HABAR.turkmen
122 subscribers
13 photos
340 links
Iň täze we möhüm habarlar! Самые актуальные новости! +420 773 797 383
Download Telegram
Gara bazarda dollar ýene gymmatlady: Aşgabatda 30 manat, Türkmenbaşyda 32 manat

Paýtagt Aşgabadyň gara bazarynda dollaryň bahasy 30 manat 40 teňňä çenli ýokarlandy. Günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 1 dollar 32 manada çenli gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary walýutanyň gara bazar bahalary barada ýurduň dürli künjeklerinden habar berýärler.

Paýtagtly habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň gara bazarynda bir dollar 30 manatdan satyn alynýar, 30 manat 40 teňňeden satylýar.

Balkanly habarçy Türkmenbaşy şäherinde 10-njy sentýabrda dollaryň gara bazar bahasynyň 32 manada çenli ýokarlanandygyny we harytlaryň bahalarynyň gymmatlandygyny habar berdi.

Mary sebitinde gara bazaryň bahalary paýtagta ýakyn bolup, bir dollar Maryda 30 manatdan satyn alynýar, 30 manat 40 teňňeden satylýar.

Ýatlasak, hepdäniň başynda dollaryň gara bazar bahasy ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde 22 manada çenli aşaklady.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurtda emele gelen walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy eýýäm birnäçe ýyl bäri durnuksyzlygyny saklaýar.

Apreliň başlarynda dollaryň manada bolan gatnaşygy 10-11 essä çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary sebitinde awgustyň ahyrlarynda dollaryň 33-34 manat aralygynda bahalanandygyny, ýöne sentýabryň başlarynda onuň bahasynyň birden 22-24 manada çenli aşaklandygyny habar berdi.

Ýerli walýuta söwdagärleriniň sözlerine görä, sentýabryň başlarynda dollaryň bahasy 22 manada çenli aşaklasa-da, bu baha harytlaryň arzanlamagyna getirmedi.

“30-njy awgustdan başlap, azyk harytlarynyň, derman serişdeleriniň bahalary gymmatlap başlady. Adamlar bolýan zatlara düşünip bilmedi. Sebäbi mundan ozal, dollaryň bazar bahasy ýokarlananda azyk harytlar we derman serişdeleri gymmatlaýardy” diýip, bir walýuta söwdagäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Emma bu gezek dollar 22 manada düşse-de, azyk harytlarynyň we dermanlaryň bahalary göterildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki bir walýuta söwdagäriniň sözlerine görä, Maryda dollaryň gara bazar bahasy Aşgabada garaşly bolup, bahalar paýtagtdan kesgitlenýär. Dollarçylar walýutanyň gazar bazar bahasynyň awgustyň ahyrlarynda we sentýabryň başlarynda pese gaçmagyny Aşgabatdaky pese gaçyşlyk bilen düşündirýärler.

“7-nji sentýabr güni Aşgabatdan ýene habar geldi. ‘Näçe dollar ýygnan bolsaňyz, satyn alarys!’ diýdiler” diýip, maryly walýuta söwdagäri paýtagtdan jaňlaşan bir näbelli adamyň sözlerini sitirledi.

Onuň sözlerine görä, bu habaryň yz ýany Maryda dollaryň bahasy täzeden ýokarlanmaga başlady.

“7-nji sentýabr güni öýlän dollarçylar nyrhy galdyryp başladylar. 8-nji sentýabr güni dollar 30 manat 20 teňňeden satyn alyndy, 30 manat 50 teňňeden satyldy. Walýuta söwdagärleriniň dollarlary Aşgabatdan gelen näbelli adamlar tarapyndan satyn alyndy” diýip, maryly walýuta söwdagäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, dollaryň nyrhy birden 22 manada çenli pese gaçanda ilat arasynda dollaryň 20 manada çenli pese gaçmak ähtmiallygy barada pikir döräp, köp adam ýygnan dollarlaryny gyssagly çalşypdyr.

Maryly walýuta söwdagärleri şu günler ýene Aşgabatdan “dollar gerek” diýen habarlaryň özlerine gowuşýandygyny aýdýarlar.

“Indi dollar çalyşýan adamlar seýrekleşdi. Aşgabatda bolsa ‘ýene dollar gerek’ diýip, habarlar gelýär. ‘Näçe bolsa-da, näçeden bolsa-da satyn alarys’ diýýärler. Uly summa soraýarlar” diýip, maryly walýuta söwdagäri gürrüň berdi.

Paýtagtly habarçy Aşgabadyň gara bazarynda-da şu günler dollaryň satyn alynýandygyny, ýöne satylmaýandygyny habar berýär.

“Hiç kim dollar satmaýar diýse-de bolýar. Hiç kim milli manadyň hümmetiniň durnuklylaşdyryljagyna ynanmaýar. Sebäbi hiç hili ykdysady reforma amala aşyrylmaýar. Häkimiýetler Türkmenistanda ähli zadyň gowudygyny, manadyň durnuklydygyny tutanýerlilik bilen öňe sürýärler” diýip, bir paýtagtly hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ol dollaryň resmi alyş-çalyş bahasynyň 3,5 manatlygynda saklanýandygyny ýatlatdy.

“Hamala, Türkmenistanyň raýatlary häkimiýetleriň syýasatyny goldaýarmyşyn. Bularyň ählisi ýalan, raýatlar häkimiýetleriň alyp barýan syýasatyndan örän nägile. Bu ýagdaý ykdysady we syýasy petige direýär” diýip, hünärmen sözüni jemledi.
COVID-19 çagalaryň ölümine sebäp bolýar, derman hemmä elýeterli däl

COVID-19 Türkmenistanda ilatyň ölümine sebäp bolýar. Şu günler näsaglaryň we ölýänleriň arasynda çagalar hem bar. Bu döwürde lukmançylyk hyzmatlary barha köp adama elýeterli bolmaýar we derman bahalarynyň ýokarlanmagyny dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler. Hökümet bolsa, koronawirus ýurtda henizem ýok diýýär.

Azatlygyň habarçylarynyň iň soňky maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky ölýänler köp. Nyýazow ayndaky keselhananyň reanimasiýa bölüminde günde ortaça 30 adam ýogalýar. Ýogalýanlaryň köpüsi koronawirus bilen kesellän adamlar we ölenleriň arasynda çagalar bar.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürleşen çeşmeleriň biri: "Parahat 2/4-de 4 ýaşly oglan öldi, ony sellofanda berdiler. Keselhanalarda çagalar köp" -diýdi.

Başga bir çeşme 10-njy sentýabrda bir enäniň we çaganyň ölümi barada habar berdi: "Düýn Bizmeýinde bir ene we bir ogul ýogaldy. Ogly ilki öldi, ejesi üç gün soň aradan çykdy" diýdi.

Köplenç hassahanalarda ölen hassalar plastik örtgülerde jaýlanýar, köp halatlarda jaýlanyş çäreleri adamlar gatnaşmazdan geçirilýär.

Bu aralykda, Aşgabadyň saglyk edaralarynyň lukmançylyk işgärleri öýme-öý aýlanyp, ilata sanitariýa çärelerini ýerine ýetirmegi duýdurýarlar we öýde galmaga çagyrýarlar.

Köp hassahanalarda bejergi hassalaryň hasabyna berilýär, dermanlar üçin tölemeli bolýar. Zerur dermanlar hassahanalarda ýetmezçilik edýär. Çoganlynyň ýokanç keseller hassahanasynda dermanlar mugt berilýär.

Paýtagtyň dermanhanalarynda dürli dermanlaryň we witaminleriň bahasy ýene-de birden ýokarlandy.

Mekdebe gatnaýan çagalaryň azlygyna garamazdan, ýatyrylyp, birden täzeden başlan okuw prosesi dowam edýär. Okuwçylaryň käbiri hassa, beýleki bölegi ene-atalaryň öz çagalarynyň saglygy bilen bagly gorkulary sebäpli mekdebe gitmeýär.

"Her niçigem bolsa, okuwçylar resmi taýdan mekdebe gidýärler, ýöne okuw ýok. Synpda çagalar kart oýnaýarlar" - diýip, Aşgabadyň mekdepleriniň birinde okaýan okuwçylaryň ejesi gürrüň berdi.

