we ölümleriň sany öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelýär.

Lukmançylyk edaralary köp sanly hadysalara döz gelip bilmeýärler, keselhanalar hassalaryň ählisini kabul edip, ýetişmeýär, lukmanlar ölenleri ýakynlaryna tabşyrmak üçin ýetişiksiz günde, kynçylyk çekýär we hassalaryň ençemesi öýlerinde ölýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we Türkmenistandaky çeşmeleriniň habar bermegine görä, test netijeleri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň "Delta" görnüşiniň bardygyny tassyklaýar. Ýurduň lukmançylyk edaralarynda koronawirus testler arkalı anyklanýar, ýöne hasaba alynmaýar.
Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ‘ösüşleri’ wasp edip, ‘krizisi’ agzamaýar

​​​​​​​Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow barada iň iri döwlet gazetlerinde çykan soňky makalany Berdimuhamedowyň “saglyk ýagdaýynyň gowudygyny” hem-de onuň “öz wezipesiniň başyndadygyny” görkezmek synanyşygy diýip düşündirdi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, galyberse-de, ýurtda koronawirus keseliniň giň ýaýrandygy baradaky habarlaryň fonunda, 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň iň iri iki merkezi gazeti – “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetleri – Gurbanguly Berdimuhamedowyň atlar bilen didarlaşmagy barada baş makala bilen çapdan çykdy.

“Arkadag Akýol behişdi bedewi bilen ak ýollara uzaýan ýollara rowana boldy” atly makala çarşenbe güni Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki iň iri iki websaýtynda – Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň “Türkmenistan: Bugün” we “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtlarynda – bolşy ýaly çap edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gündelik meşgul bolýan döwlet işleri – geçirýän maslahatlary, gol çeken kararlary we beýlekiler onsuz hem elmydama türkmen gazetleriniň baş sahypasynda orun alýar.

Ýöne penşenbe güni, 9-njy sentýabrda Berdimuhamedowyň at üstündäki suraty bilen onuň "at bilen bir ýola rowana bolandygy baradaky" habar synçylarda sorag döretdi. Berdimuhamedow köplenç atlar bilen dynç alyş günlerinde didarlaşýar. Üstesine, Türkmenistan şu günler ne at baýramçylygynyň bosagasynda, ne-de atlar bilen bagly başga baýramyň öňüsyrasynda. Türkmenistan şu günler garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görýär. Döwlet metbugatynyň Berdimuhamedowyň "at bilen ak ýola rowana bolandygy" barada ündew görnüşli makala çap etmegine nähili düşünmeli?

Makala Berdimuhamedowyň bir ýola rowana bolandygyny aýdýar. Döwlet mediasy prezidentiň bu ýakynda göz öňünde tutulýan resmi saparlary barada habar bermeýär.

Suratda görkezilýän at üstündäki Berdimuhamedow täç suraty çekilen gyzyl baş gap, gyzyl köýnekçe geýnipdir, ýöne ak ata atlanypdyr.

Bellemeli ýerli, Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginden çen tutulsa, Berdimuhamedow Akýol bilen ýekşenbe güni, 5-nji sentýabrda ‘didarlarşdy’.

Azatlyk Radiosy bu makala bilen bagly Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere mikrofon uzatdy.

Onuň pikiriçe, soňky makala Türkmenistanda garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany ilat arasynda “watansöýüjilik” duýgusyny oýarmaga we başga-da birnäçe maksada gönükdirilýär:

“Meniň pikirimçe, bu makala garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda adamlarda birhili ‘watansöýüjilik’ duýgusyny emele getirmek synanyşygy bolup durýar. Ýöne türkmen halkynyň çeken jebrinden çen tutulsa, bu mümkin hem däl ýaly. Şeýle-de, bu makaladaky surat bilen hem-de onda Berdimuhamedowyň taryp edilişi bilen onuň saglyk ýagdaýynyň gowudygy barada habar bermek isleýärler, onuň saglyk ýagdaýynyň gowudygy, onuň öz işiniň başyndadygy barada habar bermek isleýärler” diýip, Panniýer aýtdy.

Döwlet metbugaty “bedewler” garaşsyz Türkmenistanyň nyşanydyr diýýär. Şeýle-de, resmi metbugat Berdimuhamedowyň “Akýol bilen gezim etmegini häzirki döwrüň okgunly ösüşleriniň beýany” häsiýetlendirýär.

Prezidentiň ady agzalýan ata atlanmagy bilen “halkyň durmuşynyň” arasynda nähili arabaglanyşyk bar?

Panniýeriň pikiriçe, häzirki Türkmenistanyň ündew gurallarynda ata münmeklik ýa-da umuman atçylyk “hakyky türkmençilik” ýa-da “türkmen bolmaklyk” bilen ilteşdirilýär.

Ýöne Türkmenistanda ilatyň aglaba böleginiň at satyn almaga, at ekläp saklamaga gurby çatmaýar. Ýurtdan gowuşýan habarlara görä, hojalyklaryň azyk üpjünçiligi, olaryň öz gün-güzerany adamlaryň baş aladasy bolup durýar.

Galyberse-de, döwlet metbugatynyň ündew makalasy Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň hem-de häkimiýetleriň boýun almaýan koronawirus keseliniň giň ýaýraýandygy baradaky habarlaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.
Ýaňy-ýakynda Aşgabatdaky habarçylarymyz tabyt zerur bolan koronawirus pidalaryna tabyt ýetişmeýändigi barada habar berdiler. Ýurtda ýokary synplaryň okuw sapaklary koronawirus bilen baglylykda ilkibaşda bir aý yza süýşürildi, soňra 6-njy sentýabrda duýdansyz gaýtadan başlamaly edildi.

