HABAR.turkmen
122 subscribers
13 photos
340 links
Iň täze we möhüm habarlar! Самые актуальные новости! +420 773 797 383
Download Telegram
Berdimuhamedow COVID-19-a salgylanyp, owgan bosgunlaryny kabul etmekden ýüz öwürdi

Owganystanda “Talybanyň” ýowuzlygyndan we ar almagyndan howatyr edip müňlerçe adamyň ýurdy terk etmäge dyrjaşýan döwri, türkmen prezidenti “häzirki wagtdaky çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlarynda bosgunlary kabul etmek baradaky çözgüde sagdyn çemeleşmelidigini” aýdyp, görnüşinden bosgunlary öz serhet çäklerine goýbermekden ýüz öwürene çalym edýär. Ýatlatsak, mundan ozalam türkmen hökümeti jeňçilerden gaçyp türkmen serhedine sygynan owgan harbylaryny, bosgunlary, şol sanda etniki türkmenleri hem öz çäklerine geçirmändi. Galyberse-de, Russiýa hem Merkezi Aziýa döwlelerinde owgan bosgunlarynyň ýerleşdirilmegine garşy çykýar.

29-njy awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Şarl Mişel bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlary hem maslahat etdi.

Şarl Mişeliň bu duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda: “Gumanitar we adam hukuklary boýunça krizisiň öňüni almak, şeýle-de giň sebit üçin zorlukly ekstremizmiň we neşe gaçakçylygynyň töwekgelçiliklerine garşy göreşmek möhümdir. Merkezi Aziýa döwletlerine ÝB-niň goldawy mälim edildi” diýip, belledi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow bosgunlar meselesi bilen baglylykda “örän howply koronawirus ýokanjynyň giň möçberde ýaýramak töwekgelçiligine çynlakaý baha bermegiň zerurdygyny” hem aýdypdyr. Ýogsa türkmen häkimiýetleri ýurduň özünde koronawirusyň delta görnüşi sebäpli wirusa ýolugýanlaryň, ondan heläk bolýanlaryň sanynyň günsaýyn artmagy, öz ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada açyk çykyş eteäýärler, umuman, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem hasaba alman gelýärler.

Ýewropaly ýokary derejeli resmi bilen söhbetdeşligiň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Owganystan babatyndaky üç garaýyşyny hem mälim etdi, ýagny Türkmenistan:

Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär;
Ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, TOPH gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle-de Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýär;
Parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesini göz öňünde tutýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň agyr maliýe çökgünligini başdan geçirýän döwri, owgan halkyna zerur ynsanperwerlik goldawyny bermek boýunça anyk çäreleriň görülýändigi hem belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan goňşy döwlete, birnäçe ugurlar boýunça, elektrik energiýasyny ibermegini dowam etdirýär.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işleýändigini, şeýle-de “Talybanyň” wekilleri bilen serhediň goralmagy, gümrük, sanitariýa we barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça “yzygiderli gatnaşyklaryň” amala aşyrylýandygyny aýtdy. Maglumat üçin aýtsak, “Talybanyň” paýtagt Kabuly eýelemeginden soň, türkmen diplomatlary jeňçi toparynyň wekilleri bilen hem açyk gepleşikleri geçiripdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň başlygy bilen söhbetiniň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklarynyň işlerini dowam etdirýändikleri barada hem maglumat berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we “Talyban” Kabuldaky türkmen ilçihanasynyň daşyndaky partlamanyň puja çykarylandygy baradaky maglumatlary ret etdiler. Mundan öň, hindustantimes.com neşiriniň 28-nji awgustdaky habarynda Kabuldan gelýän ynamdar maglumatlar “Talybanyň” 26-njy awgustda, Kabul howa menzilinde bolan hüjümden soň, Türkmenistanyň ilçihanasynyň golaýynda iki sany pakistanlyny tussag edendigini görkezýär diýip, aýdylypdy.
Emma “Talybanyň” metbugat wekili bu maglumaty ret etdi we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasyna hiç bir howpyň abanmaýandygyny aýtdy. Zabyhulla Mujahitiň bu sözlerini ýarym-resmi hökümetçi türkmen neşirleri hem öz saýtlarynda çap etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolsa, gürrüňi edilýän ilçihanada bu aýdylýan zatlar barada hiç bir maglumatyň ýokdugyny habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygmaga ugradýar

Pagta önümçiliginde ýyllarboýy mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri şu günler Lebap welaýatynda aliment üçin bergisi bolan raýatlary mejbury pagta ýygymyna çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy awgustda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetler bu mejbury çäreleri welaýat kazyýetiniň bir karary bilen esaslandyrýarlar.

Azatlygyň habarçysy aliment tölemeli edilen onlarça müň adamyň aglabasynyň işsizdigini habar berýär.

Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan tankyt edilýär.

Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatynda aliment bergisi bolan adamlaryň Hojambaz, Kerki we Köýtendag etraplarynyň gowaça meýdanlaryna pagta ýygmaga iberilýändigini habar berýär. Bergili raýatlary pagta ýygymyna çekmek işlerine ýerli polisiýa edaralarynyň işgärleri gözegçilik edýär.

Diňe Farap etrabynyň özünde ýüzlerçe raýat aliment sebäpli pagta ýygmaga iberilipdir.

Sebit resmileri bu çäreleri “ýygymy netijeli alyp barmak maksady bilen” diýip düşündirýärler. Ýerli ýaşaýjylar dowam edýän pagta ýygym möwsüminde “mejbury zähmetiň bar bolan ähli ýollarynyň ulanylýandygyny” aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy kazyýetdäki çeşmelerine salgylanyp, Lebap suduna soňky üç ýylda gowşan şikaýatlaryň aglabasynyň aliment we aýrylyşmak meseleleri bilen baglydygyny habar berýär.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri, hususan-da soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri, raýatlaryň aliment meseleleri bilen içgin gyzyklanýarlar.

Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda aliment töläp bilmedik raýatlaryň “kemsidiji” suratlaryny köpçülik ýerlerinde asdy. Şu ýylyň 31-nji martynda Azatlygyň ýerli habarçylary ýurduň gündogar sebitlerinde aliment töläp bilmeýän adamlaryň sanynyň görnetin köpelendigini habar berdi.

Ýurtda dowam edýän ykdysady we sosial krizisiň fonunda Türkmenistan, synçylara görä, öz ýakyn taryhynda maşgalasyny ekläp bilmeýän ýa-da aýalyndan aýrylyşan erkekleriň iň köpelen we köpelýän döwrüni başdan geçirýär.

Azatlygyň habarçysy dowam edýän pagta ýygym möwsüminiň fonunda Lebapda talyplardan hem öz orunlaryna ýygymçy tutmagyň talap edilýändigini habar berýär. Talyplar her gün harmana 80 kilogram pagta tabşyrmak bilen borçlandyrylýar.

Bu aralykda, şu günler Mary welaýatynda hem pagta ýygym möwsümi güýçli depginde “mejbury zähmet” bilen dowam edýär.

Biziň habarçymyz döwlet edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden öz ornuna ýygymçy tutmak üçin pul ýygnalýandygyny habar berýär.

Türkmen häkimiýetleri dürli maksatlar üçin, şol sanda “tebigaty goramak üçin”, “prezidentiň portretlerini satyn almak üçin”, “tigir satyn almak üçin” we beýleki maksatlar bilen ýyllarboýy býujet işgärlerinden pul ýygnap gelýär.

“Pagta ýygymyna hakyna tutma işgärleri alyp gidýärler. Býujet işgärlerinden hakyna tutma ýygymçylar üçin pul ýygnalýar. Her edara azyndan 10 adam ugratmaly edildi. Hakyna tutulýan işçilere 20-30 manat aralygynda pul bermeli” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Maglumata görä, hakyna tutulan ýygymçylar şu günler diňe gündizlerine pagta ýygmaga ugradylýar. Ýöne sentýabr aýyndan başlap, her edara-kärhanadan 10-15 töweregi adamyň ýygyma ýatymlyk iberilmegine garaşylýar.