Munuň öňüsyrasynda Aşgabadyň mekdepleriniň okuwçylaryna okuwdan galmak üçin ýazylmaly arzalaryň ýörite anketalary paýlanypdy.

Şu ýyl ýurduň orta mekdeplerinde okuw ýyly COVID-19-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly berk çäklendirmeler sebäpli sapaklaryň ýatyrylmagy bilen başlanypdy, şol bir wagtyň özünde-de talyplardan prezidentiň portretleri üçin adatdakysy ýaly pul ýygnaldy. Şeýle-de, mekdep okuwçylary dezinfeksiýa we sosial aralygy saklamagyň zerurlygy baradaky duýduryş "stikerleri" satyn almak üçin goşmaça pul tölemeli boldular.

Keseliň ýaýramagy ýurduň uniwersitetlerindäki okuw prosesine hem täsir etdi. 1-nji sentýabrda Aşgabada dürli welaýatlardan talyplar ýörite awtobuslarda ähli uniwersitetlere getirilipdi, ýöne gysga wagtda yzyna öýlerine iberilipdi.

Habarçylar häzir ýokary okuw jaýlarynyň, şol sanda konserwatoriýanyň umumy ýaşaýyş jaýlaryna 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni mynasybetli köpçülikleýin çärelere gatnaşjak aşgabatly ýaşaýjylaryň ýerleşdirilendigini, şeýle-de olaryň Halk Maslahatynyň ýygnagyna gabat geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny habar berdiler. Baýrama taýýarlyk maşklary her gün birnäçe sagatlap bolýar. Gatnaşanlar karantinde saklanýar we olara öýlerine gitmäge rugsat berilmeýär.

Ýurduň häkimiýetleri henizem koronawirusyň ýaýramagyny ykrar etmeýärler. Emma ýagdaýa çäklendiriji çäreler bilen reaksiýa bildirýärler. Aşgabatda söwda, hyzmat we güýmenje obýektleri ýapyldy. Ýas çärelerine gadagançylyk girizildi.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň habarlaryna görä, geçirilýän testleriň netijeleri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň "Delta" görnüşiniň bardygyny tassyklaýar. Ýurduň lukmançylyk edaralarynda koronawirus anyklanýan hem bolsa, hasaba alynmaýar. Näsaglaryň we ölenleriň arasynda waksina alan adamlar hem bar.

Ilata waksina etmek işi dowam etdirilýär, köplenç hytaý sanjymy ulanylýar.
Koronawirusa garşy waksina ýurtda hökmanydyr. Türkmenistan ilatyny koronawirusa garşy sanjymy edip-etmezligi saýlamak hukugyndan mahrum etdi, emma ilatyna waksina edilmegine degişli statistikany bermeýär.
"Göwün joşýar"- Aşgabatda çäklendirmeleriň öňýany konsert geçdi

Koronawirus çäklendirmeleri türkmen paýtagtynyň medeni durmuşyna-da täsir etdi. Planlaşdyrylan konsertler ýatyryldy. Häzirki berk çäklendirmelerden öňki täsirli medeni wakalaryň biri, Birinji seýilgähiň Medeniýet merkezinde geçirilen "Göwün joşýar" atly konserti boldy. Azatlyk Radiosynyň bu aýdym-saz çäresine tomaşaçy bolan habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň solistleri Rasul Klyjowyň ýolbaşçylygynda şu tomus Birinji seýilgähiň Medeniýet merkezinde iki gezek kamera konsertlerini geçirdiler.

Öňki filarmoniýa jemgyýetiniň kiçi zaly, oturgyçlaryň “sanitariýa” tertibi esasynda goýulmagynda ýüzden gowrak adamy ýerleşdirdi. Bu ýere klassiki sazyň hakyky muşdaklary geldi. Konserti alyp baryjy "biziň diňleýjilerimiz aýdym-saz intellektuallary", diýip konserte gelenleri hormat bilen garşy aldy.

21-nji awgustda "Göwün joşýar" atly konserti XVIII asyryň ikinji ýarymynyň italýan kompozitory Domeniko Cimarosa we nemes kompozitory Kristofer Glukyň “Orfeý we Ewridika” operasyndan “Konçerto” eseri bilen başlandy.

Tomaşaçylaryň uly şatlygyna Bartokyň “rumyn halk tanslary”, Dwožagyň “Slawýan tanslary 2 we 8”, Loýzeleriň “Ýewreý halk sazlary”, Pýatsolanyň “Kiçijik gül satyjysy” we “Haýyş edýärin” atly tango sazlary ýaňlandy. Gallianonyň "Doktor Žiwago" filmi üçin sazy, häzirki döwür italýan kompozitory Wezzoliniň iki eseri we XIX asyryň ikinji ýarymynyň nemes kompozitory Karl Lulwigiň ýaňsylaýly bir eseri ýerine ýetirildi.

Rimskiý-Korsakowyň “Polýet şmelýa” eseri tomaşaçylaryň gaýta-gaýta islegi boýunça ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar sazandalara uzak we çyn ýürekden el çarpmak bilen minnetdarlyk bildirdi.

21-nji awgustda "Göwün joşýar" atly wakasy ikinji konsert boldy. Birinjisi 31-nji iýulda "Sazly agşam" ady bilen geçirilipdi.

Iki konserte Selbi Öwezowa (fleýta) we Ýusup Owezow (klarnet) gatnaşdylar. Bu sazanda jübüdi tomaşaçylaryň arasynda giňden tanalýar. 31-nji iýulda olara Mähri Orazowa (fortepýano) we Didar Ýomudow (goboý) gatnaşypdy, 21-nji awgustda olar bilen bilelikde Aýbolek Mukiýewa (gyjak), Elman Nasirow (alt) we Ýusupgeldi Gandymow (wiolonçel) çykyş etdiler.

Iki konsertiň programmasy "aýdym-saz tolkunlaryna görä" düzüldi: XVIII-XIX asyr günbatar klasikleriniň ussatlarynyň eserleri we soňky döwür kompozitorlarynyň, şol sanda häzirki zaman sazandalarynyň meşhur eserlerine öwrülen sazlar bar.

Birinji konsertiň düzümine XIX asyr klassikleriniň eserleri goşuldy; nemes kompozitory Robert Şuman, Awstro-wengriýaly Franz Doppleriň "Wengriýa fantaziýasy" atly fleýta we fortepýano üçin eseri, Italiýaly Werdiniň we Bassiniň " Üç romans Op. 94 ", atly klarnet we fortepýano üçin eseri tomaşaçylara hödürlendi.

Konsert fransuz kompozitory we goboist Çarlz Koliniň goboý we fortepýano üçin “Uly konsert fantaziýasy” bilen dowam etdirildi. Soňra 20-nji asyryň ikinji ýarymynyň meşhur argentinaly kompozitory Astor Piazzolanyň fleýta we fortepýano üçin “Fugato” we klarnet we fortepýano üçin “La muerte del angel” atly iki eseri bilen tamamlandy.

Sowet kompozitory Ýewgeniý Brusilowskiniň "Boz aigyr" toplumyndan "Şerzo" eseri we , "tango nuewo" akymynyň döredijisi Astor Piazzolanyň "Libertango" sazy ýerine ýetirildi.

Döwlet simfoniki orkestriniň awgust aýynda planlaşdyrylan ýene bir konserti "Latyn Amerikasynyň sazlary" atly medeni wakasy ýatyryldy. Pul adamlara gaýtarylýar. Munuň üçin şahsy taýdan ýüz tutmaly.
Balkanly eneler çagalara berilýän kömek pulunyň bir guty emeli süýde-de ýemeýändigini aýdýarlar

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň arasynda, balkanly eneler döwlet tarapyndan çagalara berilýän kömek pulunyň juda azlygyndan şikaýat edýärler. Olar bu puluň bazar sebedine düýbünden kybapdaş gelmeýändigini aýdyp, oňa bir guty emeli süýt hem satyn alyp bolmaýandygyny belleýärler. Bu aralykda, barha güýçlenýän koronawirus aladalary sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleriniň arasynda, bazarlarda käbir azyk harytlarynyň bahasy has-da gymmatlaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkandan we Aşgabatdan habar berýärler.