Gurbanguly Berdmihamedowyň atlara bolan söýgüsi, mundan ozal, bir döwür dünýädäki iri media serişdeleriniň baş temasyna öwrülipdi. Ýatlasak, HBO kanalynda efir berilýän “Last Week Tonight with John Oliver” atly satira gepleşiginde belli-meşhur satiraçy Jon Oliwer Berdimuhamedowyň atlara bolan söýgüsini iki ýyl mundan ozal wasp etdi.

Berdimuhamedow atlara bagyşlap kitap ýazdy, türkmen atlarynyň halkara birleşiginiň esaslandyrylmagyna gatnaşdy.

Ol wagtal-wagtal döwlet telewideniýesinde atly gezelenç edýän görnüşde görkezilýär. Ýöne döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýapyk Türkmenistanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady we durmuş kynçylyklary barada kelam agyz habar bermeýär.

Jon Oliwer öz gepleşigini äpet ullakan tort kesip jemledi. Tortuň ýüzüne atdan ýykylyp barýan Berdimuhamedowyň suraty çekilipdi. Ýatlasak, Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen bir at çapyşygynda atdan ýykyldy.
Owganystan boýunça ministrler derejesinde geçirilen duşuşyklara türkmen ministriniň orunbasary gatnaşdy

Türkmen DIM-niň emeldary 8-nji sentýabrda Owganystan boýunça daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen wideoşekilli maslahatlara gatnaşdy. Bu habar Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň COVID-19 bilen keselländigi barada syzyp çykan maglumatyň yz ýanyndan çap edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasy ABŞ-nyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň daşary işler ministrleriniň, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşandygyny habar berýär, emma Türkmenistandan gatnaşan resminiň adyny aýtmaýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antony J. Blinken we Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maasyň beýemçilik etmeginde geçirilen ministrler duşuşygyna Owganystan boýunça ýaranlaryň we hyzmatdaşlaryň, Germaniýa, Awstraliýa, Bahreýn, Kanada, Fransiýa, Hindistan, Italiýa, Ýaponiýa, Kuweýt, Norwegiýa, Pakistan, Katar, Koreýa respublikasy, Saud Arabystanyň, Ispaniýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, BAE, Angliýa, Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy.

Döwlet sekretary Blinken bolmagy mümkin ynsanperwerlik krizisini gowşatmakda we “Talybandan” terrorçylyga garşy jogapkärçiligi talap etmekde, şeýle-de gitmek isleýän daşary ýurt raýatlary we owganlar üçin ygtybarly ýol açmak, esasy hukuklara hormat goýýan we ähli tarapy öz içine alýan hökümet döretmek meselesinde agzybirlige çagyrdy. Maslahata gatnaşanlar Owganystanyň halkyna dowamly goldaw bermekde agzybir bolmagyň möhümdigi bilen ylalaşdylar diýip, Döwlet departamentiniň habarynda bellenýär.

Şu aralykda Birleşen Ştatlar Kabulda “Talybanyň” ýolbaşçylygynda diňe erkeklerden we berk şerigat düzgünlerini yzyna getirmegi wada beren weteran söweşijileriň agdyklyk etmeginde düzülen hökümet yglan edeninden bir gün soň ony “wagtlaýyn hökümet” diýip häsiýetlendirendigini we Waşingtonyň hem-de hyzmatdaşlarynyň berk liniýaly topara basyş görkezmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Adminstrasiýada hiç kim, prezident ýa-da milli howpsuzlyk gullugyndan birleri “Talybanyň” halkara jemgyýetçiliginiň agzalaryny diňleýändigini we hormatlaýandygyny tassyklamaz. Olar entek muňa ynandyrmady” diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň pozisiýasyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken üçünji gün irden, Germaniýanyň we beýleki 20-ä golaý ýurduň ýolbaşçylarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykdan soň, Owganystanyň täze hökümetine işi hem-de “indi gazanylmaly kanunylygy” boýunça baha beriljekdigini aýtdy.

8-nji sentýabrda Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi hem Hytaýyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlerini Owganystanyň goňşularynyň 1-nji ministrler derejesindäki duşuşygyna çagyrdy.

“Roýters” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Kureşi sebit ýurtlarynyň ministrler derejesinde gurajak indiki wirtual duşuşyklaryna “Talyban” liderlerini hem çagyrmagy teklip etdi.

Türkmenistandan daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen duşuşyklara daşary işler minisitriniň orunbasary Wepa Hajyýew gatnaşdy.

Türkmen tarapy Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtap, owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajyplygyny belledi diýip, türkmen DIM-niň habarynda aýdylýar.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Covid-19 bilen keselläp, 20-nji awgustdan bäri işe çykmaýar. Emma türkmen DIM-niň resmisi ministriň işde görünmezliginiň sebäbi barada berlen soraglara anyk jogap bermän, bu maglumaty umumylykda ret etdi.
COVID-19 we Türkmenistan: berk çäklendirmeler we ýokary ölüm derejesi saklanýar

Türkmenistanda koronawirus hassalarynyň arasynda ölüm derejesi ýokary bolmagynda galýar. Hökümet resmileriniň arasynda hem keselçilik ýagdaýlary bar bolsa-da, häkimiýetler COVID-19-yň ýurtda ýaýramagyny we onuň netijelerini boýun almaýarlar. Emma resmilerden tapawutlylykda ilatyň aglaba köpçüligine lukmançylyk kömegi elýeterli däl.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary her gün onlarça adamyň, şol sanda öz ýakynlarynyň we tanyşlarynyň arasynda COVID-19 keseli sebäpli ölenler barada habar bermegini dowam etdirýärler.

"On günden gowrak wagtyň dowamynda köp adam öldi. Goňşularyň, tanyşlaryň we tanaýanlarymyzyň arasynda köp boldy" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 9-njy sentýabrda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň paýtagtynda we onuň töwereginde Bagtyýarlyk etrabynda, Köşide, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda we Aşgabatyň Bizmeýin etrabynda häzir koronawirusyň pidalary köp.