Azatlygyň habarçysy ýygyma 10 gün möhlet bilen ugradylan bir hakyna tutma işçi üçin býujet işgäriniň 400 manat töweregi çykdajy etmeli boljakdygyny habar berýär.

“Pagta ýygymyna býujet işgärleriniň özleri ugradylmaýar, diňe hakyna tutulan ýygymçylar ugradylýar” diýip, býujet işgäri gaýtalady.

Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmagy onuň pagtasynyň ABŞ-nyň Gümrük gullugy tarapyndan Birleşen Ştatlaryň çäginde 2018-nji ýylda gadagan edilmegine alyp geldi.

Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitiň gowaça meýdanlarynda suwsuzlyk sebäpli hasylyň pesdigini habar berýär.
Muňa garamazdan, hökümetçi “Biznes Türkmenistan” neşiri bu ýyl kadaly howa şertleri sebäpli ýurduň dürli sebitlerinde pagtanyň ir ýetişendigini habar berdi.

Türkmenistanda bu ýyl pagta möwsümine ir girişilmegi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň pagta plan borçnamasyny Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna çenli ýerine ýetirmegi welaýat häkimlerine we oba hojalyk resmilerine tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Ýöne heniz ýurt boýunça ýygym möwsümine resmi derejede badalga berilmedi.

Resmi maglumatlara görä, bu ýyl Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda koronawirusdan ölýänleriň sany bir günde 70 adama ýetdi

Türkmenistanda COVID-19 ozal görlüp-eşidilmedik derejede giňden ýaýraýar. Paýtagt Aşgabatda koronawirus bilen keselleýänler göz-görtele köpelýän mahaly, ondan ölýänleriň sany günde 70 adama ýetýär. Şäheriň hassahanalary näsaglardan dolan mahaly, käbir syrkawlar Yzgant obasyndaky täze keselhana ýerleşdirilip başlandy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde karantin çäklendirmeleri has-da güýçlendirilip, diňe dermanhanalardan we bir bazardan başga, söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi ýapyldy. Şeýle-de, bu nokatlaryň gapylaryna olary açmagyň gadagandygy barada ýörite kagyzlar ýelmenildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylary maglumat berýärler.

Paýtagtyň saglyk müdirligindäki çeşmämiziň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, anna güni, has takygy 27-nji awgustda Aşgabat boýunça wirusdan ölenleriň sany 70 adama ýetdi.

"Wirusyň güýçli tolkuny Aşgabada gelip ýetdi. Şäheriň köp gatly jaýlarynyň tas her birinde 10-dan gowrak maşgala wirus ýokaşan. Näsaglaryň aglaba bölegi öýlerinde bejergi alýar. Ýaşaýjylara zerur bolmadyk ýagdaýynda öýlerinden çykmazlygy maslahat berýäris" diýip, çeşmämiz 30-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol şäheriň tas ähli hassahanasynyň wirus ýokuşan näsaglardan doludygyny aýdyp, indi käbir syrkawlaryň Yzgant obasyndaky täze keselhana ýerleşdirilip başlanylandygyny hem aýtdy.

Bellesek, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Ýokanç keseller hassahanasy ýurtda koronawirusyň ilkinji tolkunlaryndan soň, ýagny geçen ýylyň 13-nji noýabrynda açylypdy.

TDH Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň doglan obasynda açylan 200 orunlyk bu hassahanada ýiti respirator kesellerini bejermek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini habar beripdi. Şeýle-de, resmi habarda keselhananyň barlaghanasynda COVID-19 keselini döredýän wirusy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän enjamyň hem oturdylandygy aýdylypdy.

"Bu keselhanany uzak wagtlap kowid näsaglaryna bermek islemediler. Häzirki wagt oňa koronawirus näsaglary kabul edilip başlanan bolsa-da, onda diňe ýokary derejeli tanşyň bolsa bejergi alyp bolýar. Ýagny näsaglary diňe saglyk ministri ýa-da onuň orunbasary jaň etse kabul edýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şol bir wagtda, ol şäheriň ýokanç keseller we beýleki hassahanalarynda özüni "sähel gowy duýup başlan" koronawirus näsaglarynyň keselhanadan çykyp, öýlerine gitmäge mejbur edilýändigini hem belledi.

Bu habarlaryň arasynda, ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýan türkmen häkimiýetleri wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini has-da güýçlendirýärler.

Aşgabatda berk maska režimi güýje girizildi. Şäheriň bazarlaryndaky, dükanlaryndaky we dermanhanalaryndaky satyjylar hökmany maska geýmeli edildi.

Lebabyň Türkmenabat şäherinde hem, karantin çäklendirmeleri günsaýyn güýçlendirilýär. Häzirki wagtda şäherde diňe dermanhanalar we bir bazar - "Gök bazary" - açyk bolup, galan söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi ýapyldy. Ýatlatsak, 26-nji awgustda Türkmenabadyň 4-nji we 5-nji belgili bazarlary we metjitleri hem ýapylypdy.

"Gök bazary çäklendirilen režimde işleýär. Bazaryň dört derwezesiniň üçüsi ýapylyp, häzirki wagt diňe bir derwezeden girip-çykmaly edildi. Adamlar bu derwezeden girende ellerini hökman dezinfeksiýa etmeli. Derwezäniň girelgesinde aýak astynda ýörite hlorly mata goýlupdyr. Adamlar şonuň üstünden basyp, köwüşlerini öllemeli" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, şäherde gurluşyk harytlaryny, egin-eşikleri, awtoulag we mal satýan bazarlaryň, santehnika we mobil telefon satýan dükanlaryň, tikinçilik sehleriniň, dellekhanalaryň we gözellik salonlarynyň hemmesi bir bada ýapyldy. Awtoulag we haly ýuwýan nokatlaryň, kafeleriň, garbanyşhanalaryň we toý mekanlarynyň işi hem duruzyldy.
"Ozal görlüp-eşidilmedik karantin çäklendirmeleri has-da berkeýär. Häzir ýapylan söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň gapylaryna olary açmagyň gadagandygy barada ýörite kagyzlar ýelmenildi. Toý sähedi awgustyň soňky ongünlüginde diýlip kesgitlenen ýaşlar öz durmuş toýlaryny obalardaky uly jaýlarda we olaryň howlularynda geçirmeli boldular" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, welaýatyň käbir obalarynda ýaşulular ilat bilen ýörite ýygnaklary geçirip, olara köpçülikleýin ýerlerine barmagyň, jan saglygyna sadaka bermegiň we oturşyklary geçirmegiň "gadagandygyny" duýdurýarlar.

"Jynaza çärelerine baranyňyzda iki metr aralygy saklaň, ýüzüňizde hökman maska bolsun, ol ýerde gap-çanaklary köpçülikleýin ulanmaň hem diýýärler" diýip, bu ýygnaklaryň birine gatnaşan lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, agzalan hassahanalardan, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky hepdelerde ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň görnetin köpelmeginiň arasynda, dürli sebitlerde hassahanalar, etraplar we obalar yzygiderli karantine alyndy. Şeýle-de, bazarlaryň, söwda merkezleriniň we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň ençemesi ýapyldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Resmi metbugat hem, ýurduň dürli künjeginde güýje girizilýän ätiýaçlyk çäreleri barada hiç hili gürrüň gozgamaýar.
Bir hepdäniň dowamynda Aşgabatda ikinji ýaşaýyş jaýy ot aldy

Soňky birnäçe günüň dowamynda paýtagt Aşgabatda ikinji ýaşaýyş jaýy ot aldy. Bu ýagdaýlara garaşsyz turkmen.news neşiri üns çekýär.

Maglumata görä, 30-njy awgustda gije sagat 3-ler töweregi paýtagtyň 6-njy etrapçasyndaky – “Lälezar” bazarynyň we “Berkararlyk” etrap polisiýa bölüminiň golaýyndaky – 50-nji belgili jaýda ýangyn emele gelipdir. Neşiriň bu waka bilen bagly çap eden suratynda dört gatly ýaşaýyş jaýynyň üçeginiň dolulygyna oda bürelendigini synlasa bolýar.