“Çaga berilýän “NAN” atly emeli süýdüň bir gutusy 580 manat. Bu bir çaganyň ýarym aýyna ýetýär. Çaga berilýän kömek pulunyň möçberi bolsa 200 manat. Bir ene çagasyna 15 gün iýer ýaly goşmaça iýmit satyn almak üçin üç aýlyk kömek puluny bir gezekde almaly bolýar. Bu iň arzan çaga iýmiti – emeli süýt bolup durýar” diýip, balkanly ene anonimlik şertinde 10-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan balkanly lukmanlaryň birnäçesi soňky ýyllarda ýitileşen azyk ýeter-ýetmezçiligi sebäpli çagaly eneleriň tas 70%-ne golaýynyň süýdüniň ýokdugyny ýa-da ir süýtden kesilýändigini aýtdylar.

Türkmen hökümeti ýurtda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, olaryň sagdyn iýmitlenmegi, abadan hem-de bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigini gaýtalaýar. Çagaly enelere berilýän kömek puly we onuň her ýyl 10% ýokarlandyrylmagy muňa mysal hökmünde görkezilýär.

Ýöne synçylaryň ençemesi kömek pullarynyň ujypsyz ýokarlanmagynyň çagaly eneleriň bazar sebedine uly bir goşant goşmaýandygyny aýdýar. Olar ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň maliýe pudagyna uly zarba urandygyny, hususy söwdada harytlaryň, şol sanda azyk we senagat önümleriniň bahalarynyň aşa ýokarlanmagyna getirendigini aýdýarlar.

“Häzirki wagt çagalar üçin niýetlenen bir gezeklik arlyklar, ýagny bir guty “Pampers” 260 manada barabar. Bu bir çaganyň iki hepdesine ýetýär. Hakykatda bir çaganyň bir aýlyk emeli süýdüniň we arlygynyň bahasy onuň 6 aýlyk kömek puluna deň bolýar” diýip, balkanly ene aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan eneler özlerine berilýän kömek pulunyň mukdarynyň iň bolmanda iki guty emeli süýt we bir guty “Pampers” almana ýeter ýaly bolmagyny arzuw edýändiklerini aýdýarlar.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz barha güýçlenýän koronawirus aladalary sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleriniň arasynda, bazarlarda käbir azyk harytlarynyň gytalýandygyny, käbirleriniň bahasynyň ýokarlanýandygyny habar berýär.

“Mundan ozal Ahal welaýatynyň oba ýaşaýjylary dürli azyk harytlaryny, şol sanda süýt-gatyk önümlerini paýtagta getirip, bazarlaryň golaýynda ýa-da köp gatly jaýlaryň howlularynda satýardylar. Ýöne şu aýyň başynda girizilen hereket çäklendirmeleri sebäpli döwlet belgisi Ahal welaýatyna degişli bolan ulaglar Aşgabada goýberilmeýär. Şol sebäpli Ahalyň oba ýaşaýjylary öz harytlaryny Aşgabatda satyp bilmeýär” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz häzirki wagtda oba ýerlerinden getirilip satylýan süýt, gatyk we ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygynyň emele gelendigini, olaryň bahalarynyň hem gymmatlaýandygyny aýdýar.

“Ahalyň Ak bugdaý etrabyndan getirilip satylýan bir litr gaplanmadyk süýdüň bahasy 8 manada ýetdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Ýatlatsak, şu aýyň başynda habarçymyz paýtagtyň polisiýasynyň Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili ulaglary saklap, olardan şäherden çykmagy talap edýändigini habar berdi.

Bu aralykda, habarçymyz paýtagtyň käbir döwlet dükanlarynda gyt azyk harydyna öwrülen - çöregiň satuwa çykarylandygyny, ýöne onuň gysga wagtda satylyp gutarandygyny habar berdi.
Häkimiýetler 'şanly baýramçylyga' çörek nobatlaryny gizläp, satyjylaryň soganlaryny alyp taýýarlanýar

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çary Gylyjowyň ýylyň sekiz aýy boýunça beren hasabatynda aýdylmagyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 120,8 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 117,6 göterime deň boldy. Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary ýurduň döwlet dükanlaryndaky, şol sanda bazarlardaky söwda hyzmatynyň derejesiniň Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ozal görülmedik derejelerde pese gaçandygyny, bu ýagdaýyň ilatda barha kän alada we nägilelik döredýändigini habar berýärler.

Döwlet dükanlaryndaky iş tertibine laýyklykda, olaryň käbiri ir sagatdan 7-den agşam sagat 20-ä, beýlekileri 8-den 21-e çenli işlemeli. Emma Aşgabatda indi, bir aýa golaý wagt bäri, dükanlar ir sagat 5-de açylýar we ‘saňa ýetdi-de, maňa ýetmedi’ diýilýän dawaly döwlet söwdasynda çörek alyp ýetişjek adamlar bu ýere has ir, alagaraňkyda gelmeli bolýar. Sebäbi, ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, giç gelene çörek ýetmeýär.

Ýerli synçylar daňdan edilýän çörek söwdasynyň sebäbini Garaşsyzlygyň ýetip gelýän 30 ýyllyk baýramçylygy, azyk üpjünçiliginiň döredilendigi baradaky resmi beýanatlary ýalana çykarýan uly nobatlary, barha beter ýakasyny tanadýan ykdysady çökgünligi görer gözden ýaşyrmak üçin görülýän wagtlaýyn çäreler bilen baglanyşdyrýarlar.

Öňki ýyllarda türkmen prezidenti baýramçylyklardan öň dükanlardaky söwda medeniýetini, azyk üpjünçiligini we elýeterliligini ýokarlandyrmak tabşyryklaryny bererdi, emma ol soňky döwürde, näme üçindir, bu tabşyrygy bermeýär.

Şonuň bilen bir wagtda, dollaryň gara bazar nyrhynyň arzanlamagy hem dollar bilen gymmatlan azyklaryň arzanlamagyna getirmeýär. Synçylar bu ýagdaýy dowamly çökgünligiň barha çuňlaşmagy, häkimiýetleriň çäresizligi bilen düşündirýärler.

Çörek diňe paýtagtdaky dükanlarda satylýar, beýleki ýerlerde, merkezden daşraga gitdigiňçe, çörek üpjünçiligi gaty kyn ýagdaýda diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, görnüşinden, häkimiýetler diňe paýtagtdaky çörek üpjünçiliginiň aladasyny edýär, sebäbi bu ýerde dünýä ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary ýerleşýär.

Mundan öň häkimiýetler, azyk nobatlaryny görer gözden gizlejek bolup, subsidirlenen azyk önümlerini adamlaryň öýlerine paýlamak düzgünini girizdi.

Eýsem, dükanlaryň işgärleri harytlary adamlaryň öýlerine eltip bermek, dükanlary iş wagtyndan has ir açmak ýaly, öz iş borçlaryna girmeýän talaplara nähili garaýar?

Habarçy dükan işgärleriniň bu talaplardan gaty ýadandygyny, sebäbi olara goşmaça zähmet üçin hiç bir goşmaça hak tölenmeýändigini aýtdy.

“Ýöne olaryň çydamakdan başga çykalgasy ýok, sebäbi işe ukyply her iki adamyň biri işsiz” diýip, habarçy özüniň işsizlik üçin döwletden kömek puluny alýan bir adamy hem bilmeýändigini sözüne goşdy.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda, döwlet edara-kärhanalarynyň ýapylmagy, täze iş orunlarynyň ýeterlik döredilmezligi we oba hojalygyndaky gazanç mümkinçiliginiň peselmegi bilen başlanan işsizlik torbaly söwdegärler diýilýänleriň we köçe satyjylarynyň ýyl-ýyldan köpelmegine, häkimiýetleriň olara garşy yzygiderli göreşmegine alyp geldi.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, şu aralykda, belki-de ýetip gelýän baýramçylyk bilen bagly, polisiýa köçe söwdagärlerini tutmak we olaryň ellerindäki harytlaryny güýç bilen almak çärelerini güýçlendirdi.

Bazarlar ýapyk bolansoň, Mary we Baýramaly şäherlerinde göterip biljek azyklaryny alyp, köp gatly jaýlaryň kwartiralarynyň gapylaryny kakyp, gapyma-gapy diýen ýaly aýlanýan, jaýlaryň arasynda awtoulagly durup, ýaşaýjylara öz önümlerini hödürleýän adamlaryň harytlary polisiýa tarapyndan tussag edilýär diýip, habarçy aýdýar.