Merhumyň garyndaşlary köplenç gaty kyn psihologiki we maliýe ýagdaýyna düşýärler. Jaýlanyş we ýas çäreleri esli çykdajy talap edýär. Üýşmeleňleriň, şol sanda ýas çäreleriniň gadagan edilendigine garamazdan, köpler adatça merhumyň 3-ni, 7-sini we 40-ny bellemek üçin sadaka berýärler.

Türkmenistanda koronawirusdan ölümiň köpelmegi sosial mediada hem ulanyjylaryň arasynda köp ara alnyp gürrüň edilýär. Ulanyjylar maşgalalarynyň we goňşularynyň arasynda ölenleriň bardygyny habar berýärler.

Türkmen ýolbaşçylary henizem ýurtdaky COVID-19 ykrar etmekden gaça durýarlar we Türkmenistanda koronawirus bilen keselleýänler we ölýänler barada media maglumatlaryny kommentirlemeýärler. Şol bir wagtyň özünde koronawirus ýokaşanlaryň arasynda ýokary derejeli resmiler we tanymal adamlar bar.

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň koronawirusa ýolugan bolmagynyň ähtimaldygy belli boldy. Azatlygyň anonim çeşmelerine görä, ministr iki hepde öň Ahal welaýatynyň Yzgant obasyndaky täze ýokanç keseller keselhanasyna ýerleşdirilipdir.

Daşary işler ministrliginde Azatlyk bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan resmi bu habarlary ret etdi, ýöne ol Meredowyň 20-nji awgustdan soň işde görünmändiginiň we Ministrler Kabinetiniň soňky iki mejlisine gatnaşmandygynyň sebäbini düşündirip bilmedi.

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagy, ölüm derejesiniň ýokary bolmagy, emma bu ýagdaýda hökümetiň keselçiligi berk inkär etmegi we heläkçilikli ýagdaýy äsgermezligi ilatyň arasynda howsala döredýär. Ene-atalaryň köpüsi çagalaryny mekdebe goýbermekden gorkýarlar.

Bu aralykda, 9-njy sentýabrda Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly lukmanlar keselleýänleriň sanynyň birneme azalyp başlandygyny bellediler. Şol bir wagtyň özünde, koronawirusyň uzak möhletli netijeleri barha aýdyňlaşýar, garyndaşlaryny we dostlaryny ýitirenleriň psihikasyna agram düşýär, depressiýa düşýänler köpelýär. Köpler, mümkin bolsa, daşary çykmakdan saklanýarlar, aragatnaşykdan gaça durýarlar.

Bu wagt Maryda agyr çäklendirmelere garamazdan, koronawirus ýokary derejede ýaýraýar. Sebitde ähli bazarlar ýapyk, maska dakylmagyna berk gözegçilik edilýär, ulag gatnaşyklary ýatyryldy, şäherleriň içinde we şäherçeleriň arasynda awtobuslar gatnamaýar. Ilat hususy ulaglar we taksiler bilen syýahat etmäge mejbur bolýar.

"Koronawirus keseli iň ýokary derejesine ýetdi. Adamlar ölýär. Häzirki wagtda Sakarçäge etraby birinji ýerde durýar, her gün bu ýerde 10-15 adam wirusdan ölýär" -diýip, Marydaky çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Marydaky häkimligiň we ýerli saglygy saklaýyş edaralarynyň wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Ýerli çeşmelere görä, Maryda hassalaryň we ölenleriň arasynda mekdep mugallymlary hem bar, şol sanda sanjym edilenler hem keselleýär.
Koronawirusa garşy waksinasiýa ýurtda hökmany hasaplanýar. Öz ilatyny koronawirusa garşy waksinany edip-etmezligi özbaşdak saýlamak hukugyndan mahrum eden az sanly ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan bir ýarym ýyl bäri COVID-19-yň ýurtda düýbünden ýokdugyny aýdyp gelýär. Şeýle hem hiç bir statistikany, şol sanda ilatyna waksina etmek baradaky sanlaryny bermeýär.

Häzirki wagtda Marynyň häkimiýetleri koronawirusa garşy göreşiň arasynda ilata bolan talaplaryny hasam güýçlendirýärler. Hususan-da, mekdeplerde goşmaça gözegçilik gurnalýar. Iki mugallymdan we bir polisiýa işgärinden ybarat toparlar mekdep girelgesinde nobatçy bolup, ene-atalaryň mekdebe girmeginiň öňüni alýar. Ene-atalaryň soraglaryna olar munuň keseliň ýaýramagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar, ýöne koronawirusy agzamaýarlar.

Marydaky mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň aýtmagyna görä, waksina edinen ene-atalar hem COVID-19 bilen bagly resminamalaryny we testleriň negatiw netijesini görkezen halatynda-da mekdebe goýberilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, ene-atalar çagalaryny garşy almak üçin mekdebiň daşynda dyklyşykda durmaly bolýarlar we sosial aralygy saklamaýarlar. Bu ýagdaýa ýerli häkimiýetler üns bermeýärler.

Maryda okuwçylaryň ene-atalarynyň arasynda öz çagalaryny mekdebe goýbermezlik islegleri hem gitdigiçe köpelýär.

Lukmançylyk maskalaryny "talaba laýyk" dakynmazlyk üçin jerimeler hem sebitde dowam edýär. Maskanyň ýoklugy ýa-da "nädogry" dakynmagy üçin jerime 20-40 manat aralygynda alynýar.