Turkmen.news ýangyny söndürmek işlerine bäş ýangyn söndüriji ulagyň çekilendigini, şeýle-de polisiýanyň ýangynyň elektrik simlerindäki näsazlyk sebäpli ýüze çykandygyny çaklaýandygyny belleýär.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda jaýyň ýörite niýet bilen otlanan bolmagynyň mümkindigi barada gürrüňleriň edilýändigi hem bellenilýär. Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, geçen hepde gürrüňi gidýän jaýyň ýerzemini hem otlamak synanyşygy bolupdyr. Azatlyk bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere häzirlikçe ne tassyklatmagy, ne-de inkär etdirmegi başardy.

Ýangynyň netijesindäki heläkçilikli ýagdaýlar barada maglumat ýok. Paýtagtyň resmileri, şol sanda döwletiň eýeçiligindäki habar serişdeleri hem duşenbe güni ýüze çykan hadysa barada maglumat bermeýärler, şeýle-de häkimiýetler Azatlygyň bu baradaky soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Bu ýangyn soňky hepdäniň dowamyndaky Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda bolan ikinji betbagtçylykdyr. 24-nji awgustda paýtagtyň 11-nji etrapçasynda, “Hudaýberdýew” we “Azatlyk” köçeleriniň çatrygynda bir köp gatly jaýyň üçeginde turan ýangynyň gara tüssesi köp adamyň ünsüni çekipdi.

Bu barada habar beren turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, ýangyna ýaşaýyş jaýynyň üçeginde goýlan sowadyjy blogynyň otlanmagy sebäp bolupdyr.

Garaşsyz neşirleriň ozal habar berşi ýaly, türkmen häkimiýetleri ýyllar boýy sowadyjylara garşy göreşip, olaryň jaýlaryň görküni bozmagyna ýol bermezlige çalyşýarlar. Garaşsyz neşiriň habarynda üçekde oturdylan sowadyjynyň otlanmagy sebäpli tutan ýangyndan ejir çekeniň ýokdugy aýdylýar.

Soňky aýlaryň dowamynda paýtagt bilen birlikde, ýurduň beýleki administratiw merkezlerinde hem köp otagly ýaşaýyş jaýlary ot aldy.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, 26-njy iýulda Marynyň merkezindäki köp kwartiraly jaýda turan ýangyn netijesinde ýaralanan aýal soňy bilen hassahanada ýogalypdy. Şeýle-de 6-njy iýulda Türkmenabat şäheriniň Gagarin etrabynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýynda partlama bolup, dört gatly binanyň iki gaty ýumrulypdy. Bu partlama netijesinde bir çaga öldi we 11 adam keselhana ýerleşdirildi. Fewralda Daşogzuň Gurbansoltan eje etrabyndaky ýaşaýyş jaýynda dörän ýangynda ýedi çaga heläk bolupdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtdaky heläkçilikli hadysalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryndaky uly we adam pidaly ýangynlar barada ilata düýbünden habar bermeýärler.
Aşgabadyň obalarynda ölüm derejesi ýokarlanýar. Maryly söwdagärler bazarlaryň ýapylmagyna nägilelik bildirýär

Türkmenistanda COVID-19 ozal görlüp-eşidilmedik derejede giňden ýaýraýan mahaly, aşgabatly saglyk işgärleri wirusyň bu tolkunynyň geçen ýyldakydan has güýçlidigini aýdýarlar. Paýtagtda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, şäheriň etegindäki obalarda ölüm derejesi has-da ýokarlanýar. Mary welaýatynda wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çäreleriniň çäginde bazarlar ýapylýan mahaly, güzeran eklenji bazarlardaky söwda garaşly ilat bu çärelere garşylyk görkezip, azyk harytlaryny çem gelen ýerde satmaga synanyşýar. Bu aralykda, garaşsyz neşir Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň teswirnamasyndan tabşyryklaryň göçürmesidigi aýdylýan maglumatlary çap etdi.

"Şu günler Aşgabat şäherinde saglyk öýleriniň işgärleri, şepagat uýalary ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, wirus ýokuşan raýatlary anyklamaga synanyşýarlar. Hytaý sanjymyny etdiren raýatlaryň arasynda wirus bilen agyr keselleýänler we ondan ölýänler örän köp. Sanjym edilen dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda ölüm derejesiniň ýokarlanmagy ilaty aladalandyrýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran paýtagtly saglyk işgäri 31-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň etegindäki obalarda wirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň sany görnetin artýar. "Obalarda ilaty waksina etmek derejesi örän pesdi" diýip, saglyk işgäri wirusyň häzirki tolkunynyň geçen ýyldakydan has güýçlidigini hem belledi.

Şu aýyň başynda Germaniýa tarapyndan dünýäde COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli döwletleriň sanawyna goşulan Türkmenistan ýurtda bu wirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun alman gelýär.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň köpelýändigi barada Azatlykda we garaşsyz neşirlerde çykýan habarlaryň arasynda, wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini yzygiderli güýçlendirýärler. Bu çäreleriň çäginde beýleki karantin çäklendirmeleri bilen bir hatarda, ýurduň dürli künjeginde bazarlaryň we söwda merkezleriniň onlarçasy ýapyldy.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, geçen hepdäniň başyndan bäri bu welaýatda azyndan 10 bazar ýapyldy. Häzirki wagt sebitde azyk satylýan bazarlaryň we dükanlaryň diňe käbiri açyk bolmagyna galýar.

Habarçymyz bazarlaryň ýapylmagynyň güzeran eklenji bazarlardaky söwda garaşly ýüzlerçe telekeçä ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzir kiçi we orta söwdagärler maddy zyýan çekmejek bolup, harytlaryny çem gelen ýerde satmaga synanyşýarlar.

"Baýramalynyň bazaryny ýapyp, onuň daşyna demir haýat aýladylar, bazara awtoulag girmez ýaly etdiler. Ýöne satyjylar bazaryň ýapylandygyna garamazdan, polisiýa tarapyndan kowulsalar-da, ýene aýlanyp gelip, bazarda ýa-da onuň töwereginde öz harytlaryny satmaklaryny dowam etdirdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly söwdagär habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, geçen hepdäniň ahyrynda bazaryň töweregine gözegçilik edýän ýol polisiýasynyň sany köpeldildi. Olar bazaryň töwereginde ulaglaryň goýulmagyna rugsat bermediler.

Şondan soň söwdagärler awtoulaglaryny bazaryň golaýyndaky köçelerde goýup, harytlaryny ulaglarynyň içinde satyp başladylar. Bu söwdagärler beýleki azyk we senagat harytlary bilen bir hatarda, esasan okuw egin-eşiklerini we esbaplaryny satýarlar.

"Bu ýerde başagaýlyk... Okuwçy çagalar, hususan-da gyz çagalar köçäniň ugrunda eşikleri deňäp, geýip görmeli bolýarlar. Bir ene "hökümetiň başynda oturan prezident türkmenleri halys masgara etdi" diýip, nägileligini beýan etdi" diýip, söwdagär şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, polisiýa işgärleri bazaryň töweregindäki söwdany hem togtatmaga synanyşýarlar. Olar söwdagärlere "şu günler keselçiligiň juda köpdügini" aýdyp, olardan bu ýerden gitmegi talap edýärler.
"Polisiýa işgärleri "keselçiligiň juda köpdügini hemmämiz bilýäris. Şonuň üçin, gaýrat edip, bu ýere üýşmäň" diýip haýyş edýärler. Ýöne satyjylar "Biziňem hojalygymyzda şol kesel bar. Ýöne biz çöregimizi şu bazardan iýýäris. Çagalarymyzy eklemeli. Dermanlaryň, azyk önümleriniň nyrhyndan habaryňyz ýokmy? Hökümet wirus diýip, bazary ýapsa-da, bize hiç hili maddy goldaw bermeýär" diýip, polisiýa jogap berýärler" diýip, söwdagär şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, habarçymyz welaýatda wirusdan ýogalýanlaryň görnetin artmagy bilen, köp obalarda ölen adamlary jaýlamak üçin öwülýäde mazar gazýan raýatlaryň irdenden tä agşama çenli işleýändigini aýdýar.