“Şu gün polisiýa üsti garpyzly ýük ulagyny polisiýa edarasyna alyp gitdi, sürüjiniň ‘men kireýine tutulan, öz ýüküm däl’ diýen sözlerini diňlän tapylmady; onuň sürüjilik şahadatnamasyny alyp, işini salgyt işgärlerine geçirdiler” diýip, habarçy 11-nji sentýabrda beren maglumatynda aýtdy.
Şol gün Oguzhan köçesinde ýerleşýän polisiýa edarasynyň töwereginde, şäher polisiýasynyň agzynda, hatda arka tarapdaky Baýramaly köçesinde, derwezäniň daşynda hem, ‘bikanun söwdada’ tutulan we ellerindäki harytlary alnan adam gaty kän bolupdyr.

Polisiýa elindäki azyk önümleri alnan raýatlara birinji gün gelmelidigini, şoňa çenli derňew işleriniň dowam etjekdigini, hatyrlaryny yzyna bermelimi ýa däl diýen meseläniň indiki hepde çözüljekdigini aýdypdyr, azyklaryň birinji güne çenli zaýalanjakdygy baradaky sözleri diňlemändir.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen adamlaryň biri başga alaç tapman, öýe un, çörek, ýag almak üçin öz öndüren azyk önümlerini satjak bolandygyny aýdyp, ‘biz indi ogurlyk etmelimi, jenaýata baş goşmalymy ýa-da 12 gat jaýyň üstüne çykyp, öz janymyza kast etmelimi?’ diýip, häkimiýetlerden örän nägile bolandygyny daşyna çykardy.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, hökümet indi adamlara “un paýogyny hem berip bilenok, üstesine garyp halkyň elindäki 5 kilogram sogana göz dikýär”.

Azatlyk bu habarlar bilen baglylykda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden, türkmen IIM-inden goşmaça maglumat ýa-da düşündiriş alyp bilmedi.
Awazada dynç alyş möwsümi gutaransoň, myhmanhanalar 1600 töweregi işgärini işden boşatdy

Azatlygyň çeşmelerine görä, awgustyň ahyrlarynda Aşgabatdan Awaza baran dört adamda koronawirusyň delta görnüşiniň anyklanmagyndan soňra, kurort şäherçesinde dynç alýan adamlar duýdansyz öýlerine ugradyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy indi Awazadaky myhmanhana işgärleriniň köpçülikleýin işden boşadylýandyklaryny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Awaza kurort şäherçesinde ýerleşýän myhmanhanalar 1600 töweregi işçisini işden boşatdy. Syýahatçylyk pudagynyň işçileri awgust aýy üçin özleriniň zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysyna görä, awgustyň ahyrynda myhmanhana işçilerine ilkibaşda 10-njy sentýabra çenli Türkmenbaşy şäherinde garaşmak tabşyryldy. 10 günüň dowamynda olara öz iş orunlarynyň saklanyp galjakdygy ýa-da togtadyljakdygy barada hiç zat aýdylmandyr.

“Otelleriň başlyklary bize ‘garaşyň’ diýdi. Olaryň özleri hem boljak zatlardan bihabardyklaryny aýtdylar” diýip, Mary welaýatyndan baryp, Awazada işlän Merjen (ady üýtgedildi – red) Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Biziň hem näme boljagyndan habarymyz ýok” diýip, Merjen otel başlygynyň sözlerini getirýär.

Awazanyň otelleriniň birinde aşpez bolup işlän Merjen, öz sözlerine görä, 1750 manat töwereginde aýlyk alýan ekeni.

Azatlygyň habarçysyna görä, 10-njy sentýabrdan soň, Awazada işleýän 1600 töweregi adam, şol sanda myhmanhana işçileri, bagbanlar, ussalar, howuz hünärmenleri, aragatnaşyk işgärleri, tämizlikçiler, garawullar, şofýorlar öz işlerinden boşadyldylar.

Işden boşadylan möwsümleýin işçilere, eger 2022-nji ýylda karantin bolmasa, olaryň täzeden işe kabul edilmek ähtimallyklary duýdurylypdyr. Şeýle-de, işden boşadylan adamlara olaryň aýlyk haklarynyň bank hasaplaryna geçiriljegi aýdylypdyr.

Syýahatçylyk işçileri özlerine awgust aýy üçin aýlyk haklarynyň tölenilmändigini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy Awazadaky işçileriň 80 göterim töwereginiň başga welaýatlaryň ýaşaýjylarydygyny habar berýär.

“Başga welaýatlardan gelip işleýän raýatlar öz sebitlerine aşmakda uly kynçylyk çekýärler. Mysal üçin, Mara gatnaýan taksileriň tölegi dört müň manat, Lebap taksileri alty müň manat” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Işini ýitiren syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň käbiri ýol töleginiň özleriniň Awazada tomsuň dowamynda gazanan ähli girdejilerinden has köpdügini gürrüň berýärler.

Ýatlasak, Türkmenistanda koronawirus pandemiýasynyň dowamynda sebitleriň arasynda hereket berk çäklendirilidi. Otly we uçar gatnawlarynyň tertibi birnäçe gezek üýtgedildi.

Galyberse-de, Awazada köpçülikleýin iş orunlarynyň ýapylmagy Türkmenistanda soňky birnäçe hepde bäri koronawirus pandemiýasynyň täzeden möwjeýän wagtyna, şol bir wagtda, ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän pursatyna hem-de syýahatçylyk möwsüminiň tamamlanýan wagtlaryna gabat gelýär.

Tomsuň başlarynda Awazanyň dynç alyş möwsümi bu ýyl pandemiýa bilen bagly goşmaça çäreler bilen başlapdy. Sebitlerden we Aşgabatdan Awaza syýahat etmek isleýän raýatlardan sanjym kepilnamasy, ýerli Migrasiýa gullugyndan rugsatnama ýaly goşmaça resminamalar talap edildi. Şol bir wagtda, transport gatnawlarynyň çäklendirilmegi hem Awazada dynç almaga mümkinçiligi bolan raýatlar üçin goşmaça bökdençlik döretdi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysyna görä, Türkmenbaşynyň polisiýasy Awazada iş şertnamasy uzaldylmadyk içerki migrantlardan gysga wagtyň içinde öz welaýatlaryna gitmegi talap edýär; ýogsa-da, olara Serdar etrabynyň gowaça meýdanlarynda mejbury pagta ýygdyrmak haýbatyny atýar.

Ýatlasak, Awazada dynç alýan raýatlar awgustyň ahyrlarynda duýdansyz ýagdaýda syýahatçylyk zolagyndan çykaryldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi bu ýagdaýa Aşgabatdan Awaza gelen syýahatçylaryň dört sanysynda koronawirusyň “delta” görnüşiniň anyklanmagynyň sebäp bolandygyny habar berdi.

Munuň yz ýany, Awazanyň etrap häkimi wezipesinden boşadyldy.
Awaza myhmanhanalarynda işgärleriň köpçülikleýin işden boşadylmagy barada Azatlyk Radiosynyň Awaza etrap häkimliginden goşmaça maglumat almak synanyşygy netije bermedi.
Aşgabadyň polisiýasy köpçülige “şortyly” barýan adamlara jerime salyp başlady

Aşgabat häkimiýetleri köpçüligiň öňünde gysga balak geýýän adamlara jerime töledip başlady. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, ýaňy-ýakynda Aşgabadyň seýilgähleriniň birinde gysga balakda gezip ýören bir ýetginjege polisiýa tarapyndan jerime töledildi.

Polisiýa parkda "şortikli" gezip ýören ýetginjege diňe bir duýduryş bermän, eýsem, oňa 25 manat möçberinde jerime salypdyr. Ýetginjek soňra üst-başyny çalyşmak üçin öýüne gitmeli bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen hepde kelte balakly bir adamyň Aşgabatda bir bankyň binasyna goýberilmändigini habar berdi.

"7-nji sentýabrda Türkmen-türk bankynyň "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkeziniň golaýyndaky şahamçasyndan aýlygyny almaga baran bir raýat bankyň içine goýberilmedi. Gapynyň öňünde duran polisiýa işgäri oňa "şortyda" gelendigini we banka "şortyly" we "şypbykly" raýatlaryň goýberilmeýändigini aýdyp, ondan öýüne gidip, "şortysyny" balaga çalşyp gelmegi talap etdi. Polisiýa işgäri onuň diňe şondan soň banka goýberiljekdigini duýdurdy" diýip, waka şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýyllarboýy býujet işgärlerinden, talyplardan we mekdep okuwçylaryndan geýim kadalaryna eýermekligi talap edip gelýär.