Azatlyk bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen saglyk işgärleri we resmiler, syrkawlaryň we ölýänleriň köplüginde, ýurduň häzir göwrümi hem netijeleri boýunça görlüp-eşidilmedik koronawirus tolkunyny başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Mundan başga-da, ýurtdaky ykdysady çökgünlik we maliýe kynçylyklar adamlary gelejege bolan ynamdan gaçyrýar. Çagalaryny azyk, derman we medisina kömegi bilen kadaly üpjün edip bilmeýän maşgalalaryň sany köpelýär.
Häkimiýetler un ýetmezçiligini tamdyr çöregini satýanlara garşy göreşmek bilen çözmäge synanyşýar

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri ýurtda dowam edýän un we çörek ýetmezçiligini tamdyr çöregini bişirip satýan raýatlara garşy göreşmek bilen çözmäge synanyşýar. Şeýle-de, häkimiýetler käbir çörek dükanlarynda “paýok unlarynyň ogurlanmagy bilen bagly” derňew işlerini geçirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan habar berýär.

8-nji sentýabrda Balkanda, hususan-da Balkanabat we Gumdag şäherlerinde kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda prokuraturanyň işgärleri öz hususy hojalyklaryndaky tamdyrda çörek bişirip​ satýan aýallara garşy reýdleri geçirip başlady.

“Tamdyrçylaryň unlary elinden alyndy. Olardan uny nireden aldyňyz diýip soradylar. Ýöne olar jogap berip bilmedi. Olara “tamdyr çöregini döwletiň kesgitlän bahasyndan has gymmada satýaňyz” diýlip, 30-40 müň manat jerime töletdirdiler” diýip, ýagdaýdan habarly balkanabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde 9-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan, tamdyr çöregini bişirip satýan balkanabatlylaryň ençemesi özleriniň işiniň kanuna laýykdygyny aýdýarlar.

Ýöne olar özleriniň döwlet tarapyndan un bilen üpjün edilmeýändigini, şol sebäpli uny “bikanun satýan telekeçilerden” gymmat bahadan satyn almaly bolýandyklaryny belleýärler.

“Şu sebäpden biz çöregi gymmatdan satmaly bolýarys, ýogsa biz maddy zyýan çekýäris” diýip, balkanabatly tamdyrçy aýtdy.

Balkanyň kanun goraýjy edaralarynyň resmileri “döwlet dükanlaryndaky un, çörek ýetmezçiligine tamdyrda çörek bişirýänleriň günäkärdigini” aýdyp, bu çäreler esasynda çörek ýetmezçiliginiň aradan aýryljakdygyny belleýärler.

“Çörek indi diňe döwlete degişli çörek dükanlarynda satylmaly” diýip, ýaşaýjy kanun goraýjy bir işgäriň aýdan sözlerini sitirledi.

Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan käbir synçylar ýurtdaky un, "çörek ýetmezçiliginiň tamdyrda çörek bişirýänleriň üstüne ýüklenerden has ýitidigini" aýdyp, munuň sebäplerini ýurtda ýygnalýan galla hasylynyň pesligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmen häkimiýetleri geçen ýyllardaky ýaly şu ýyl hem ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny aýdyp, bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi yglan etdiler.

Bu aralykda, kanun goraýjylar çörek dükanlarynda “paýok unlarynyň ogurlanmagy bilen bagly” derňew işlerini hem geçirýärler. Habarçymyz häzir ençeme dükanyň işgärlerine garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny aýdýar.

“Döwlet dükanlarynda paýoklary artdyryp ýazmak ýa-da ýok adamlara paýok almak adaty tejribä öwrüldi. Häzir döwlet dükanlaryndan ogurlanan unlar ýerine goýulmasa, onda 10-dan gowrak dükan satyjysyna kanuny çäre görüler” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, kanun goraýjylar “mundan beýläk döwlet dükanlarynda ilata paýlanýan unuň we çöregiň her bir gramynyň hasaplanjakdygyny” hem duýdurýarlar.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Balkanyň degişli edaralaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Bu aralykda, habarçymyz tamdyrda çörek bişirýän telekeçilere garşy görülýän çäreleriň öňden bar bolan çörek problemasyny has-da ýitileşdirendigini aýtdy.

Balkanyň häkimiýetleriniň tamdyr çöregini bişirýän raýatlara garşy alyp barýan bu göreşi, ýurduň döwlete degişli azyk dükanlarynda esasy iýmit önümleriniň, şol sanda unuň we çöregiň üpjünçiliginiň barha ýaramazlaşýan wagtyna gabat gelýär.

Dükanlarda çörek çäkli mukdarda satuwa çykarylyp, nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär. Käte onuň üstünde ýakalaşyklar hem emele gelýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky un, çörek ýeter-ýetmezçiligini resmi taýdan boýun almaýar.
Harmana iň az pagta tabşyrýan Balkan ýygym işlerine welaýatlardan gelenleri, arakhorlary we ten söwdasyny edýänleri mejbury çekýär

Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri bu ýyl mejbury ýygym işlerine diňe býujet işgärlerini, esgerleri, okuwçylary we aliment bergisi bolan raýatlary çekmek bilen çäklenmeýär. Şu günler Balkanyň häkimiýetleri bu işlere ýurduň beýleki sebitlerinden welaýata gelip işleýän raýatlary, şeýle-de arakhorlary we ten söwdasy bilen meşgullanýanlary hem mejbury gatnaşdyrýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatdan habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, ýerli polisiýa edaralarynyň işgärleri beýleki welaýatlardan Balkana gelip, bikanun, ýagny rugsatnamasyz işleýän raýatlary polisiýa bölümlerine çagyryp, olardan pagta ýygymyna gatnaşmagy talap edýärler.

"Bu raýatlar Serdar etrabynyň "Azady", "Ýaşlyk", "Sarp" we "Janahyr" daýhan birleşiklerine hem-de Bereket etrabynyň "Uzynsuw", "Magtymguly" we "Türkmenistan" daýhan birleşiklerine pagta ýygymyna sürgün edilýär" diýip, bu ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 9-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Bu raýatlar beýleki welaýatlardan gelip, Balkanyň Hazar, Gumdag we Balkanabat ýaly şäherlerinde rugsatnamasyz işleýärler.