"Bir obada her gün azyndan 3-4, käte ondan hem köp adama mazar gazýaryn. Ölýän adamlar örän köp. Men we men ýaly mazar gazýan beýleki ildeşlerim indi her gün öwlüýä gatnap ýörmän, şol ýerde bolubereli diýýäris" diýip, mazar gazýan maryly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň teswirnamasyndan tabşyryklaryň göçürmesidigi aýdylýan maglumatlary çap etdi.

türkmen.news neşiriniň 30-njy awgustdaky habaryna görä, tabşyryklar toparyň şu ýylyň 29-njy awgustynda geçirilen mejlisinde kabul edidi.

Olaryň arasynda şu aşakdakylar bar:

Sentýabr aýynda "Türkmenhowaýollary" agentliginiň hasabyna koronawirusa garşy sanjymy getirmek üçin Hytaýa uçar iberiler. Uçaryň ugry: Türkmenabat-Pekin-Aşgabat.
Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda, ýörite orta bilim berýän edaralarda we orta mekdeplerde (7-11 synp okuwçylary üçin) 1-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda okuwlar distansion tertipde amala aşyrylar. 1,2,3 kurs talyplar sapaklaryna distansion görnüşinde umumy ýaşaýyş jaýlaryndan gatnaşarlar. Paýtagta gelmegi başaran gumanitar we lukmançylyk hünärleriniň 4-nji, 5-nji we 6-njy kurs talyplary (jemi 8852 adam) ýörite otlylar bilen tapgyrlaýyn yzyna iberilmeli.
Möwsümleýin keseliň epidemiýasy ýüze çykan halatynda işgärleri dynç alşa ibermeli. Bu, ilkinji nobatda töwekgelçilikli toparlara girýän işgärlere degişlidir.
Aşgabatdan Türkmenbaşa we ýurduň beýleki şäherlerine uçar gatnawlary günde diňe bir gezek amala aşyrylar.
Daşary ýurtlarda alnan diplomlary ykrar etmek boýunça döwlet synaglarynyň 1-nji noýabra çenli yza süýşürilmegi teklip edilýär.

Azatlyga bu maglumatlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatnak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyndan hem kommentariýa alyp bolmady.

Ýöne bu habar ýurtda 1-nji sentýabrdan başlap giň gerimli karantin çäreleriniň güýje girizilmegine garaşylýandygy barada habarçylarymyzyň beren maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi.
Halkara pul gaznasy Türkmenistana $325 million möçberinde pul serişdesini bölüp berdi

COVID-19 pandemiýasynyň arasynda Halkara pul gaznasynyň dünýä ýurtlary üçin bölüp bermegine garaşylan maliýe serişdeleriniň möçberi mälim boldy. Gurama her döwletiň paýyna düşýän maliýe serişdeleriniň möçberini özüniň resmi web-saýtynda çap etdi. Muňa laýyklykda, Halkara pul gaznasyndan Türkmenistanyň paýyna düşýän maliýe serişdesi 228 million 700 müň SDR-a barabar bolar. Bu möçber dollar hasaby bilen takmynan $325 million dollara barabardyr.

Hasabata görä, Halkara pul gaznasy 190 ýurda jemi $650 millard töweregi pul serişdesini bölüp berýär. Maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi şu ýylyň 23-nji awgustynda öz güýjüne giripdir.

“Bölünip berlen serişdeler ähli agzalaryň ätiýaç gorlaryna bolan uzak möhletli global zerurlygyny çözmek, ynam döretmek we dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça peýdaly bolar” diýip, HPG aýdýar.

Şeýle-de, gurama bu maliýe serişdeleriniň pandemiýa garşy göreşmekde täsirli boljakdygyny aýdýar.

“Bu hususan-da iň gowşak ýurtlaryň COVID-19 pandemiýasynyň täsirine garşy göreşmeklerine ýardam berer” diýip, Halkara pul gaznasy aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurda iberilýän halkara maliýe ýardamlarynyň haýsy pudaklara gönükdirilýändigi barada aç-açan hasabatlar bilen çykyş etmeýär.

Has ozal, iýulyň başlarynda Bütindünýä banky Türkmenistana COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin 20 million dollar möçberinde pul serişdesini karz berdi. Bu barada Bütindünýä bankynyň resmi web-saýty habar berdi.

Maglumata görä, Bütindünýä banky hususan-da Ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygyny üpjün edýän Meýilnamanyň çägindäki ileri tutulýan çäreleri goldar. Bu ýurt derejesindäki koordinasiýany güýçlendirer, howplar baradaky maglumatlar elýeterliligini we ilat bilen aragatnaşygy gowulandyrar, şeýle-de test, garşy göreş, ýokanç kesilleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek mümkinçiliklerini güýçlendirer diýip, beýanatda bellenilýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti şu wagta çenli ýurtda hiç hili COVID-19 hadysasyny resmi taýdan hasaba almady. Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli lukmanlara salgylanyp, şu wagta çenli ýurt boýunça ençeme COVID-19 hadysalarynyň ýüze çykarylandygyny habar berýärler.

Media maglumatlaryna görä, Halkara pul gaznasynyň işgärleri agza ýurtlara 650 millard dollar möçberinde pul serişdesiniň bölünip berilmegini guramanyň dolandyryjy geňeşine mart aýynda teklip etdi.

Halkara pul gaznasy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystana takmynan $1 millard 600 millon, Özbegistana $750 million, Gyrgyzystana $242 million, Täjigistana $236 million dollar möçberinde pul serişdesini bölüp berdi.

Russiýa halkara gaznadan $17 milliard, Türkmenistanyň goňşusy Eýran $4 millard 800 million alar.

Walýuta fondy mundan ozal, 2009-njy ýylda bolan global ykdysady krizisiň dowamynda agza ýurtlara 250 millard dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp beripdi.

SDR Halkara pul gaznasynyň pul birligi bolup, gaznanyň bölüp beren maliýe serişdeleri agza ýurtlaryň merkezi banklaryna ätiýaç gor hökmünde geçirilýär we ýurtlaryň merkezi banklary öz aralarynda bu serişdeleriň üsti bilen hasaplaşyk geçirip bilýär.
"Awaza" syýahatçylara ýapylan mahaly, prezident zolagyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu waka "Awazada" dynç alýan raýatlaryň hiç bir düşündiriş berilmezden, milli syýahatçylyk zolagyndan çykarylmagynyň we sebitiň syýahatçylara ýapylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 30-njy awgustda geçirilen iş maslahatynda Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedowy Awaza etrabynyň häkimi we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşatdy.

Döwlet baştutany munuň sebäplerini düşündirmezden, bu wezipelere Döwlet Rozymyradowiç Jumaýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Berdimuhamedow Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykowy Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Gurbanmyrat Arazgulyýewiç Nyýazowy belledi.

TDH-nyň habarynda bu wezipe çalşygynyň sebäpleri düşündirilmeýär. Ýöne bellesek, bu waka "Awazada" dynç alýan raýatlaryň hiç bir düşündiriş berilmezden, milli syýahatçylyk zolagyndan çykarylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

"27-28-nji awgustda Awazada dynç alýan raýatlar hiç bir sebäp görkezilmezden, sebitden kowuldy. Diňe sebäpsiz däl, eýse syýahatçylaryň beýleki welaýatlardaky öýlerine aşmagyna hem ýardam berilmedi. Olaryň myhmanhanalara tölän pullary hem köýdi, sebäbi ony yzyna gaýtaryp bermediler" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz 31-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Çeşmämiziň sözlerine görä, muňa 25-nji awgustda Aşgabatdan Awaza gelen syýahatçylaryň 4 sanysynda koronawirusyň "delta" görnüşiniň anyklanmagy sebäp boldy.