Talyp gyzlardan gyzyl köýnek we tahýa geýmek talap edilýär. Talyp oglanlardan köplenç ak köýnek, gara jalbar we tahýa geýmeklik talap edilýär. Türkmen mekdeplerinde gyz okuwçylardan ýaşyl köýnek geýmek talap edilýär. Oglanlar tahýa geýmeli bolýar.

Döwlet telewideniýesinde görkezilýän ak, çal ýa-da gara sakgally ýaşuly erkek adamlar köplenç ak ýa-da gara telpekde we milli donda efire çykarylýar.

Şol bir wagtda, ýurduň tans toparlarynda çykyş edýän oglanlar we gyzlar öz çykyşlaryny elmydama milli egin-eşikde ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň geýim kadalaryny çäklendirmeýär. Kanunçylykda egin-eşik düzgünleri bilen bagly jeza çäreleri diňe belli-belli ýagdaýlary öz içine alýar.

Meselem, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine görä, köpçülik transport serişdelerine kiri ýokuşýan egin-eşikde münmeklik ol adama duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Ýa-da bolmasa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň geýim lybaslaryna hukugy bolmadyk adamlaryň uniforma geýmegi jerime tölemek jezasy bilen jezalandyrylýar.

Ýöne, “şorty” ýa-da kelte balak Türkmenistanda harby ýa-da hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň uniformasy hasaplanmaýar. Muňa garamazdan, mälim bolan maglumatlara görä, soňky günlerde Aşgabatda azyndan bir adam kelte balak üçin jerime tölemeli edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda köpçülik ýerlerinde “şorty” ýa-da kelte balak geýilmegi mundan ozal hem köpçülik diskusiýalaryna ýol açypdy.

Mundan ozal, 2016-njy ýylyň tomsuna çenli Özbegistanyň hassahanalaryna we banklaryna “şorty” geýip baran adamlaryň goýberilmeýändigi mälim bolupdy.

Geýim-gejim barada aýdylanda, Özbegistan bir hepde töweregi mundan ozal, mekdeplerde gyzlaryň baş örtük dakmagyna rugsat berdi.

Şeýle-de, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iýulda gol çeken täze kanuny döwlet tarapyndan din ruhanysy hökmünde resmi taýdan bellige alynmadyk adamlaryň köpçülik ýerlerine din lybasynda barmagyny gadagan edýär.

2016-njy ýyla çenli Daşkendiň polisiýa edaralaryna-da kelte jalbarly barmak gadagan edilýärdi.

Gazagystanda kazyýet binalaryna “şortyly” barmak gadagan edilýärdi.

Geçen ýyllarda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde metjide “şortyly” baran bir ýaş ýigit metjite baran beýleki bir raýat tarapyndan urlup ýenjildi.
Aşgabadyň morgyna günde ýüzlerçe ölen eltilýär. Maryda waksina almadyklara işden kowulmak howpy abanýar

Aşgabatda ölüm derejesi görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy. Her gün ýüzlerçe ölen adam şäheriň morgyna düşýär. Gonamçylyklarda mazarlary taýýarlamak üçin ekskawatorlar ulanylýar, adamlar el bilen gazyp, ýetişmeýärler. Maryda waksina almadyk döwlet işgärlerine işden aýrylmak howpy abanýar. Bu barada Azatlygyň ýurtdaky habarçylary habar berdiler. Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19 keselçiligini henizem ykrar etmeýärler.

Azatlygyň habarçylarynyň paýtagtyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, morga her gün ýüzlerçe merhum düşýär. Çoganlydaky morga her gün 200-300 merhumyň alnyp barylýandygy Azatlyga 10-njy sentýabrda mälim boldy.

Çoganlydaky gonamçylykda ölenleri jaýlamak işleri günde ir 8-den agşam 9-a çenli dowam edýär. Mazarlar indi el bilen taýýarlanmaýar, ekskawatorlar gazýar, sebäbi gonamçylyk işgärleri mazar gazyp ýetişmeýärler.

Habarçylar şeýle hem köpleriň öýde ölýändigini, soň morga äkidilmän, öýden gonamçylyga eltilip, jaýlanandygyny habar berdiler. Köplenç hassahanalarda ölen hassalar plastik paketlerde jaýlanýar, köp halatlarda jaýlanyş çäreleri merhumyň ýakynlary gatnaşmazdan geçirilýär.

Häkimiýetleriň dymmagyna garamazdan, Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagy dowam edýär. Azatlygyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, koronawirus synaglary Türkmenistanda COVID-19-yň "Delta" görnüşiniň bardygyny tassyklaýar.

Habarçylarynyň aýtmagyna görä, 13-nji sentýabrda Aşgabatdaky ähli hassahanalarda, şol sanda demir ýol we trawmatologiýa keselhanalarynda boş ýer ýok.

Ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen bagly ýagdaý sebitlerde-de dowam edýär. Türkmenabatda soňky iki günde ölüm hadysalarynyň sany biraz gowşan ýaly boldy, Daşoguzda bolsa ölüm köpelýär. Bu barada Azatlygyň sebitlerdäki ýerli habarçylary habar berdiler.

Azatlyga mälim bolan käbir anyk hadysalarda bir maşgalada birnäçe agzasy yzly-yzyna koronawirusdan ýogaldy. Olarda COVID-19-yň barlygy testler arkaly keselhanalarda ýüze çykaryldy.

Bu aralykda, ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär edýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bu keseliň öňüni almak üçin çäreleri güýçlendirýärler. Soňky günlerde ilata waksina etdirmek üçin basyş artdy. Sanjym edilmedik döwlet işgärlerine işden aýrylmak howpy abanýar.

Maryda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärlerine koronawirusa garşy sanjym edilmese işden aýrylmak barada duýduryş berildi.

Azatlygyň habarçysynyň 13-nji sentýabrda aýdyşy ýaly, waksina etdirmedik işgärler sanjym alýança tölegsiz dynç alyşa ugradylýar.

Sanjym ýurtda hökmany hasaplanýar. Muňa garamazdan, ilatyň arasynda sanjymlara bolan ynamsyzlyk we netijelerinden gorky barha artýar.

"Adamlar sanjymdan soň dostlarynyň nädip ölýändigini görýärler. Köplenç sanjymdan soň temperatura ýokarlanýar, adam üsgürýär, dem almak kynlaşýar. Käbir ýagdaýlarda adamlar sanjymyň yzýany ölýärler. Lukmanlar hassalar üçin ölümiň başga sebäbini görkezýärler" -diýip, adynyň aýdylmazlygy şertlerinde gürlän maryly çeşme Azatlyga gürrüň berdi.

Ilatyň arasynda waksinalara garşy duýgynyň artýan fonunda döwlet işgärleri işlerini ýitirmezlik üçin sanjym almaga mejbur bolýarlar. Sanjym edilmezden ozal adamlar waksina etdirmek kararyna meýletin gelendigi barada dilhat ýazmaga mejbur edilýär.

Habarçylaryň sözlerine görä, ilat köpçüligine hytaý waksinasy edilýär. Ýurtda "Sputnik V" rus waksinasy hem resmi hasaba alynan.

Türkmenistan ilata edilýän sanjymlara degişli statistikany çap etmeýär. Azatlygyň çeşmelerine görä, sanjymy iýun aýyndan öň alanlaryň arasynda ölümli ýagdaýlar köp bolmandyr.

Ilata COVID-19-a garşy köpçülikleýin waksina etmek işi şu ýylyň fewral aýynda başlandy we sanjym iýul aýynda hökmany edildi. Ýurtda hökmany waksinasiýanyň yglan edilenden soň sanjymlaryň ýetmezçiligi döredi.

Ýurduň häkimiýetleri henizem koronawirusyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Emma çäklendiriji çäreleri güýçlendirip, koronawirus howpunyň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýarlar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda berk çäklendirmeler dowam edýär. Söwda, hyzmatlar we güýmenje obýektleri ýapyk durýar. Ýas çärelerini geçirmek üçin üýşmeleňler gadagan edilýär.

Maryda koronawirusa garşy çäreleri bozýanlary tutmak üçin reýdler güýçlendi. Şenbe we ýekşenbe günleri, Mary welaýatynyň ýaşaýyş ýerlerinde, şol sanda obalarynda polisiýa işgärlerini alyp barýan awtobuslary görmek mümkin olar maskasyz adamlary tutýarlar.