Balkanyň häkimiýetleri pagta hasylyny diňe beýleki sebitlerden gelip işleýän raýatlaryň däl, eýse welaýatyň polisiýa bölümlerinde hasapda duran arakhorlaryň we ten söwdasyny edýän aýal-gyzlaryň hasabyna hem ýygnamaga synanyşýar.

"Polisiýa işgärleri olara bu çäreleri "ahlak düzediş işleri" diýip düşündirýärler. Şeýle-de, munuň jeza we temmi beriş çäreleriň bir bölegidigini hem belleýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Bellesek, pagta hasylyny beýleki welaýatlardan gelenleriň, arakhorlaryň we ten söwdasyny edýänleriň hasabyna ýygmaga synanyşýan Balkan welaýaty ýurduň döwlet harmanyna iň az pagta hasylyny tabşyrýan sebitdir.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça pagtanyň 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonuň iň az mukdary, ýagny 10 müň tonnasy Balkan welaýatyndan ýygnalar. Öz gezeginde Ahal welaýaty 280 müň, Daşoguz welaýaty 275 müň, Lebap welaýaty 320 müň we Mary welaýaty 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrar.

Ýurduň gowaça meýdanlarynda pagta ýygym möwsümi baryp awgustyň ortalarynda başlan bolsa-da, bu işe resmi derejede Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda girişildi. Pagta ýygymyna Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda resmi taýdan badalga bermek kararlaşdyryldy.

18-nji awgustda Maryda býujet işgärleriniň, 24-nji awgustda Lebapda Gorag polkunyň esgerleriniň, 27-nji awgustda Lebabyň Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna mejbury çekilýändikleri mälim boldy. Bu barada Azatlygyň habarçylary maglumat berdiler.

30-njy awgustda bolsa, türkmen häkimiýetleriniň Lebapda aliment üçin bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygymyna çekýändigi mälim boldy.

Türkmenistanda kärendeçileriň döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda öndürýän pagta hasylynyň töweregindäki mejbury çäreler diňe pagta ýygymy bilen çäklenmeýär. 11-nji awgustda Lebapdaky habarçymyz Darganata etrabynda mekdep mugallymlarynyň gowaça çürtmek işlerine mejbury çekilýändigini habar beripdi.

Halkara hukuk toparlary we guramalar türkmen hökümetiniň ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler.

Responsible Sourcing Network (RSN), ýagny "Jogapkär üpjün edijileriň ulgamy" websaýtynyň maglumatyna görä, türkmen pagtasyny özleriniň üpjünçilik zynjyrlaryndan çykarmak baradaky wada berýän kampaniýa 2021-nji ýylyň 10-njy awgustyna çenli 138 kompaniýa gol goýdy.

TDH-nyň maglumatynda ýygym möwsüminde “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 1 müňüsiniň, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-siniň, traktorlaryň 2 müň 301-siniň we traktor tirkegleriniň 3 müň 620-siniň ulanylýandygy öňe sürülýär.
Gara bazarda dollar ýene gymmatlady: Aşgabatda 30 manat, Türkmenbaşyda 32 manat

Paýtagt Aşgabadyň gara bazarynda dollaryň bahasy 30 manat 40 teňňä çenli ýokarlandy. Günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 1 dollar 32 manada çenli gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary walýutanyň gara bazar bahalary barada ýurduň dürli künjeklerinden habar berýärler.

Paýtagtly habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň gara bazarynda bir dollar 30 manatdan satyn alynýar, 30 manat 40 teňňeden satylýar.

Balkanly habarçy Türkmenbaşy şäherinde 10-njy sentýabrda dollaryň gara bazar bahasynyň 32 manada çenli ýokarlanandygyny we harytlaryň bahalarynyň gymmatlandygyny habar berdi.

Mary sebitinde gara bazaryň bahalary paýtagta ýakyn bolup, bir dollar Maryda 30 manatdan satyn alynýar, 30 manat 40 teňňeden satylýar.

Ýatlasak, hepdäniň başynda dollaryň gara bazar bahasy ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde 22 manada çenli aşaklady.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurtda emele gelen walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy eýýäm birnäçe ýyl bäri durnuksyzlygyny saklaýar.

Apreliň başlarynda dollaryň manada bolan gatnaşygy 10-11 essä çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary sebitinde awgustyň ahyrlarynda dollaryň 33-34 manat aralygynda bahalanandygyny, ýöne sentýabryň başlarynda onuň bahasynyň birden 22-24 manada çenli aşaklandygyny habar berdi.

Ýerli walýuta söwdagärleriniň sözlerine görä, sentýabryň başlarynda dollaryň bahasy 22 manada çenli aşaklasa-da, bu baha harytlaryň arzanlamagyna getirmedi.

“30-njy awgustdan başlap, azyk harytlarynyň, derman serişdeleriniň bahalary gymmatlap başlady. Adamlar bolýan zatlara düşünip bilmedi. Sebäbi mundan ozal, dollaryň bazar bahasy ýokarlananda azyk harytlar we derman serişdeleri gymmatlaýardy” diýip, bir walýuta söwdagäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Emma bu gezek dollar 22 manada düşse-de, azyk harytlarynyň we dermanlaryň bahalary göterildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki bir walýuta söwdagäriniň sözlerine görä, Maryda dollaryň gara bazar bahasy Aşgabada garaşly bolup, bahalar paýtagtdan kesgitlenýär. Dollarçylar walýutanyň gazar bazar bahasynyň awgustyň ahyrlarynda we sentýabryň başlarynda pese gaçmagyny Aşgabatdaky pese gaçyşlyk bilen düşündirýärler.