"Häzir Awazanyň ähli ýerinde dezinfeksiýa işleri geçirilýär. Hatda Awaza şypahanasyny hem ýapdylar. Myhmanhanalarda işleýänleriň ählisini karantine ugratdylar" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Awaza etrap häkimliginden we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň baş müdirliginden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu waka ýurduň dürli künjeginde koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň sanynyň görnetin köpelýän, karantin çäklendirmeleriniň güýçlendirilýän mahalyna gabat geldi.

Habarçymyz myhmanhanalardan duýdansyz çykarylan syýahatçylaryň anyk sanyny anyklap bilmedi. Ýöne ol bu ýagdaýyň ýurduň dürli künjeginden dynç almaga gelen raýtalarda birgiden kynçylyklary döredendigini aýtdy.

Syýahatçylaryň aglabasy, sebitde ýerli uçar we otly gatnawlary kadaly hereket etmeýändigi sebäpli, "Awazadan" çykarylandan soň dessine öýlerine dolanyp bilmedi.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalarynyň arasynda, halkara uçar gatnawlary bilen birlikde, ozal gowşadylan ýerli transport hereketini, şol sanda uçar we otly gatnawlaryny hem çäklendirdiler. ​

Syýahatçylar Türkmenbaşydaky myhmanhanalara ýa-da şäherdäki kwartiralara ýerleşmeli boldular. Habarçymyzyň aýtmagyna görä, bu bolsa myhmanhanalarda otaglaryň "para bilen alynmagyna", kwartiralaryň bir günlük kireýiniň gymmatlamagyna getirdi.

"Bir adam bir gün "Türkmenbaşy" myhmanhanasynda galmak üçin 300 manat, "Çarlak" myhmanhanasynda galmak üçin 500 manat para bermeli boldy. Bu myhmanhanalaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhy 150-280 manada barabar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şäherde kwartiralaryň bir günlük kireýi 400 manada, Aşgabada gidýän taksileriň bir adam üçin kireýi 1000 manada ýetdi.

Bu aralykda, "Awaza" dynç almaga baran syýahatçylaryň myhmanhanalardan çykarylandygy barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem habar berdi.

Garaşsyz neşiriň 30-njy awgustda çap eden habarynda 26-njy awgustda sebitdäki polisiýa işgärleriniň Awaza syýahatçylyk zolagynyň girelgesini syýahatçylara ýapandygy habar berildi.
"27-nji awgustda myhmanhananyň işgärleri we polisiýa [işgärleri] adamlardan agşam sagat 6-a çenli otaglaryny boşatmagy soradylar. Şol günden başlap "Awaza" myhmanhanalaryň işgärleri hem goýberilmedi" diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Bellesek, şu aýyň dowamynda "Awaza" syýahatçylyk zolagy indi ikinji gezek syýahatçylara ýapyldy. Şu aýyň birinji ongünlüginde "Awazanyň" syýahatçylara ýapylmagyna sebitde prezident Berdimuhamedowyň we başga-da birnäçe ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda halkara çäreleriniň geçirilmegi sebäp bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri "Awaza" syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylara ýapylmagy barada ne şu aýyň başynda, ne-de häzirki pursatda habar berýärler.

Türkmenistan pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar.
Mary. Giň ýaýran pagta ogurlygy täze 'belentliklere' çykýar

Türkmenistanda gurak gelen ýylda kynçylyk bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýygnalmaga başlanmagy bilen, sowet ýyllaryndan bäri adat bolan we soňky ýyllarda has güýçlenen pagta ogurlygy hem başlandy. Ýöne ozal pagta diňe döwlet harmanyna tabşyrylýan wagty, terezide ogurlanan bolsa, indi meýdandan hem ogurlanyp başlady. Maryda gowaça eken kärendeçiler kyn şertlerde ýetişdiren pagta hasyllarynyň potrat ýerlerinden ogurlanýandygyny aýdýarlar. Mundan öň MHM, ykdysady çökgünlik ýyllarynda güýçlenen ogurlyk zerarly, däneli ekinleri garawullamaly bolýardy.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe potratçynyň tassyklamagyna görä, daýhanlaryň ýygan pagtalary meýdandan ogurlanýar we häkimiýetler bu ogurlygy käte kärendeçileriň özlerinden görýärler.

Bu ýyl suw gaty gyt boldy, gowaça ekelimiz bäri, potrat ýerlerimizi ine-gana suwaryp bilmän kösendik, ýogsa bizden suw nasoslary üçin 50 manatdan pul hem aldylar. Dogry, döwüldi diýilýän nasoslar şondan soň işledi, ýöne olar gowaça eken daýhanlaryň potrat ýerlerine däl-de, hususy telekeçilik bilen meşgullanýan adamlaryň ekin meýdanlaryna suw çykardy diýip, daýhanlar aýdýar.

Aýdylmagyna görä, hususy telekeçiler başlyklar bilen gürleşip, öz ýerlerine ýorunja, mekgejöwen ekipdirler. Netijede, olar öz gerek suwlaryny alypdyrlar. Emma şu ýyla geçip, biziň potrat ýerlerimiz bir gezegem süýji suw içmedi, zeýkeşlerden, şor kanaldan alnan suw bilen suwarylan gowaçalar igli boldy, ýeterlik boý almady diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran maryly kärendeçi Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Bu ýagdaýy aýry-aýrylykda gürleşilen beýleki kärendeçiler hem tassyk etdi.

Nasos bilen sorduryp, zeýkeş suwuny berdiler, ýöne onam potrat ýerlerimiziň aňry başyna çenli suw çykýança bermediler, 'suw berdikmi-berdik' etdiler, gowaçamyz göýdük boldy, bir goza düwmedik ýerleri hem bar, gowaçanyň asla gögermedik ýeri hem kän, hasyl gaty az boldy diýip, habarçy bilen gürleşen kärendeçi aýtdy.

Bolanja pagtany adam tutup, her kilogramyna jübimizden 30 teňňe nagt pul töläp ýygdyrýarys, ýygylan pagtalary gowaça meýdanlaryndan daşaryk daşar ýaly hem adam tutýarys, soň ol pagtalary ulag tutup, öýümize daşaýarys, sebäbi her gün pagta bazasyna äkider ýaly pagta çykanok diýip, kärendeçi gürrüňini dowam etdirdi.

Öňki ýyllarda 3 gektar pagta meýdanyndan bir günde 2 tonna pagta ýygan bolsam, bu ýyl 4 gektar ýerimden bir günde 1 tonna hem däl, bolubilse 700-800 kilogram pagta alýaryn; pagta bazasy 3-4 tonna pagta bolmasa, ulag ibermegi kyn görýär ýa-da gelse, ýyl aýagynda uly möçberde pul tutýar.

"Teleşgeli traktory çagyrmasaňam pul tutýarlar, emma edil çagyraňdaky ýaly kän tutmaýarlar; pagta bazasyna eltip çekdireňde, terezide oýun baryny edip, elten pagtaň kilogramyny kemeldýärler, ondan daşary bolsa, her 1 tonna pagtadan, hapalygy, çyglygy üçin diýip, 300 kilogram kemeldýärler" diýip, kärendeçiler terezide edilýän adalatsyzlykdan ýylyň-ýylyna nägilelik bildirýärler, emma bu mesele ne hökümet mejlislerinde, ne-de döwlet eýeçiligindäki metbugatda agzalýar.

Bir hepde ýygylan pagtany işigime getirdip, soň pulum bolman, dört gün ýygylan pagtany meýdanda goýup, gijelerine üstünde ýatdym; emma bir gün ýuwunmaga gaýdyp, ertesi irden ýygymçylar bilen potrat ýerime barsam, dört gün ýygan pagtam ýok eken, ogurlanypdyr diýip, Baýramaly etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň ýaşaýjysy aýdýar.

Ýöne ol başlykdan kömek soramaga baranda bu ogurlygyň giň ýaýrandygyny, üstesine özüniň hem aýyplanyp biljegini bilipdir.