Şol bir wagtyň özünde habarçylaryň sözlerine görä, maskasyzlardan başga-da, polisiýa serhoş adamlary tutmak, dilegçilik edýänleri we zibil gaplaryndan galyndylary gözleýänleri saklamak üçin reýd geçirýär. Mundan başga-da, aliment tölemeýänleri we düzgün bozandygy üçin garyndaşlary we goňşulary tarapyndan habar berlen adamlar polisiýa çagyrylýar. Köplenç tussaglar pagta ýygmaga iberilýär. Olara berilýän gündelik plana görä, adam başyna 70 kilogram pagta düşýär.

Maryda pagta ýygym resmi taýdan 8-nji sentýabrda başlandy.

"Tutulan adam pagta ýygmagy bilmeýän bolsa we günüň ahyrynda, mysal üçin 10-15 kilogramy ýygsa, onda ol zerur mukdarda pagta ýygýança gaýtadan meýdana iberilýär" -diýip, çeşme aýtdy.

Bellemeli zat, reýd geçirýän polisiýa işgärleri ýaşaýan ýerlerinden başga sebitlerde işlemeli edildi. Mysal üçin, Garagum sebitinden bolan polisiýa işgärleri Baýramalyda reýd geçirmäge iberilýär. Çeşmelere görä, bu polisiýa işgärleriniň öz dostlary we garyndaşlary üçin eglişik etmezligi üçin edilýär.

Polisiýa reýdleri duşenbe güni hem dowam etdirdi. Irden Maryda we Baýramalyda, irden 8-den başlap, zibil gaplarynyň golaýynda adamlary saklaýan, şeýle hem köçelerde maskasyz mekdep okuwçylaryny tutýan polisiýa awtobuslaryny görmek bolýar.

Hemişelik iş ýeri bolan adamlar we mekdep okuwçylary 21 manat jerime töläp öýzne gidip bilýär, işsizler bolsa saklanýar we pagta ýygmaga iberilýär.
Aşgabatda PÝGG-niň huşsuz işgärine “hiç kim kömege gelmedi”

Türkmenistanda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň çäginde Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sürüjilerden “dürli bahanalary arap” jerime ýazýandygy, şol sanda para bermäge mejbur edýändigi baradaky habarlaryň köpelmeginiň arasynda, ilatda ýol polisiýanyň işine barha nägilelikleriň artýandygy bellenilýär. Azatlygyň habarçylary muňa bir mysal hökmünde geçen hepde paýtagt Aşgabadyň gatnawly köçeleriniň birinde ençeme minutlap huşsuz ýatan PÝGG işgärine hiç kimiň hemaýata gelmändigini belleýärler.

“Geçen anna güni Aşgabadyň Atatürk köçesinde motosikli barýan ýol polisiýa işgäri dolandyryşyny ýitirip, motosikli bilen agdaryldy. Ol huşuny ýitirip, 5-6 minut töweregi ýerinden galman ýatdy. Onuň görnüp duran şikesleri ýokdy. Emma hadysadyň ‘Türkmenbaşy’ bankynyň gabat garşysynda, şeýle-de köp gatnawly köçäniň ugrunda ýüze çykandygyna garamazdan, hiç kim oňa hemaýata gelmedi. Polisiýa ýerinden turup, sähel çaýkanyp ötä gidýänçä oňa ilkinji medisina hemaýaty berilmedi, hat-da suwam hödürlenmedi. Garaz, galyp bilmän asfaltda ýatan polisiýa işgäriniň dadyna hiç kim gelmedi” diýip, bu wakalara şaýat bolan aşgabatlylaryň biri 14-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Bu hadysa, şeýle-de PÝGG işgäriniň soňky saglyk ýagdaýy barada Içeri işler ministrliginden kommentariýa ýa goşmaça maglumat almak başartmady.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy huşsuz ýatan polisiýa işgärine näme sebäpden hemaýatyň berilmändigi bilen gyzyklanyp, bu wakalara şaýat bolan adamlaryň ýene birnäçesi bilen söhbetdeş boldy, şeýle-de bu hadysa boýunça beýleki aşgabatlylaryň pikiri bilen gyzyklandy. Habarçymyz özi bilen söhbetdeş bolan raýatlaryň tas ählisiniň diýen ýaly PÝGG-niň işinden nägile bolýandyklaryny belledi.

“Meniň şahsy özüm ýöriteläp [huşundan giden polisiýa işgärine] kömege gelmedim. Olar köçede saklanlarynda juda gödek, ulumsy, kä halatlarda paýyş sözleri hem ulanyp gürleşýärler. Olar ulagyň daşky görnüşi hapa, reňki goýy .... ýaly dürli bahanalary arap, jerime ýazjakdygy bilen haýbat atyp, para soraýarlar. Bu ýol howpsuzlygy aýynda hasam güýjeýär. Olaryň ählisi diýen ýaly sürüjiniň düşündirişine, nalyşyna gulak gabartjak hem bolmaýarlar. Mende, şeýle-de gürrüňdeş bolýan beýleki tanyşlarymyň köpüsinde ýol polisiýa işgärlerine sylag ýa-da hormat galmady” diýip, özüni Ylýas diýip tanyşdyran aşgabatlylaryň ýene biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri özleriniň ýolbaşçylarynyň, kä halatlarda diňe dil üsti berilýän buýruklaryny berjaý edýändiklerini, soralýan gündelik jerime planyny dolup bilmeseler, aradaky tapawudy öz hasaplaryna dolmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Hökümet bizi [ýol polisiýa işgärlerini] öz bähbidi üçin ulanýar. Munuň netijesinde raýatlaryň gözünden düşýändigimizi özümiz hem bilýäris. Emma buýrugy berjaý etmekden başga alajymyz ýok” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran PÝGG işgäriniň biri 14-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Galyberse-de, tutuş sentýabry öz içine alýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän çäreler kagyz ýüzünde ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksadyndan ugur alýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar biraýlygyň dowamynda PÝGG-niň işgärleriniň aglaba çola ýollarda tizligi ýokarlandyran sürüjileri “awlamak”, olara jerime salmak ýa-da olardan para almak bilen meşguldygyny aýdýarlar.

Mundan başga-da, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar öňki ýyllarda aýallaryň awtoulag sürmegine, gara ýa goýy reňkli awtoulaglara garşy alyp baran erjel göreşi bilen tanalan häkimiýetleriň köçelerdäki howpsuzlyk ýagdaýyny ýokarlandyryp biljekdigine biraz şübheli garaýarlar. Bellesek, Azatlyk bu biraýlygyň ilkinji günlerinde bolan ençeme, şol sanda adam pidaly ýol hadysalary barada hem habar beripdi.
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öňýany Aşgabatda it-pişikler tutulýar, olary halas etmegiň tölegi gymmatlaýar

Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda öý haýwanlaryny tutmak işi ýene-de güýçlendi. Haýwanlary goraýjylar öýde saklanýan itleriň we pişikleriň ýitirim bolmagy hem-de köçe haýwanlaryny köpçülik öňünde tutmak ýagdaýlarynyň köpelmegi barada, şäher häkimliginiň işgärleriniň bolsa itleri we pişikleri tutup getirmek planynyň ýokarlanandygy barada habar berýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görýän mahaly, paýtagtyň köçelerinde itleri we pişikleri tutýan ýörite ulaglar köpeldi.

Jemgyýetçilik işgärlerine Garaşsyzlyk gününden öň köçelerdäki ähli haýwanlary ýygnamak tabşyryldy. Pişikleri tutmak zenan işgärlere ynanyldy we erkek işgärler itleri ýygnamaly edildi.

"Biziň gözümiziň öňünde jemagat gullugynyň işgärleriniň geýimindäki iki aýal pişigi kolbasa bilen aldap tutdy, halta saldy we alyp gitdi" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Aşgabadyň jemagat gulluklarynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyzyň sözlerine görä, tutulan haýwanlar öý dolandyryş edaralaryna tabşyrylýar we soň sanjym edilip, öldürilýär.