“7-nji sentýabr güni Aşgabatdan ýene habar geldi. ‘Näçe dollar ýygnan bolsaňyz, satyn alarys!’ diýdiler” diýip, maryly walýuta söwdagäri paýtagtdan jaňlaşan bir näbelli adamyň sözlerini sitirledi.

Onuň sözlerine görä, bu habaryň yz ýany Maryda dollaryň bahasy täzeden ýokarlanmaga başlady.

“7-nji sentýabr güni öýlän dollarçylar nyrhy galdyryp başladylar. 8-nji sentýabr güni dollar 30 manat 20 teňňeden satyn alyndy, 30 manat 50 teňňeden satyldy. Walýuta söwdagärleriniň dollarlary Aşgabatdan gelen näbelli adamlar tarapyndan satyn alyndy” diýip, maryly walýuta söwdagäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, dollaryň nyrhy birden 22 manada çenli pese gaçanda ilat arasynda dollaryň 20 manada çenli pese gaçmak ähtmiallygy barada pikir döräp, köp adam ýygnan dollarlaryny gyssagly çalşypdyr.

Maryly walýuta söwdagärleri şu günler ýene Aşgabatdan “dollar gerek” diýen habarlaryň özlerine gowuşýandygyny aýdýarlar.

“Indi dollar çalyşýan adamlar seýrekleşdi. Aşgabatda bolsa ‘ýene dollar gerek’ diýip, habarlar gelýär. ‘Näçe bolsa-da, näçeden bolsa-da satyn alarys’ diýýärler. Uly summa soraýarlar” diýip, maryly walýuta söwdagäri gürrüň berdi.

Paýtagtly habarçy Aşgabadyň gara bazarynda-da şu günler dollaryň satyn alynýandygyny, ýöne satylmaýandygyny habar berýär.

“Hiç kim dollar satmaýar diýse-de bolýar. Hiç kim milli manadyň hümmetiniň durnuklylaşdyryljagyna ynanmaýar. Sebäbi hiç hili ykdysady reforma amala aşyrylmaýar. Häkimiýetler Türkmenistanda ähli zadyň gowudygyny, manadyň durnuklydygyny tutanýerlilik bilen öňe sürýärler” diýip, bir paýtagtly hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ol dollaryň resmi alyş-çalyş bahasynyň 3,5 manatlygynda saklanýandygyny ýatlatdy.

“Hamala, Türkmenistanyň raýatlary häkimiýetleriň syýasatyny goldaýarmyşyn. Bularyň ählisi ýalan, raýatlar häkimiýetleriň alyp barýan syýasatyndan örän nägile. Bu ýagdaý ykdysady we syýasy petige direýär” diýip, hünärmen sözüni jemledi.
COVID-19 çagalaryň ölümine sebäp bolýar, derman hemmä elýeterli däl

COVID-19 Türkmenistanda ilatyň ölümine sebäp bolýar. Şu günler näsaglaryň we ölýänleriň arasynda çagalar hem bar. Bu döwürde lukmançylyk hyzmatlary barha köp adama elýeterli bolmaýar we derman bahalarynyň ýokarlanmagyny dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler. Hökümet bolsa, koronawirus ýurtda henizem ýok diýýär.

Azatlygyň habarçylarynyň iň soňky maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky ölýänler köp. Nyýazow ayndaky keselhananyň reanimasiýa bölüminde günde ortaça 30 adam ýogalýar. Ýogalýanlaryň köpüsi koronawirus bilen kesellän adamlar we ölenleriň arasynda çagalar bar.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürleşen çeşmeleriň biri: "Parahat 2/4-de 4 ýaşly oglan öldi, ony sellofanda berdiler. Keselhanalarda çagalar köp" -diýdi.

Başga bir çeşme 10-njy sentýabrda bir enäniň we çaganyň ölümi barada habar berdi: "Düýn Bizmeýinde bir ene we bir ogul ýogaldy. Ogly ilki öldi, ejesi üç gün soň aradan çykdy" diýdi.

Köplenç hassahanalarda ölen hassalar plastik örtgülerde jaýlanýar, köp halatlarda jaýlanyş çäreleri adamlar gatnaşmazdan geçirilýär.

Bu aralykda, Aşgabadyň saglyk edaralarynyň lukmançylyk işgärleri öýme-öý aýlanyp, ilata sanitariýa çärelerini ýerine ýetirmegi duýdurýarlar we öýde galmaga çagyrýarlar.

Köp hassahanalarda bejergi hassalaryň hasabyna berilýär, dermanlar üçin tölemeli bolýar. Zerur dermanlar hassahanalarda ýetmezçilik edýär. Çoganlynyň ýokanç keseller hassahanasynda dermanlar mugt berilýär.

Paýtagtyň dermanhanalarynda dürli dermanlaryň we witaminleriň bahasy ýene-de birden ýokarlandy.

Mekdebe gatnaýan çagalaryň azlygyna garamazdan, ýatyrylyp, birden täzeden başlan okuw prosesi dowam edýär. Okuwçylaryň käbiri hassa, beýleki bölegi ene-atalaryň öz çagalarynyň saglygy bilen bagly gorkulary sebäpli mekdebe gitmeýär.

"Her niçigem bolsa, okuwçylar resmi taýdan mekdebe gidýärler, ýöne okuw ýok. Synpda çagalar kart oýnaýarlar" - diýip, Aşgabadyň mekdepleriniň birinde okaýan okuwçylaryň ejesi gürrüň berdi.

Munuň öňüsyrasynda Aşgabadyň mekdepleriniň okuwçylaryna okuwdan galmak üçin ýazylmaly arzalaryň ýörite anketalary paýlanypdy.