Baýramalynyň Çandybil, Azat geňeşliklerinde, Murgap etrabynyň Nurana (öňki Kirow), Ylham daýhan birleşiklerinde, Mary etrabynyň Gres, Azalow, Babadaýhan (öňki Kalinin) hojalyklarynda, Watan daýhan birleşiginiň Adalat geňeşliginde, Wekilbazar etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginde, Akgoňur daýhan birleşiginde... pagta ogurlandy, umuman, ähli etrapda bar, diňe seniň pagtaň ogurlanmady diýip, başlyk kärendeçä aýdýar we, bellisi ýok, pagtaňy özüň ogurlap, birine satan bolmagyň ýa gyşda mala bermek üçin bukan bolmagyň hem mümkin, ony entäk bileris diýýär.
Maglumat üçin aýdylsa, pagta ýygym möwsümlerinde terezide edilýän emeller we pagtaçynyň hasabyna toplanýan ummasyz uly serişdeler sowet döwründen bäri açyk syr bolup galýar. Sowet döwründe bu mesele çalarak derňelip başlan hem bolsa, garaşsyzlyk ýyllarynda doly başyna goýberildi ýa-da häkimiýetleriň öz gözegçiliginde çuňlaşdyryldy diýip, synçylar aýdýar.

Pagtanyň diňe pagta bazasynda däl, meýdanda, kärende ýerlerinde hem ogurlanyp başlanmagy bu ýyldaky pagta ýygymynyň esasy aýratynlygy boljaga meňzeýär.
Ahal nomerli awtoulaglar Aşgabatdan çykarylýar

Aşgabatda, paýtagta degişli bolmadyk belgili awtoulaglar üçin hereket çäklendirmeleri ýene-de güýçlendirildi. Bu gezek paýtagtyň polisiýasy Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili ulaglary tutýar. Polisiýa işgärleri gadagançylygyň sebäbini düşündirmeýär.

Döwlet ýol gözegçilik polisiýasy, Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili awtoulaglary köp saklaýar, ähli ýolagçylary düşürýär we sürüjileri şäherden çykmaga mejbur edýär.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Ahal nomerli ulagy saklan polisiýa işgärleri ulagda oturan ähli ýolagçylary geçip barýan taksileri saklap, olara mündürýär, saklanan ahally awtoulagy bolsa şäheri terk etmäge mejbur edýär. Şeýlelikde, şäher taksisine mündürlen adamlaryň ählisi bir ulagyň içinde şäheri aýlanyp, şol barmaly ýerine aşmaly bolýarlar we muny öz hasabyna töleýärler.

"Awtoulagda näçe adamyň bardygy we nirä barýandyklary hiç kim üçin möhüm däl, olaryň hemmesini bir takside ugradýarlar, soň bolsa olar şäheri aýlanýarlar we syýahaty üçin goşmaça töleg töleýärler" -diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Ahal nomerli awtoulaglaryň sürüjilerine bolsa, paýtagtda gatnamagyň olar üçin gadagan edilendigi barada aýdylýar we şäheri terk etmek talap edilýär. Şeýle-de, olara indiki gezek tutulan ýagdaýynda uly jerime salynjagy we awtoulag duralgasyna eltiljegi duýdurylýar.

Paýtagtyň ýol gözegçilik polisiýasynyň müdirliginde bu gadagançylygyň sebäplerini anyklap bolmady.

Azatlygyň anonim çeşmeleri bolsa, sebit belgileri bolan awtoulaglaryň paýtagtda gatnamagynyň gadagan edilmegini ýurduň 27-nji sentýabrda belleýän Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk bilen baglanyşdyrýar.

Geçen ýyllaryň tejribesinden, häkimiýetler döwlet baýramçylyklarynyň, uly sport ýaryşlarynyň ýa-da häkimiýetler üçin möhüm bolan beýleki çäreleriň öňüsyrasynda Aşgabada girmegi gadagan edýärler ýa-da çäklendirýärler. Çäklendirmeler hususy awtoulaglar we paýtagta degişli bolmadyk taksiler babatynda girizilýär. Her gezek täze çäklendirme girizilende taksileriň bahasy ýokarlanýar.

Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda sebit belgili awtoulaglaryň hereketine girizilen çäklendirme koronawirus keseliniň öň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegine gabat geldi.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, Aşgabatda COVID-19 ýokaşan adamlaryň sanynyň ep-esli artmagy bilen birlikde gündelik ölüm derejesi 70 adamdan geçýär. Paýtagtyň keselhanalary hassalardan hyryn-dykyn.

Keseliň ýaýramagy sebitlerde-de möwjeýär. Birnäçe ýaşaýyş zolagy girip-çykmak üçin tutuş ýapyldy.

Soňky günlerde koronawirus keseliniň we ölüm derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagy baradaky habarlaryň arasynda tutuş ýurt boýunça keselhanalar, bazarlar, söwda merkezleri we hyzmat pudagy karantine ýapyldy.

Türkmenabat şäherinde karantin çäreleri güýçlendirilýär, ähli söwda merkezleri we hyzmat kärhanalary ýapylýar, diňe dermanhanalar we bir bazar açyklygyna galýar. Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen häkimiýetleri pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýekeje-de hadysasynyň tapylmandygyny öňe sürýärler.

Döwlet habar beriş serişdeleri ýurt boýunça girizilýän çäklendirmeler barada hiç bir habar bermediler. Ilat nobatdaky çäklendirmeler barada diňe ýüzbe-ýüz bolan halatynda bilip galýar.
COVID-19 hadysalary gürelýän mahaly, ýurduň ýokary synp okuwçylarynyň dynç alyşlary uzaldyldy

Türkmenistanda COVID-19 hadysalary ozal görlüp-eşidilmedik derejede gürelýän, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda sapaklar bölekleýin onlaýn tertibe geçirilen mahaly, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň dynç alyş möhleti uzaldyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabatdan, Mary, Lebap we Balkan welaýatlaryndan habar berýärler.

"Aşgabatda wirus bilen baglanyşykly ýagdaý gaty erbet. Hassahanalara wirus ýokuşan adamlar yzygiderli getirilýär. Her iki adamdan biri kesel diýsek hem bolar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly saglyk işgäri 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Paýtagtdaky beýleki bir habarçymyz wirusdan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň müdiriniň hem koronawirusdan ýogalandygyny habar berýär.

Çagalary bu mekdepde okaýan aşgabatly ene-atalaryň habarçymyza aýtmagyna görä, mundan birnäçe gün öň mekdebiň bilim resmileri müdir Systsowa Natalýa Konstantinownanyň we onuň ejesiniň koronawirus bilen keselläp, hassahana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

"Şu gün irden geçirilen lineýkada Natalýa Systsowanyň ölendigini yglan etdiler. Onuň şol bir mekdepde işleýän ejesi hassahananyň intensiw bejergi bölüminde bejergi alýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ene-atalaryň biri 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada agzalýan mekdepden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, Mary welaýatynda hem giňden ýaýraýan wirusdan 31-nji awgustda azyndan 60 adam öldi. Bu barada welaýatyň saglyk müdirligindäki çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

"Bu diňe resmi san bolup, olaryň saglyk depderçelerine pnewmaniýadan ýogalandygy ýazylýar. Wirusdan näçe adamyň ölýändigi anyk belli däl, sebäbi syrkawlaryň köpüsi öýlerinde bejergi alýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Beýleki bir maryly habarçymyz hassahanalarda özleriniň saglygyny barlatmak üçin nobata duran adamlaryň sanynyň örän köpdügini, keselhanalaryň koridorlaryndan geçer ýaly däldigini habar berýär.

"Adamlaryň iki metr aralygy saklamagyna mümkinçilik ýok. Adamlar şeýle kän welin, olar biri-birine örän ýakyn dur" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz wirus bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen, dermanhanalaryň öňünde uly nobatlaryň emele gelendigini, ýöne nobata duran adamlaryň köpüsinde dermanlary satyn almaga puluň ýokdugyny hem aýdýar.