"Duralganyň golaýyndaky ýolda bir pişigiň sesi eşidildi, awtobus duralgasynda duran adamlar pişigi nirä alyp barýaňyz diýip soradylar? Olar:"Biz buýrugy ýerine ýetirýäris. Pişikleri tutup, Mäti Kösäýew we Ata Gowşudow köçelerindäki edara tabşyrýarys. Şol ýerde Köpetdag etrabynyň öý hojalyk edarasy ýerleşýär "- diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi öz görenini gürrüň berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, şäheriň ýaşaýjylary, şol sanda çagalar hem haýwanlary tutmak işine goşulýar. Çagalar pişikleri tutýarlar, ýöne soňky döwürde olary öldürmeýärler-de pul üçin öý hojalyk edaralaryna diriligine tabşyrýarlar.

Bu aralykda, haýwanlary goraýan aktiwistler tutulan itleriň we pişikleriň arasynda öýde saklanýar, emma azaşan ýa-da ogurlanan haýwanlaryň köpdügini habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde şeýle öý haýwanlaryny yzyna almak üçin soralýan tölegleriň bahasy ýokarlanýar.

"Itler we pişikler agyr azapda ölýärler. Diri galmak mümkinçiligi diňe ýitirilen ýa-da bilkastlaýyn ogurlanan öý itlerinde bar. Bu bir biznes" -diýip, aşgabatly aktiwist aýdýar.

Onuň sözlerine görä, itleri yzyna almak üçin häzirki ortaça nyrh soňky iki ýylda iki esse artyp, 350 manada ýetipdir.

Tutulan haýwanlar häzirem köplenç Çoganlydaky zir-zibilleri gaýtadan işleýän desgadaky angara äkidilýär.

"Bu aýylganç konslager henizem bar, ýöne indi meýletinlere ol ýere barmaga rugsat berilmeýär. Olar angara diwaryna azyk getirip goýýarlar. Bu azyklar köplenç haýwanlar üçin dowzah zolagynyň işgärleri tarapyndan talanýar" -diýip, haýwanlary goraýjy aktiwist 14-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Aşgabatly aktiwistler we haýwanlary goraýjylar jemagat gulluklarynyň işgärleriniň arasynda has rehimsizleriň duş gelýändigini habar berdiler. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary zalymlyk bilen tapawutlanýan birnäçe jemagat işgäriniň atlaryny we wezipelerini Azatlyga habar berdi.

"Ol 15 ýyl bäri itleri öldürýär. Onuň "edermenligi" hakynda gürrüň edilende hatda haýwanlary tutýan beýleki işgärler-de seslerini peseldip gürleşýärler. Haýwanlary goraýjylar onuň Änewde şahsy wagonynyň bardygyny bilýärler. Ol şol ýere tutulan itleri getirdip, olary haýallyk bilen öldürýär, haýwanlaryň akyla sygmajak azabyny uzaldyp, olaryň çekýän ejirinden lezzet alýar"- diýip, Aşgabatly haýwan goraýjy aktiwist it-pişikleri tutmak işini ýerine ýetirýän işgärleriň biri hakynda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy şäheriň jemagat gulluklarynyň biriniň bu işgäriniň adyny agzamakdan saklanýar.
"17-nji awgustda ol öý iti Reks atly owçarkany gynap öldürdi, haýwanlary goraýjylar bu jenaýatyň ähli jikme-jikliklerini we yzygiderliligini anykladylar. Suratlar we subutnamalar sosial mediada ýaýrady. Biparh bolmadyk adamlar wagşynyň adyny, familiýasyny, ýaşyny, adresini, telefonyny bildiler. Ol öz şahsy telefon belgisini käbir öý hojalyk işgärlerine berip, käbir raýatlaryň öwzarsyz it barada öý hojalyk edarasyna jaň edenlerinde şony tutmak üçin hut öz awtoulagynda barypdyr" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, adamlar bu işgäre jaň edip başladylar, onuň bilen duşuşdylar we bu waka köpçülige giňden mälim boldy. Adamlaryň ençemesi köpçülikden gol toplap, Baş prokuratura we beýleki edaralara aladaly hat ýazdy. Tizara raýat eşikli adamlar beýannama gol çeken käbir raýatlaryň ýanyna baryp başladylar we hat ibermezlige ündäp, munuň olara "gowulyk getirmejegini" duýdurypdyr.

Köp ýyl bäri paýtagtda haýwanlaryň tutulmagy baýramçylyk seneleriň we möhüm wakalaryň öňüsyrasynda, welaýatlarda bolsa prezidentiň saparlarynyň öňüsyrasynda hasam güýçlenýär.

Haýwanlary goraýjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilmegi ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanypdyr. Ol ölenden soň haýwanlary ýok etmek prosesi başda birneme haýallap, tiz wagtdan ýene-de güýçlenipdir we beýleki şäherlere geçipdir.

Bu aralykda ýurtda it kulty ösdürilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüni alabaý tohumy itleriň bilermeni hökmünde görkezýär. Prezident birnäçe gezek goşgulary we kitaplary itlere bagyşlady. 2021-nji ýylda ýurtda türkmen alabaýyň baýramçylygy döredildi, şeýle hem itleriň arasynda gözellik bäsdeşliginiň ýeňijilerini sylamak üçin medal, "Hormatly itşynasy" we "Halk itşynasy" diýen hormatly atlar döredildi.

Azyk krizisiniň we ilat üçin azyk ýetmezçiliginiň fonunda häkimiýetler alabaýlar üçin paýok bermegi karar etdi.
Türkmenistan Türki Geňeşiň doly hukukly agzasy bolar

Öňümizdäki noýabrda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi "Türki dilli döwletleriň guramasy" adyna eýe bolar. Şeýle-de, geňeşe Türkmenistanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagyna garaşylýar.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) öňümizdäki aý geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň geňeşe doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar. Bu barada Türkiýäniň hökümet başyndaky “Adalat we ösüş partiýasynyň” (AKP) başlygynyň orunbasary Binaly Ýyldyryma salgylanyp, Azerbaýjanyň Report.az neşiri habar berýär.

Türki geňeşiň VIII sammiti 12-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler.

Azerbaýjan neşiriniň habaryna görä, gurama başlyklyk gezegi öňümizdäki sammitde Türkiýä geçiriler.

Şeýle-de, Stambul sammitinde geňeşiň adynyň üýtgedilmegine garaşylýar. Binaly Ýyldyrymyň sözlerine görä, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) “Türki dilli döwletleriň guramasy” adyna eýe bolar.

Ýatlasak, geňeşe agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň mart aýynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen resmi däl sammitinde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan geňeşiň statusynyň üýtgedilmegini teklip edipdi.

Mundan ozal, iýunyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Türki geňeşe ýörite status bilen goşulmak mümkinçiliklerine garalýandygyny habar berdi.

Geňeşiň baş sekretary Bagdat Amreýew 28-29-njy iýunda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem-de wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe Türki Geňeşiň doly hukukly agzasydyr, Wengriýa geňeşiň synçy agzasydyr. Gurama 2009-njy ýylda esaslandyryldy we agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary bu guramanyň türk dilli döwletleriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy nazarlaýandygyny nygtaýarlar.

Synçylara görä, Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk statusyna salgylanyp, Türki geňeşe agzalykdan gaça durýardy.

Geňeşiň 31-nji martda geçirilen sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň hemişelik bitaraplyk statusyny ýene bir gezek nygtady we öz ýurdunyň geňeşe agza ýurtlar bilen halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
COVID-19: Maryda ölüm sanlary ýokarlanýar, waksinasiýa batlanýar. Türkmenabatda ýagdaý kadalaşýar

Mary welaýatynda koronawirus näsaglarynyň gürelmegi we ölüm sanlarynyň ýokarlanmagy bilen ilat arasynda waksinasiýa işleri batlanýar. Lebap welaýatynyň Hojambaz ertabynda epidemiologiki ýagdaý ýaramazlaşýar, Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda ýagdaý kadalaşýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Soňky birnäçe hepde bäri möwjeýän koronawirus ýokuşmalarynyň fonunda, Türkmenistanyň hökümeti heniz hem ýurduň çäginde koronawirus hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady.

Azatlygyň Marydaky habarçysy sebit hassahanalarynyň näsagdan dolandygyny habar berdi. “Hassahanalarda ýer ýok” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz dermanhanalara barýan adamlaryň köpdügini habar berdi.