Şu ýyl ýurduň orta mekdeplerinde okuw ýyly COVID-19-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly berk çäklendirmeler sebäpli sapaklaryň ýatyrylmagy bilen başlanypdy, şol bir wagtyň özünde-de talyplardan prezidentiň portretleri üçin adatdakysy ýaly pul ýygnaldy. Şeýle-de, mekdep okuwçylary dezinfeksiýa we sosial aralygy saklamagyň zerurlygy baradaky duýduryş "stikerleri" satyn almak üçin goşmaça pul tölemeli boldular.

Keseliň ýaýramagy ýurduň uniwersitetlerindäki okuw prosesine hem täsir etdi. 1-nji sentýabrda Aşgabada dürli welaýatlardan talyplar ýörite awtobuslarda ähli uniwersitetlere getirilipdi, ýöne gysga wagtda yzyna öýlerine iberilipdi.

Habarçylar häzir ýokary okuw jaýlarynyň, şol sanda konserwatoriýanyň umumy ýaşaýyş jaýlaryna 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni mynasybetli köpçülikleýin çärelere gatnaşjak aşgabatly ýaşaýjylaryň ýerleşdirilendigini, şeýle-de olaryň Halk Maslahatynyň ýygnagyna gabat geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny habar berdiler. Baýrama taýýarlyk maşklary her gün birnäçe sagatlap bolýar. Gatnaşanlar karantinde saklanýar we olara öýlerine gitmäge rugsat berilmeýär.

Ýurduň häkimiýetleri henizem koronawirusyň ýaýramagyny ykrar etmeýärler. Emma ýagdaýa çäklendiriji çäreler bilen reaksiýa bildirýärler. Aşgabatda söwda, hyzmat we güýmenje obýektleri ýapyldy. Ýas çärelerine gadagançylyk girizildi.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň habarlaryna görä, geçirilýän testleriň netijeleri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň "Delta" görnüşiniň bardygyny tassyklaýar. Ýurduň lukmançylyk edaralarynda koronawirus anyklanýan hem bolsa, hasaba alynmaýar. Näsaglaryň we ölenleriň arasynda waksina alan adamlar hem bar.

Ilata waksina etmek işi dowam etdirilýär, köplenç hytaý sanjymy ulanylýar.
Koronawirusa garşy waksina ýurtda hökmanydyr. Türkmenistan ilatyny koronawirusa garşy sanjymy edip-etmezligi saýlamak hukugyndan mahrum etdi, emma ilatyna waksina edilmegine degişli statistikany bermeýär.
"Göwün joşýar"- Aşgabatda çäklendirmeleriň öňýany konsert geçdi

Koronawirus çäklendirmeleri türkmen paýtagtynyň medeni durmuşyna-da täsir etdi. Planlaşdyrylan konsertler ýatyryldy. Häzirki berk çäklendirmelerden öňki täsirli medeni wakalaryň biri, Birinji seýilgähiň Medeniýet merkezinde geçirilen "Göwün joşýar" atly konserti boldy. Azatlyk Radiosynyň bu aýdym-saz çäresine tomaşaçy bolan habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň solistleri Rasul Klyjowyň ýolbaşçylygynda şu tomus Birinji seýilgähiň Medeniýet merkezinde iki gezek kamera konsertlerini geçirdiler.

Öňki filarmoniýa jemgyýetiniň kiçi zaly, oturgyçlaryň “sanitariýa” tertibi esasynda goýulmagynda ýüzden gowrak adamy ýerleşdirdi. Bu ýere klassiki sazyň hakyky muşdaklary geldi. Konserti alyp baryjy "biziň diňleýjilerimiz aýdym-saz intellektuallary", diýip konserte gelenleri hormat bilen garşy aldy.

21-nji awgustda "Göwün joşýar" atly konserti XVIII asyryň ikinji ýarymynyň italýan kompozitory Domeniko Cimarosa we nemes kompozitory Kristofer Glukyň “Orfeý we Ewridika” operasyndan “Konçerto” eseri bilen başlandy.

Tomaşaçylaryň uly şatlygyna Bartokyň “rumyn halk tanslary”, Dwožagyň “Slawýan tanslary 2 we 8”, Loýzeleriň “Ýewreý halk sazlary”, Pýatsolanyň “Kiçijik gül satyjysy” we “Haýyş edýärin” atly tango sazlary ýaňlandy. Gallianonyň "Doktor Žiwago" filmi üçin sazy, häzirki döwür italýan kompozitory Wezzoliniň iki eseri we XIX asyryň ikinji ýarymynyň nemes kompozitory Karl Lulwigiň ýaňsylaýly bir eseri ýerine ýetirildi.

Rimskiý-Korsakowyň “Polýet şmelýa” eseri tomaşaçylaryň gaýta-gaýta islegi boýunça ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar sazandalara uzak we çyn ýürekden el çarpmak bilen minnetdarlyk bildirdi.

21-nji awgustda "Göwün joşýar" atly wakasy ikinji konsert boldy. Birinjisi 31-nji iýulda "Sazly agşam" ady bilen geçirilipdi.

Iki konserte Selbi Öwezowa (fleýta) we Ýusup Owezow (klarnet) gatnaşdylar. Bu sazanda jübüdi tomaşaçylaryň arasynda giňden tanalýar. 31-nji iýulda olara Mähri Orazowa (fortepýano) we Didar Ýomudow (goboý) gatnaşypdy, 21-nji awgustda olar bilen bilelikde Aýbolek Mukiýewa (gyjak), Elman Nasirow (alt) we Ýusupgeldi Gandymow (wiolonçel) çykyş etdiler.

Iki konsertiň programmasy "aýdym-saz tolkunlaryna görä" düzüldi: XVIII-XIX asyr günbatar klasikleriniň ussatlarynyň eserleri we soňky döwür kompozitorlarynyň, şol sanda häzirki zaman sazandalarynyň meşhur eserlerine öwrülen sazlar bar.