"Adamlaryň köpüsi dermanhanalaryň eýelerine öz pasportlaryny goýup gitjekdiklerini aýdyp, olardan dermanlary karzyna bermegi soraýarlar. Dermanlar gymmat we tapdyrmaýar. Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän adamlar pulsuzlykdan we alaçsyzlykdan näme etjeklerini bilmeýärler. Käbir adamlar özlerine derman ýazylyp berlen kagyza seredip, göz ýaşlaryny saklap bilmeýärler" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz häkimiýetleriň indi hususy eýeçilikdäki azyk dükanlaryny we söwda nokatlaryny hem ýapyp başlandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, indi diňe döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlary işlemeli. Polisiýa işgärleri hususyýetçilere aýlanyp, olaryň ählisiniň dükanlaryny ýapdyrýar.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz hem, sebitde karantin çäreleriniň güýçlendirilendigini, polisiýa işgärleriniň köçelerde maskasyz raýatlary "awlaýandygyny" habar berýär. Maska geýmedik raýatlara 101 manat jerime salynýar.

Mundan başga-da, ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde azyk harytlaryny satýan dükanlardan başga, ilata hyzmat ediş nokatlarynyň tas ählisi, şol sanda barlar, kafeler we restoranlar ýapyldy.

Lebapdaky habarçymyz welaýatyň Farap etrabynda karantin çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlendirilendigini aýdýar. Ýatlatsak, 12-nji iýulda karantine alnan etrapda 26-njy awgustdan başlap çäklendirmeler gowşadylypdy.
"30-njy awgustda Farap-Türkmenabat köprüsini ýene ýapdylar. Farap şäherçesine geçmek üçin soňky 72 sagadyň dowamynda edilen testiň negatiw netijesini görkezmeli" diýip, ýagdaýdan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu habarlaryň arasynda, sebitdäki ynamdar çeşmämiz Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Lebap welaýatdaky bölüminiň baş lukmanynyň tussag edilendigini habar berýär.

"Ol 27-nji awgustda derňew üçin Aşgabada alnyp gidildi. Onuň wirusyň ýaýramagyna garşy ýeterlik çäre görmändigi aýdylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 1-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan we onuň Lebapdaky edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçylarymyzyň tas ählisi ýurtda ilata döwlet tarapyndan urulýan waksina sanjymlarynyň hem ýetmezçilik edýändigini aýdýar. Ýöne olar käbir tölegli waksinalary bolsa, urduryp bolýandygyny belleýärler. Tölegli waksinalaryň her biri 600 manada barabar. Bu dollaryň resmi kursunda $170, gara bazaryň nyrhynda $17 deňdir.

Türkmenistanda wirus hadysalary görnetin gürelýän mahaly, 1-nji sentýabrda ýurtda täze okuw ýyly başlandy. Ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýan häkimiýetler şu ýyl ÝOJ-larda, orta hünär okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerde okuwlaryň nähili tertipde boljakdygyny resmi derejede yglan etmeýärler.

Ýöne Azatlygyň ýurduň dürli künjegindäki habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, ÝOJ-larda okuwlar onlaýn tertipde geçmeli edildi.

Orta mekdepleriň 1-6-njy synp okuwçylary mekdeplerde sapak geçip başladylar. Şol bir wagtda, 7-11-nji synp okuwçylaryň dynç alyş möhleti 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Adatça mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlary iýun aýynyň başyndan 1-nji sentýabra çenli dowam edýär.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, ýurduň orta hünär okuw mekdeplerinde hem sapaklara 1-nji oktýabrda başlamaly edildi.

"Häzir 1-nji oktýabrdan başlap orta mekdeplerde sapaklary onlaýn tertipde geçmek barada maslahat edilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly bilim işgäri aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, Internetiň tizligi boýunça dünýäde iň soňky orunlary eýeleýän we köp ýyllyklaryň dowamynda Interneti berk çäklendirip gelýän Türkmenistanyň bilim pudagyny onlaýn usula geçirmek mümkinçilikleri nämälimliginde galýar.

Ýatlatsak, geçen ýyl pandemiýa sebäpli Türkmenistana dolanan türkmen talyplarynyň ençemesi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde ýurtda Internetiň hiliniň juda pesligi sebäpli daşary ýurtlardaky okuwlaryny onlaýn dowam etdirmekde kynçylyk çekýändiklerini gürrüň beripdiler.

Bu habarlaryň arasynda, Marydaky we Lebapdaky habarçylarymyz wirusyň ýokuşmagyndan alada edýän ene-atalaryň köpüsiniň öz çagalaryny mekdebe we çagalar bagyna ibermek islemeýändigini habar berdiler.

"Mekdepleriň girelgelerinde antisanitariýa düzgünleri berk berjaý edilýär. Ähli okuwçylar ellerini dezinfeksiýa bilen arassalamaly. Olaryň ýüzünde hökman maska bolmaly. Her okuwçy aýratyn bir partada oturmaly. Sapaklar gysgaldylan tertipde geçirildi. Muňa garamazdan, 1-nji sentýabrda mekdeplere we çagalar baglaryna baran çagalaryň sany juda az boldy" diýip, maryly bir bilim işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Aşgabatda azyk paýlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlik emele geldi

Aşgabat şäherinde subsidirlenen azyk harytlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlikler ýüze çykdy. Paýtagtyň ençeme etrapçasynyň ýaşaýjylaryna awgustyň soňky ongünlüginde paýlanmaly azyk önümleri heniz-de eltilip berilmeýär. Häkimiýetler munuň sebäplerini düşündirmän, indi subsidirlenen azyk önümleriniň aýda bir gezek paýlanjakdygyny duýdurýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary “gizlemek” tagallalarynyň çäginde, maý aýynyň başyndan Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini hojalyklara eltip bermek işlerini ýola goýdy. Bu tagallalaryň çäginde soňky aýlarda ilata azyk önümleri bir aýda üç gezek - her 10 günde bir sapar - paýlanýardy.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň Parahat, şeýle-de 11-nji we 30-njy etrapçalarynyň ýaşaýjylary subsidirlenen önümleriň nobatdaky tapgyrynyň 30-31-nji awgustda getirilmegine garaşýardylar.

Ýöne bu çäre öz wagtynda amala aşyrylmansoň, ýaşaýjylaryň ençemesi özlerine degişli dükanlara jaň edip, munuň sebäpleri bilen gyzyklandylar.

Dükan resmileri subsidirlenen azyk önümleriniň näme sebäpden awgustyň üçünji ongünlüginde paýlanmandygyny düşündirmezden, indi bu harytlaryň aýda bir gezek eltilip beriljekdigini duýdurdylar.

"Biz azyk önümleriniň soňky gezek awgustyň 20-21-ne paýlanandygyny aýdyp, munuň sebäplerini soranymyzda, dükan resmileri özlerine iberilýän azygyň mukdarynyň azaldylýandygyny aýtdylar. Şeýle-de, olar "indi gowy bolan ýagdaýynda, size aýda bir gezek azyk paýlanar" diýdiler. Ýöne awgustyň soňky ongünlügine degişli azygyň näme üçin berilmeýändigine hiç hili jogap bermediler" diýip, efirde adynyň Maýsa diýlip tutulmagyny soran aşgabatly ýaşaýjy 1-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol ýakynda ýaşaýjylaryň ençemesiniň üýşüp, köpçülikleýin arza ýazandygyny we ýurduň Adalat ministrligine barandygyny hem aýtdy. "Ýöne ýaşaýjylary bu ýerde kabul etmän, ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine iberdiler" diýip, ol belledi.

Bu aralykda, habarçymyz 1-nji awgustda giçlik paýtagtyň Gaudan etrapçasynyň ýaşaýjylaryna subsidirlenen azyk önümleriniň hatarynda berilýän towuk buduna derek bir sany kiçi towugyň paýlanandygyny habar berdi.

"Towugyň reňki göm-gök bolup, ony iýer ýaly däl eken" diýip, sebitiň ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak başartmady.

Bellesek, Türkmenistanda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit paýyna girýän önümler - towuk budy, ösümlik ýagy, şeker we ýumurtga - subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümler hususyýetçilerde iki-üç esse gymmat nyrhdan bahalanýar.

Türkmenistanda soňky dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Bu kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, hususy söwda nokatlaryndaky aşa gymmat bahalar köp maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar.