Bu aralykda, sebit ilatynyň arasynda sanjym işleri batlanýar. Azatlygyň habarçysy waksina kabul etmedik adamlaryň edara-kärhanalarda işe goýberilmeýändigini habar berdi.

Türkmenistan 18 ýaşdan ýokary raýatlar üçin koronawirus waksinansyny hökmany diýip yglan eden az sanly ýurtlaryň hatarynda galýar.

“Hassahanalara barýan adamlardan soralýan ilkinji sorag olaryň waksina alanlygy barada bolýar. Hassahanalar adamlaryň hökmany suratda waksina kabul etmelidiklerini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi. Şeýle-de, ol lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň arasynda koronawirusa ýolugan adamlaryň bardygyny habar berdi.

Lebap sebitinde Hojmabaz etraby keselçiligiň gürelýän sebitine öwrülýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy Hojambaz etrabynda köpelýän koronawirus näsaglarynyň 15-nji sentýabrdan başlap, Türkmenabadyň hassahanalaryna getirilip başlananadygyny habar berdi.

Şeýle-de, habarçymyz ýerli çeşmelere salgylanyp, Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda epidemiologiki ýagdaýyň kadalaşýandygyny, wirusyň ýaýramagynyň gowşaýandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Saglyk ministrligi koronawirus ýokuşmalarynyň gerimi, onuň ýaýramagynyň depgini barada statistiki sanlary mälim etmeýär. Saglyk hünärmenleriniň özleriniň bu ýagdaýlar boýunça barlag geçirip-geçirmeýändikleri nämälim galýar.

Lebapda ýerli häkimiýetlere ýakyn bir çeşmäniň maglumatlaryna görä, Azatlyk Radiosy derman ýetmezçiligi barada birnäçe gezek habar berenden soňra, Aşgabatdan baran prokuratura işgärleri Lebabyň hassahanalarynda barlag geçiripdirler.

Ýerli çeşme prokuratura barlaglaryndan soňra, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda hem-de Ýokanç keselleri hassahanasynda näsaglara wirusa garşy dermanlaryň berlip başlanandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde karantin çäklendirmeleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenabatda ähli bazarlar we dükanlar ýapyk bolmagynda galýar; karantin güýçli depginde dowam edýär.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan birnäçe dükan eýesi we satyjylar 1-nji oktýabrdan başlap, öňki tertipde öz işlerine dowam etmäge rugsat beriljekdiginiň özlerine aýdylandygyny gürrüň berdiler.

Ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde koronawirus näsaglarynyň bejergisinde maşgala lukmanlarynyň tagallalarynyň ýokary bolandygyny gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda maşgala lukmanlary hassahanada ýatman öýde bejergi alýan köp näsaga Türkmenistanyň Saglyk ministrligi tarapyndan tassyklanan bir bejergi esasynda saglyk ýardamlaryny beripdirler.

“Şol bejergi köp näsaga kömek etdi. Häzirki wagtda Lebapda Welaýat hassahanasy we Ýokanç keseller hassahanasy koronawirus näsaglaryny kabul edýär” diýip, çeşme aýtdy.

Maryda waksinasiýa işleri batlanýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp, Türkmenabat boýunça 50 göterim raýata sanjym edilendigini habar berdi.

Türkmenistan sanjym işleriniň depgini boýunça statistiki malgumatlary köpçülige äşgär etmeýär.
Azatlygyň habarçysyna görä, Türkmenabatda koronawirus hassalaryny kabul edýän hassahanalar ýerli näsaglaryň sany azalansoň, Hojambaz we beýleki etraplardan hassa kabul edip başlapdyr.

“Ýene bir ýatlamaly ýagdaý – bu wirusyň “pik” tolkuny geçdi. Häzir bu wirus assa-ýuwaş azalyp başlady. Indi Türkmenabat boýunça näsag azaldy. Hassahanalara Hojambaz we beýleki etraplardan hassa kabul etmek tabşyryldy” diýip, bir ýerli lukman anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistana aşmak we ýurtdan çykmak isleýänleriň nobatlary saklanýar

Häzirki wagtda Russiýadaky türkmenler Türkmenistana gaýdyp gelmek mümkinçiligine garaşýarlar. Şol bir wagtda-da, Türkmenistandan çykmak isleýän we munuň üçin mümkinçilik gözleýän adamlaryň sany artýar. COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendiriji çäreleriň berkidilmegine garamazdan, Türkmenistanda ilatyň arasynda ýurdy terk etmek islegler saklanýar.

Azatlygyň çeşmelerine görä, diňe Moskwada azyndan 2500 adam Russiýadan Türkmenistana guralýan uçuşlara garaşýar. Sanawlar Türkmenistanyň ilçihanalarynda düzülýär we olara diňe ähli resminamalary bar bolan raýatlar girýär.

Çeşmelere görä, türkmenistanlylaryň ýene ençemesi Russiýanyň beýleki şäherlerinde, Sankt-Peterburg, Kazan, Astrahan ýaly türkmen konsullyklary bar bolan ýerlerinde-de garaşýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtdan çykmagyň örän kyndygyny habar berýärler. Karantin çäklendirmeleriniň pugtalandyrylmagy, pasport almakdaky kynçylyklar we edaralaryň iş tertibiniň çäklendirilmegi köpleriň ýurtdan çykmak mümkinçiliklerini hasam azaltdy.

Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmen resmileri ilatyň ýurtdan gitmeginiň hökümetde alada döredýändigini aýtdy.

"Prezident Migrasiýa we Daşary işler ministrligine her dürli sebäp bilen ilatyň gelmeginiň öňüni almagy tabşyrdy" -diýip, habarçymyz resmini sitirleýär.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň bu buýrugy Türkmenistany terk etmek isleýänleriň köplügi we bu meselede Russiýanyň ilçihanasynyň Türkmenistandan uçar gatnawynyň sanyny köpeltmek baradaky teklibi bilen baglanyşykly.

"Diňe bir koronawirusdan adamlar ýogalýarka, bu eýsem Türkmenistanda galan raýatlaryň hem çykarmak teklibi bolýar" -diýip, çeşme aýdýar.

Azatlygyň çeşmelerine görä, ýurt demografiki krizisiň golaýynda.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň 2,7-2,8 milliona çenli azalandygyny anyklapdyr. Güýçli ykdysady krizis sebäpli durmuşyň yzygiderli ýaramazlaşmagy köpleri iş gözläp, ýa-da has amatly şertleri isläp ýurdy terk etmäge mejbur edýär.

Häkimiýetler hem öz gezeginde demografiki krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler, ýöne raýatlaryň gitmeginiň öňüni almak üçin dürli çäreleri görýärler, şol sanda pasport bermegiň gijikdirilmegi we ret edilmegi, döwlet edaralarynyň işgärlerinden pasportlarynyň elinden alynmagy, türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryndan ýüz öwürmegi üçin olara basyş etmek we we ýurtda çykmakda dürli gadaganlyklary girizmek ýaly hereketleri edýär.

Bu aralykda garaşsyz neşir “Turkmen.news” Russiýadan Türkmenistana türkmen raýatlaryny alyp barmak üçin gatnawlaryň sanynyň köpelendigini habar berdi. Neşiriň habaryna görä, indiki iki aýda Russiýadan Türkmenistana alty sany çarter reýsi guralar. Ýörite uçuşlaryň Russiýadan Türkmenistana we Türkmenistandan Russiýa ýolagçylary alyp barmagyna garaşylýar. Neşir bu barada Moskwadaky türkmenleriň medeni merkeziniň başlygy Gülnabat Tekäýewa salgylanýar. Ol iki çarter uçuşynyň 17-nji we 29-njy sentýabrda meýilleşdirilýändigini aýdýar.

Türkmen.news neşiri Orsýetiň "S7" awiakompaniýasynyň pandemiýa başlaly bäri Türkmenistandan Russiýa birnäçe gezek çarter uçuşlaryny amala aşyrandygyny, awiakompaniýanyň köplenç Türkmenistana boş uçýandygyny habar berdi.

10-njy sentýabrda ýedi ýolagçy Russiýadan Türkmenistana uçarly uçdy. Uçar Türkmenistandan Russiýa bolsa 171 ýolagçyny alyp gitdi diýip neşir ýazýar.

Türkmenistan geçen ýylyň awgust aýynda koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlara giden raýatlaryny yzyna getirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlara adaty howa gatnawy 2020-nji ýylyň 17-nji martynda bes edildi.