Birinji konsertiň düzümine XIX asyr klassikleriniň eserleri goşuldy; nemes kompozitory Robert Şuman, Awstro-wengriýaly Franz Doppleriň "Wengriýa fantaziýasy" atly fleýta we fortepýano üçin eseri, Italiýaly Werdiniň we Bassiniň " Üç romans Op. 94 ", atly klarnet we fortepýano üçin eseri tomaşaçylara hödürlendi.

Konsert fransuz kompozitory we goboist Çarlz Koliniň goboý we fortepýano üçin “Uly konsert fantaziýasy” bilen dowam etdirildi. Soňra 20-nji asyryň ikinji ýarymynyň meşhur argentinaly kompozitory Astor Piazzolanyň fleýta we fortepýano üçin “Fugato” we klarnet we fortepýano üçin “La muerte del angel” atly iki eseri bilen tamamlandy.

Sowet kompozitory Ýewgeniý Brusilowskiniň "Boz aigyr" toplumyndan "Şerzo" eseri we , "tango nuewo" akymynyň döredijisi Astor Piazzolanyň "Libertango" sazy ýerine ýetirildi.

Döwlet simfoniki orkestriniň awgust aýynda planlaşdyrylan ýene bir konserti "Latyn Amerikasynyň sazlary" atly medeni wakasy ýatyryldy. Pul adamlara gaýtarylýar. Munuň üçin şahsy taýdan ýüz tutmaly.
Balkanly eneler çagalara berilýän kömek pulunyň bir guty emeli süýde-de ýemeýändigini aýdýarlar

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň arasynda, balkanly eneler döwlet tarapyndan çagalara berilýän kömek pulunyň juda azlygyndan şikaýat edýärler. Olar bu puluň bazar sebedine düýbünden kybapdaş gelmeýändigini aýdyp, oňa bir guty emeli süýt hem satyn alyp bolmaýandygyny belleýärler. Bu aralykda, barha güýçlenýän koronawirus aladalary sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleriniň arasynda, bazarlarda käbir azyk harytlarynyň bahasy has-da gymmatlaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkandan we Aşgabatdan habar berýärler.

“Çaga berilýän “NAN” atly emeli süýdüň bir gutusy 580 manat. Bu bir çaganyň ýarym aýyna ýetýär. Çaga berilýän kömek pulunyň möçberi bolsa 200 manat. Bir ene çagasyna 15 gün iýer ýaly goşmaça iýmit satyn almak üçin üç aýlyk kömek puluny bir gezekde almaly bolýar. Bu iň arzan çaga iýmiti – emeli süýt bolup durýar” diýip, balkanly ene anonimlik şertinde 10-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan balkanly lukmanlaryň birnäçesi soňky ýyllarda ýitileşen azyk ýeter-ýetmezçiligi sebäpli çagaly eneleriň tas 70%-ne golaýynyň süýdüniň ýokdugyny ýa-da ir süýtden kesilýändigini aýtdylar.

Türkmen hökümeti ýurtda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, olaryň sagdyn iýmitlenmegi, abadan hem-de bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigini gaýtalaýar. Çagaly enelere berilýän kömek puly we onuň her ýyl 10% ýokarlandyrylmagy muňa mysal hökmünde görkezilýär.

Ýöne synçylaryň ençemesi kömek pullarynyň ujypsyz ýokarlanmagynyň çagaly eneleriň bazar sebedine uly bir goşant goşmaýandygyny aýdýar. Olar ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň maliýe pudagyna uly zarba urandygyny, hususy söwdada harytlaryň, şol sanda azyk we senagat önümleriniň bahalarynyň aşa ýokarlanmagyna getirendigini aýdýarlar.

“Häzirki wagt çagalar üçin niýetlenen bir gezeklik arlyklar, ýagny bir guty “Pampers” 260 manada barabar. Bu bir çaganyň iki hepdesine ýetýär. Hakykatda bir çaganyň bir aýlyk emeli süýdüniň we arlygynyň bahasy onuň 6 aýlyk kömek puluna deň bolýar” diýip, balkanly ene aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan eneler özlerine berilýän kömek pulunyň mukdarynyň iň bolmanda iki guty emeli süýt we bir guty “Pampers” almana ýeter ýaly bolmagyny arzuw edýändiklerini aýdýarlar.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz barha güýçlenýän koronawirus aladalary sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleriniň arasynda, bazarlarda käbir azyk harytlarynyň gytalýandygyny, käbirleriniň bahasynyň ýokarlanýandygyny habar berýär.

“Mundan ozal Ahal welaýatynyň oba ýaşaýjylary dürli azyk harytlaryny, şol sanda süýt-gatyk önümlerini paýtagta getirip, bazarlaryň golaýynda ýa-da köp gatly jaýlaryň howlularynda satýardylar. Ýöne şu aýyň başynda girizilen hereket çäklendirmeleri sebäpli döwlet belgisi Ahal welaýatyna degişli bolan ulaglar Aşgabada goýberilmeýär. Şol sebäpli Ahalyň oba ýaşaýjylary öz harytlaryny Aşgabatda satyp bilmeýär” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz häzirki wagtda oba ýerlerinden getirilip satylýan süýt, gatyk we ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygynyň emele gelendigini, olaryň bahalarynyň hem gymmatlaýandygyny aýdýar.

“Ahalyň Ak bugdaý etrabyndan getirilip satylýan bir litr gaplanmadyk süýdüň bahasy 8 manada ýetdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Ýatlatsak, şu aýyň başynda habarçymyz paýtagtyň polisiýasynyň Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili ulaglary saklap, olardan şäherden çykmagy talap edýändigini habar berdi.

Bu aralykda, habarçymyz paýtagtyň käbir döwlet dükanlarynda gyt azyk harydyna öwrülen - çöregiň satuwa çykarylandygyny, ýöne onuň gysga wagtda satylyp gutarandygyny habar berdi.