Munuň bilen bagly, döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary, käte olaryň arasynda ýakalaşyklar hem emele gelýär. Türkmen häkimiýetleri bu nobatlary ýaşyryp, ýakalaşyklaryň öňüni almak maksady bilen, maýyň başlarynda Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini hojalyklara eltip bermek işlerini ýola goýdy.

Şondan bäri Azatlygyň habarçylary öýlere haryt paýlamakdaky bökdençlikler, şol sanda olaryň kadasyz ýygylygy barada habar berdiler.

Häkimiýetler ilkibaşda hepdede bir gezek iýmit paýlanylmagyny ýola goýmaga synanyşdylar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar azyk önümleriniň kadasyz paýlanýandygyny, maý we iýun aýlarynyň dowamynda paýtagtyň köp etrabynda bary-ýogy iki gezek azyk paýlanandygyny aýdypdylar.

Bu aralykda, Aşgabat şäherinde subsidirlenen azyk harytlaryny hojalyklara paýlamak işlerinde ýene bökdençlikleriň emele gelendigi barada turkmen.news neşiri hem habar berýär.
"Meniň maşgalama ösümlik ýagy diňe bir hepdä ýetýär. Indi aýda bir gezek paýlansa, nädip ýaşamaly?" diýip, garaşsyz neşir özüniň 2-nji awgustda çap eden maglumatynda aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerini sitirleýär.

Bellesek, ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan nobatdaky azyk ýeter-ýetmezçiligi Türkmenistanyň daşary döwletlere ynsanperwer kömegini iberýän mahalyna gabat geldi.

"2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr" diýlip, ýurduň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Mundan ozal, has takygy 13-nji awgustda Berdimuhamedow Türkiýä ynsanperwer kömegini ibermek baradaky karara gol çekipdi.
COVID-19. Ýogalýanlara tabyt ýetişmeýär, mekdep sapaklary bir aý yza süýşürilýär

Türkmenistanda COVID-19 keseliniň görlüp-eşidilmedik derejede ýaýramagy dowam edýär. Hökümet koronawirusyň ýaýramagyny inkär etmegini dowam etdirse-de, Türkmenistandaky orta mekdeplerde sapaklar azyndan bir aý yza süýşürildi we jaýlanyş hyzmatlaryny üpjün edýän kärhanalar jaýlanyş çärelerini hem tabyt önümçiligini üpjün etmäge ýetişmeýärler.

Türkmenistanyň paýtagtynda ölüm derejesiniň ep-esli ýokarlanmagy zerarly merhumlary jaýlamak hyzmatlary üpjün edýän kärhanalar gyssagly ýagdaýda işleýärler we merhumlary jaýlamak boýunça gyssagly alyp barýan işlerinde ýetişiksiz güne galýarlar.

"Günortandan öň biz ýedi tabyt taýýarlamaly. Howdan etrapçasynda hristian däplerine görä jaýlanmaly kowidden ölen 7 adam bar" -diýip, tabyt ýasaýan kärhananyň işgäri 2-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Bu wagt, 2-nji sentýabrda, Çoganly gonamçylygynda, Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň müdiriniň jaýlanmagy üçin mazar taýýarlandy. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, jaýlanyş çäresi 3-nji sentýabrda geçiriler.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda A.S. Puşkin adandaky rus-türkmen mekdebini direktory Ýelena Konstantinowna Sistsowanyň 1-nji sentýabrda aradan çykandygyny habar berdi. Ilçihananyň resmi habarynda onuň ölüminiň sebäbi görkezilmedi.

Aşgabatdaky rus-türkmen mekdebiniň okuwçylarynyň ene-atalarynyň Azatlyga aýtmagyna görä, birnäçe gün ozal mekdep direktory Ýelena Sistsowanyň we onuň bu mekdepde işlän ejesiniň koronawirus bilen keselhana ýerleşdirilendigi habar berlipdir. 1-nji sentýabrda onuň ölümi mekdep ýygnagynda yglan edilipdir. Müdiriň ejesi reanimasiýada galýar.

Bu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmelerine görä, 2-nji sentýabrda Aşgabadyň etegindäki Çoganly gonamçylygynda jemi 60 sany gubur gazylypdyr.

Merhumlary jaýlamak hyzmatlaryny üpjün edýän kärhanalaryň işgärleriniň sözlerine görä, gyssagly ýasalýan tabytlar henizem hemmeler üçin ýeterlik däl. Tabyt ýetmezçiliginden başga-da, maddy serişdesi bolmadyk adamlar plastik paketlerde jaýlanýar.

Merhumlary jaýlamak hyzmatlaryny üpjün edýän kärhanalarda işgärler ýörite eşiklerde, ýüzi gorag bilen örtülen, elleri ellikli tabyt ýasaýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

"Jaýlanyş hyzmatlary gullugynyň başlygy çykyp, işçilere tarap öwrüldi: 'ýigitler, dowam ediň, günortanlyk naharyndan öň 7 sany tabyt taýýarlamaly, ondan soň mümkin boldugyça has köpüsini ýasamaly. Morgda jesetler köp bolansoň, bu tabytlar diňe garyndaşlary tabytlary ýasatmaga tanyşlygy bolanlar üçindir. Merhumlaryň garyndaşlary bolmasa, olar plastik paketlerde jaýlanarlar' diýdi" diýip, kärhananyň işgäri gürrüň berdi.

"Tükrmenistanyň Hronikasy" neşirine görä, soňky günlerde jaýlanyş we ýas çäreleriniň sanynyň ep-esli artmagy bu maksatlar üçin kärendesine alynýan çadyrlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bir günde kärende tölegi 1400-den 1600 manata çenli ýokarlandy.

Dabaralar, toýlar we ýubileýler bu günlerde gadagan. Şeýle-de bolsa, çadyrlaryň eýeleri, tersine, hyzmatlara islegleriň azalmaýandygyny öňe sürýärler, diýip neşir belleýär.

"Türkmen.news" onlaýn neşiri bolsa, ýurtda tabytlaryň bahasynyň ýylyň dowamynda 1200-den 1500 manata çenli ýokarlandygyny we käbir maşgalalarda hatda iň ýönekeý jaýlanyş dabarasy üçin-de ýeterlik puluň ýokdugyny habar berdi.

Ýurduň hemme ýerinde koronawirus keseliniň ýaýramagy we ondan ölüm hadysalary köpeldi. Paýtagtdaky we sebitdäki hassahanalaryň köpüsi täze hassalary kabul edip bilmeýär. Köp hassalar öýde bejergi almaly bolýarlar.

Ýurtda koronawirus keseliniň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bolsa, karantin çäklendirmelerini girizmegi we berkitmegi dowam etdirýärler.
Berk maska režimini saklamaga berk gözegçilik edilýär. Gurluşyk materiallary, egin-eşik we awtoulag bazarlary, guş bazarlary, sanitar-tehniki we elektronika dükanlary, tikinçilik dükanlary, dellekhanalar we gözellik salonlary ýurduň köp ýerinde ýapylýar. Şeýle hem, awtoulag ýuwulýan ýerler, kafeler, naharhanalar we banket zallary ýapyk.

Ýurduň uniwersitetleri bölekleýin onlaýn okuw tertibine geçirildi. Orta mekdeplerde bilim wagtlaýynça togtadyldy.

2-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysy birinji synpdan bäşinji synpa çenli başlangyç klas okuwçylarynyň birnäçe şäher mekdebine ýygnanandygyny we 1-nji oktýabra çenli başlangyç synplarda okuwyň bolmajakdygynyň habar berlendigini aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, oba ýerlerinde häkimiýetler adamlaryň üýşmeginiň öňüni almak üçin wagyz edýärler. Wagyz-nesihat işlerine çekilýän ýaşulular ilat bilen duşuşyk geçirýärler we köpçülik bolup ýygnanmazlyga, ýas ýerlerine barmazlyga ündeýärler we adamlara ýygnamagyň "gadagandygyny" düşündirýärler.

Bu aralykda, Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Resmi dabaralar mynasybetli häkimiýetler öňküsi ýaly köpçüligi ýygnamak we ýörişleri guramak däbinden el çekmeýärler. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy bilen Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby parad geçiriler.